Süleýmanyň aýdymy 6:1—13

  • Iýerusalim gyzlary (1)

  • Gyz (2, 3)

    • «Men söýgülimiňki, ol hem meniňki» (3)

  • Patyşa (4—10)

    • «Tirsa deý gözelsiň» (4)

    • Gyzlaryň sözleri (10)

  • Gyz (11, 12)

  • Patyşa (we beýlekiler) (13a)

  • Gyz (13b)

  • Patyşa (we beýlekiler) (13ç)

6  «Söwer ýaryň nirä gitdi,Eý gyzlaryň gözeli? Söýgüliň haýsy ýoldan gitdi? Gel, gözläp tapaly».   «Ezizim gitdi öz bagyna,Atyr saçýan gülzarlygyna,Gök otlukda mal bakmaga,Hem çigildem ýygmaga+.   Men söýgülimiňki,Ol hem meniňki+. Çigildemler içinde bakar malyny»+.   «Eý näzenin, Tirsa*+ deý gözelsiň+,Iýerusalim deý owadansyň+,Baýdagy parlaýan goşun deý haýbatlysyň+.   Maňa beýle seretme+,Ýüregimi eretme. Gilead daglaryndan inip gelýänGeçi sürüsine meňzeýär saçyň+.   Ýuwlup, suwdan çykyp gelýän,Goýun sürüsine meňzär dişleriň.Her biriniň taýy bardyr,Ekiz taýy ýiten däldir.   Bürenjegiň astynda,Enar deý al ýaňaklaryň.   Bolsa⁠-⁠da altmyş aýalym,Segsen gyrnagym,Ençeme kenizim+,   Ýöne sen ýeke⁠-⁠täksiň,Gögerçinim+, birkemsizim. Ejesiniň ýekeje gyzy, Enesiniň göz guwanjy*. Seni görüp, gyzlar: „Bagtly“ diýýär,Şa aýallar, gyrnaklar taryp edýär. 10  „Kim ol daň şapagy deý ýagty saçýan,Dolan Aý deý şöhle saçýan?Kim ol güneş deý nurana?*Haýbatly goşun deý goýýar haýrana“»+. 11  «Hoz bagyna+ ýola düşdüm,Görsem diýip gök deräni,Pyntyklan üzüm bagyny,Gül açan nar agajyny. 12  Oý⁠-⁠hyýala batyp, özümem bilmän galdym,Han⁠-⁠begleriň* arabasynyň üstünden bardym». 13  «Şulamly gyz, dolan yzyňa, Bäri gel, gel bäri,Owadan keşbiňe bakaly!» «Näme üçin seretjek şulamly gyza?»+ «Meňzeýär ol Mahanaýym* tansyna».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Şöhratly şäher.
Sözme⁠-⁠söz: päk gyzy.
Sözme⁠-⁠söz: arassa?
Ýa⁠-⁠da: Meýletin gulluk edýän adamlaryň.
Ýa⁠-⁠da: iki toparyň.