Efesliler 3:1—21

  • Başga milletler hakda mukaddes syr (1—13)

    • Başga milletler hem mirasdüşer (6)

    • Hudaýyň ebedi niýeti (11)

  • Efesliler üçin edilen doga (14—21)

3  Isa Mesih üçin we siziň, ýagny ýehudy dälleriň peýdasy üçin türmede oturan men Pawlus+...  Hudaýyň ýagşylygy arkaly size kömek etmek üçin jogapkärçilik alandygymy eşidensiňiz+.  Hawa, Hudaý maňa mukaddes syryny açdy. Men ol hakda size öň hem gysgaça ýazypdym.  Siz haty okap, Mesih baradaky mukaddes syra+ çuňňur düşünýändigimi bilersiňiz.  Syr öňki nesillere açylmandy. Häzir bolsa Hudaý syry ruhy arkaly mukaddes resullaryna we pygamberlerine açdy+.  Syr şundan ybarat: Isa Mesihiň başga milletli şägirtleri onuň mirasyna şärik bolup, bir bedeniň agzalary bolarlar+. Olar hem biziň ýaly hoş habar arkaly Hudaýyň beren wadasyna gowşarlar.  Men Hudaýyň ýagşylyk edendigi üçin mukaddes syry düşündirýän gullukçy boldum. Hudaý şol ýagşylygyny güýji arkaly berdi+.  Mukaddesleriň iň kiçisi+ bolan maňa⁠-⁠da ýagşylyk edildi+. Şonuň üçin men halklara Mesihiň gözýetmez baýlygy hakdaky hoş habary wagyz etmeli.  Şeýle⁠-⁠de men adamlara Hudaýyň mukaddes syrynyň+ ýerine ýetişini düşündirmeli. Ähli zady ýaradan Hudaý syry asyrlarboýy gizlin saklapdy. 10  Hudaý muny ýygnak arkaly+ gökdäki hökümetlere we häkimiýetlere akyldarlygyny dürli ýollar bilen açmak üçin+ edipdi. 11  Emma Hudaý muny Halypamyz Isa Mesih babatdaky ebedi niýetine görä+ amala aşyrdy. 12  Şol sebäpli Mesihe iman edýändigimiz üçin ynamly gepläp, Hudaýa ýakynlaşyp bilýäris+. 13  Siziň üçin kynçylyk çeksem⁠-⁠de, eliňizi gowşatmaň, sebäbi çekýän kynçylyklarym sizi şan⁠-⁠şöhrata ýetirer+. 14  Şonuň üçin hem Atamyň öňünde dyza çöküp doga edýärin. 15  Sebäbi gökdäki we ýerdäki her bir maşgalany Hudaý döredendir*. 16  Men şan⁠-⁠şöhratly Hudaýdan ruhy arkaly içki dünýäňiziň* berk bolmagyny+ dileýärin. 17  Şeýle⁠-⁠de imanyňyz arkaly Mesihiň söýgi bilen ýürekleriňizde ýaşamagyny dileýärin+. Imanyňyz hem kök ursun+ we berk bolsun+. 18  Şonda siz ähli mukaddesler bilen hakykatyň giňligine, uzynlygyna, beýikligine we çuňlugyna doly düşünersiňiz. 19  Şeýle⁠-⁠de bilimden ýokary bolan Mesihiň söýgüsine+ düşünmegiňizi isleýärin, şonda Hudaýyň häsiýetlerini öwrenersiňiz. 20  Hawa, bize täsir edýän güýji arkaly+ Hudaý dileýän we düşünýän zatlarymyzdan⁠-⁠da has köp zatlary edip bilýär+. 21  Goý, ýygnak we Isa Mesih arkaly Hudaýa nesilden⁠-⁠nesle baky hem ebedi şöhrat bolsun! Omyn!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: maşgala Hudaýdan at alandyr.
Ýa⁠-⁠da: ýüregiňiziň.