Sepanýa 3:1—20

  • Iýerusalim — gozgalaňçy, haram şäher (1—7)

  • Höküm we dikeldiliş (8—20)

    • Arassa dil (9)

    • Kiçigöwünli we ýumşak adamlar halas bolar (12)

    • Ýehowa Siona guwanyp şatlanar (17)

3  Gozgalaňçy, haram we zalym şäheriň gününe waý!+   Ol gulak asmady+, terbiýäni kabul etmedi+, Ýehowa bil baglamady+, Hudaýyna ýakynlaşmady+.   Han⁠-⁠begleri arslan kimin arlaýar+, Kazylary gijesine enteýän möjek kimin,Daňdana çenli süňkleri gemrip gutarýar.   Pygamberleri tekepbirlik we dönüklik edýär+, Ruhanylary mukaddes zatlary haramlaýar+,Kanuny bozýar+.   Dogruçyl Hudaý Ýehowa şäherde+ adalatsyzlyk etmeýär+. Daňyň hemişe atyşy ýaly,Her säher hökümlerini yglan edýär. Emma zalym adamlar utanç⁠-⁠haýany bilmeýär+.   «Men milletleri ýok etdim, diňlerini weýran etdim. Köçeleri boşap galdy, indi hiç kim ýöremez. Şäherler derbi⁠-⁠dagyn edildi,Janly⁠-⁠jemende galmady+.   Ähli günäleriň üçin jeza berler, Şonda tutuş ýurt weýran bolmaz ýaly+,Saňa: „Menden gork, terbiýämi kabul et“+ diýdim. Emma olar öňküsinden⁠-⁠de köp azgynçylyk etdiler+.   „Maňa garaşyň+ — muny Ýehowa aýdýar.Sizi talamaga* geljek günüme garaşyň.Men milletleri ýygnamak,Patyşalary jemlemek üçin perman çykardym.Men gaharymy, lowlaýan gazabymy indererin+.Gazap odumdan tutuş zemin ýanar+.   Men milletleriň dilini üýtgedip,Olara arassa dilde geplemegi öwrederin.Şonda olaryň hemmesi Ýehowanyň adyny çagyrarlar,Hudaýa agzybir* gulluk ederler“+. 10  Dagynyk halkymyň gyzy, maňa ýalbarýan adamlar,Efiopiýa derýalarynyň kenaryndanMaňa sowgat getirerler+. 11  Maňa garşy eden günäleriň sebäpli,Ol gün utanja galmarsyň+.Öwnüp, men⁠-⁠menlik edýänleri araňyzdan aýraryn.Mukaddes dagymda hiç haçan tekepbirlik etmersiň+. 12  Ýanyňda diňe kiçigöwünli, ýumşak* adamlary galdyraryn+,Olar Ýehowanyň adyny pena edinerler. 13  Ysraýylyň aman galanlary+ erbetlik etmez+,Ýalan sözlemez, agzyndan hileli sözler çykmaz.Olar iýip doýarlar, hiç kimden gorkman rahat ýatarlar»+. 14  Sion gyzy, joşup aýdym aýt! Ysraýyl, batly ses bilen gygyr!+ Iýerusalim gyzy, ýüregiň şatlykdan joşsun, begen!+ 15  Ýehowa saňa garşy çykaran hökümlerini ýatyrdy+. Duşmanlaryňy kowdy+. Ysraýylyň patyşasy Ýehowa ýanyňdadyr+. Indi betbagtçylykdan gorkmarsyň+. 16  Şol gün Iýerusalime diýerler: «Sion, gorkma!+ Elleriň gowşamasyn! 17  Ýehowa Hudaýyň ýanyňdadyr+. Gudratygüýçli seni halas eder. Ol saňa guwanyp şatlanar+. Saňa bolan söýgüsinden ýüregi joşar. Saňa seredip begener, aýdym aýdar. 18  Men baýramlaryňy küýsäp hasrat çekýänleri ýygnaryn+.Olar senden uzakdady, ýat ýurtda kemsidildiler+. 19  Şol gün saňa sütem edenlere garşy çykaryn+,Agsaklary halas ederin+. Dargadylan halky bir ýere toplaryn+.Masgara bolan ýurdunda olary at⁠-⁠abraýly ederin. 20  Şol gün sizi ýurduňyza getirerin,Sizi bir ýere jemlärin. Ýesir düşen ildeşleriňizi yzyna getirenimde,Sizi bütin halklaryň öňünde atly⁠-⁠abraýly ederin»+.Muny Ýehowa aýdýar+.

Çykgytlar

Başga manysy: Şaýatlyk etmek üçin.
Ýa⁠-⁠da: eginme⁠-⁠egin.
Ýa⁠-⁠da: garyp; pukara; sada.