Süleýmanyň aýdymy 7:1—13

  • Patyşa (1—9a)

    • «Sen şeýle mähirli, şeýle owadan» (6)

  • Gyz (9b—13)

    • «Men söýgülimiň ýeke⁠-⁠tägi, mendirin onuň küýsegi» (10)

7  «Güler ýüzli gözel gyz,Çarykly aýagyň owadan! Biliň* ýonulan göwher daşy,Ökde zergäriň eliniň işi.   Käse ýaly tes⁠-⁠tegelek göbegiň, Içindäki şerap hiç egsilmeýär. Garnyň bugdaý üýşmegine meňzeýär,Daşyny çigildemler bezeýär.   Göwsüň jübüt keýige+ meňzär,Ekiz owlagy ýatladar.   Boýnuň+ pil süňkünden ýasalan diňdir+, Gözleriň+ Bat⁠-⁠rabbim derwezesindäkiHeşbon+ howuzlarydyr, Burnuň Damasga bakýan Liwan diňidir.   Başyň meňzär Karmele+,Saçyň+ badam reňkli ýüpege+, Şa ýesirdir saçyň her bir taryna.   Sen şeýle mähirli, şeýle owadan,Hiç bir lezzet ornuň tutmaz, näzenin.   Boý⁠-⁠syratyň meňzär palma agajyna,Göwüsleriň hersi hurma* salkymyna+.   Diýdim: „Hurma agajyna çykaýyn,Miwesini ýekän⁠-⁠ýekän ýygaýyn“. Göwsüň ýetişen üzüm hoşasy,Gürläniňde* gelýär almanyň ysy,   Dodagyň süýji şerap deý datly». «Goý, aşygymyň janyna hoş ýaksyn,Dodagyna damyp, uka gidirsin. 10  Men söýgülimiň ýeke⁠-⁠tägi+,Mendirin onuň küýsegi. 11  Gel, ýarym gideli,Sähra seýil edeli.Hynagüller içinde+Bile döwran süreli. 12  Säher bilen turaly, üzümlige gideli,Pyntyklandyr üzümler,Gülländir uzyn şahalar+,Gül açandyr nar agaçlar+. Bile baryp göreli,Söýgim hakda söz açaly+. 13  Mährigöýäniň*+ hoşboý ysy bark urýar,Gapymyzda dürli⁠-⁠dümen miwe+ bar. Ter miwelerden hem kişdelerden*,Söwer ýarym, seniň aýry paýyň bar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Butlaryň.
Hurma bitýän palma agajy göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: Agzyňdan.
Ýa⁠-⁠da: Selmelegiň; mandragoranyň.
Sözme⁠-⁠söz: könesinden.