Ester 6:1—14

  • Mordekaýa sylag⁠-⁠serpaý ýapylýar (1—14)

6  Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmedi*. Şonda ol taryhy ýazgylary+ getirmegi buýurdy; olary patyşa okap berdiler.  Kitapda şanyň iki emeldary, derwezebanlar Bigtan bilen Tereşiň Haşaýar patyşany öldürmek üçin dil düwşendigi we muny Mordekaýyň habar berendigi ýazylgy eken+.  Patyşa: «Mordekaýa näme sylag⁠-⁠serpaý ýapyldy?» diýip sorady. Patyşanyň geňeşçileri*: «Hiç zat edilmedi» diýdiler.  Soňra patyşa: «Howluda kim bar?» diýip sorady. Şol wagt köşgüň daşky howlusynda+ Haman durdy. Ol Mordekaýy diken pürsünde asdyrmak üçin patyşa bilen gepleşmäge gelipdi+.  Patyşanyň geňeşçileri: «Howluda Haman+ bar» diýdiler. Patyşa hem: «Goý, girsin!» diýdi.  Haman içeri girende, patyşa ondan: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adama näme edilse gowy bolar?» diýip sorady. Haman: «Menden başga patyşanyň hormatyna kim mynasyp bolsun?!»+ diýip pikir etdi.  Şonuň üçinem ol patyşa şeýle diýdi: «Patyşanyň hormatyna mynasyp adam üçin  şa lybasyny+ we owadan şaý⁠-⁠sepli şa atyny getirsinler.  Patyşanyň iň atly⁠-⁠abraýly han⁠-⁠beglerinden biri şa lybasyny we atyny alsyn. Ol şa lybasyny patyşanyň hormatyna mynasyp adama geýdirsin we ata mündürsin, şäher meýdançasynda* aýlap: „Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!“+ diýip gygyrsyn». 10  Şonda patyşa Hamana: «Haýal etmän şa lybasy bilen aty al⁠-⁠da, ähli aýdan zadyňy köşk derwezesinde oturan ýehudy Mordekaýa et. Ýaňky aýdanlaryňdan birini⁠-⁠de ýatdan çykarma» diýdi. 11  Haman şa lybasyny Mordekaýa+ geýdirdi we ata mündürip, şäher meýdançasynda aýlap: «Ine, patyşanyň hormatyna mynasyp adama şeýle edilýändir!» diýip gygyrdy. 12  Soňra Mordekaý ýene⁠-⁠de köşk derwezesine bardy, Haman bolsa utanjyndan ýaňa başyny örtdi we howlugyp öýüne gitdi. 13  Haman başyndan geçen ähli zady aýaly Zereşe+ hem⁠-⁠de dostlaryna gürrüň berdi. Şonda maslahatçylary we aýaly Zereş: «Eger Mordekaý ýehudy* bolsa, ondan üstün çykyp bilmersiň. Abraýy artan bolsa, ondan ýeňlersiň» diýdiler. 14  Olar heniz gepleşip durkalar, köşk emeldarlary gelip, Hamany Esteriň gurnan oturylyşygyna gyssagly alyp gitdiler+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ukusy gaçdy.
Ýa⁠-⁠da: maslahatçylary; ynamdar hyzmatkärleri.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: ýehudylaryň tohumyndan.