Sepanýa 2:1—15

  • Gahar güni gelmänkä, Ýehowany agtaryň (1—3)

    • Dogruçyllygy agtaryň, ýumşak boluň (3)

    • «Belki, Ýehowanyň gazap gününde halas bolarsyňyz» (3)

  • Goňşy halklara çykarylan höküm (4—15)

2  Ýygnanyşyň, ýygnanyşyň+,Eý binamys halk!+   Perman güýje girmänkä,Günler saman kimin uçup gitmänkä,Ýehowanyň gazap ody üstüňize inmänkä+,Ýehowanyň gahar güni gelmänkä,   Ýer ýüzüniň ýumşaklary*, Ýehowany agtaryň!+Adyl hökümlerini berjaý edýänler, Dogruçyllygy agtaryň, ýumşak boluň. Belki, Ýehowanyň gazap gününde halas bolarsyňyz+.   Gaza şäheri boşap galar,Aşkelon haraba döner+, Aşdot süýr günortan kowlar,Ekron köki⁠-⁠damary bilen sogrulyp taşlanar+.   «Deňiz kenarynda ýaşaýan keretleriň waý gününe!+ Ýehowa size höküm çykardy. Kengan, piliştlileriň ýurdy, sizi weýran ederin.Ýekeje adam⁠-⁠da diri galmaz.   Deňiz kenary öri meýdanyna öwrüler.Ol ýerde çopanlar üçin guýular,Goýunlar üçin daşdan agyllar bolar.   Ýahuda öýüniň aman galanlary+ ol ýerde ýaşar.Olaryň garynlary dok bolar. Aşkelondaky öýlerinde gijesine rahat ýatarlar. Ýehowa Hudaý olaryň aladasyny eder,Ýesir düşenleri gaýtaryp getirer»+.   «Mowabyň+ gyjalatyny,Ammonlaryň+ kemsitmelerini eşitdim.Olar halkymyň üstünden gülýärler,Tekepbirlik edip, ýurduny basyp aljak bolýarlar»+.   Serkerdebaşy, Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär:«Men diri şaýatdyryn!Mowap Sodom ýaly+,Ammonlar Gomorra ýaly bolar+.Olar tikeneklerden dolar,Şorluga öwrüler, hemişelik boşap galar+. Halkymyň aman galanlary olary talarlar,Halkymyň aman galanlary olara eýe çykarlar. 10  Tekepbirligi sebäpli şeýle zatlar başyna geler+.Sebäbi olar Serkerdebaşy Ýehowanyň halkyny kemsidip, ulumsylyk etdiler. 11  Men, Ýehowa olary gorka salaryn,Ýer ýüzüniň ähli taňrylaryny ýok ederin.Ähli adalaryň milletleriÖz ýurdunda maňa sežde ederler+. 12  Eý efiopiýalylar, siz gylyjymdan ölersiňiz+. 13  Ol elini demirgazyga uzadyp, Assiriýany ýok eder,Ninewiýany harabalyga+, çöle öwrer. 14  Ol ýerde her dürli wagşy haýwanlaryň sürüsi bolar, Ýykylan sütünleriň arasynda gotan,Oklukirpi gijesini geçirer. Penjiresinden gamgyn owaz eşidiler, Bosagalary weýran ediler.Diwarlaryndan nagyşly agaçlary sypyrylar. 15  Ýüreginde: „Men ýekejedirin.Menden başgasy ýokdur!“ diýen,Tekepbir, asuda ýaşaýan şäher, Gör, nähili gorkunç ýagdaýa düşüp,Wagşy haýwanlaryň sürenine döndi. Deňinden geçýän her kes sykylyk çalyp*, başyny ýaýkar»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kiçigöwünli adamlary.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.