Süleýmanyň aýdymy 8:1—14

  • Gyz (1—4)

    • Käşgä süýtdeş doganym bolsadyň! (1)

  • Gyzyň agalary (5a)

    • Ýarynyň goluna girip gelýän kim?

  • Gyz (5b—7)

    • «Güýçlüdir söýgi ölümden» (6)

  • Gyzyň agalary (8, 9)

    • Ol diwar bolsady, gapy bolsady (9)

  • Gyz (10—12)

    • «Men bir diwar» (10)

  • Çopan (13)

    • Sesiňi eşideýin

  • Gyz (14)

    • «Ýyndam dag goçum»

8  Käşgä ejemiň süýdüni emen,Süýtdeş doganym bolsadyň! Duşanymda daşarda öperdim seni+,Şonda hiç kim ýazgarmazdy meni.   Eliňden tutup gaýdardym,Meni kemala getirenEjemiň öýüne+ alyp gaýdardym. Süýji şerapdan gandyrardym,Naryň şiresini içirerdim.   Sol golunda bolardy başym,Sag eli bilen gujaklardy bilim+.   Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň: Kalbymda söýgi oýanýança,Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň»+.   «Ýarynyň goluna girip,Çölden gelýän kim?» «Almanyň aşagynda seni oýardym, Şol ýerde ejeň seni dünýä inderdi, Aýy⁠-⁠güni dolup, köp azap çekdi.   Meni möhür edip bas ýüregiňe,Ýüzük edip dakyn barmagyňa.Güýçlüdir söýgi ölümden+,Doýmaz⁠-⁠dolmaz mazardan*. Söýgi islär wepaly ýüregi*,Söýgiň ody — Ýahyň* ýalny+.   Söýgini suw söndürmez+,Derýa⁠-⁠deňiz gark etmez+. Dünýe maly berilse⁠-⁠de,Söýgi asla satylmaz»*.   «Jigimiz+ bar, heniz körpe,Çykmandyr mämeleri. Sawçy sorap gelse,Näme eder agalary?»   «Eger ol diwar bolsady,Kümüş diňler salardyk.Eger gapy bolsady,Kedr bilen baglardyk». 10  «Men bir diwar,Mämelerim goşa diň. Baksa söwer ýarym,Görer, päkdir kalbym. 11  Süleýmanyň Bagal⁠-⁠hamonda üzüm bagy+ bardy, Bagyny bagbanlara seretmäge beripdi, Hersi hasyl ýygnap, müň kümüş bererdi. 12  Eý Süleýman, müň kümüş seniňki, Iki ýüz kümüş bagbanlaryňky.Meniň bagym bolsa diňe meniňki». 13  «Eý çarbagyň+ bilbili,Dost⁠-⁠ýarlar sesiňe zar, Menem eşideýin+ biraz». 14  «Aşygym, tizräk gelsene!Ýyndam dag goçum, sugunym+,Gök otly daglardan aşyp gelsene!»

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gabanjaňlygy; diňe özüne wepaly bolmagy.
«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Başga manysy: Ondan ýigrenç bilen ýüz öwrer.