Süleýmanyň aýdymy 5:1—16

  • Çopan (1a)

  • Iýerusalim gyzlary (1b)

    • «Yşkyň meýinden serhoş boluň!»

  • Gyz (2—8)

    • Düýş

  • Iýerusalim gyzlary (9)

    • «Söýgüliň başga ýigitlerden şeýle gowumy?»

  • Gyz (10—16)

    • «On müň ýigidiň içinden saýlanyp durandyr» (10)

5  «Mähribanym, gelinligim!Men bagyma girdim+, Müri*, melhem otlary+ ýygdym. Ary balyndan iýdim,Şerap hem süýt içdim»+. «Eý aşyk⁠-⁠magşuklar, iýiň, içiň, Yşkyň meýinden serhoş boluň!»+   «Uka gitsem⁠-⁠de, oýadyr kalbym+. Sesi gelýär, gapyny kakýar ýarym. „Açsana gapyny, mähribanym, dildarym,Gögerçinim, birkemsiz gözelim. Gijäniň çygyna+ ezildi başym,Öl boldy buýra saçym“.   Eşigimi çykarypdym, Ýene geýeýinmi? Aýagymy ýuwupdym, Ýene hapalaýynmy?   Elini gapydan* aýyrdy ýarym,Şol pursat gürsüldäp urdy ýüregim.   Söýgülime gapyny açmaga turdum,Mür* damdy elimden gapyň kiltine,Barmagymdan syrykdy tutawajyna.   Gapyny açdym söwer ýaryma,Ezizim gidipdir bakman yzyna. Ol gidende* akyl⁠-⁠huşum ýitirdim. Näçe gözlesem⁠-⁠de, hiç tapmadym+, Näçe çagyrsam⁠-⁠da, jogap almadym.   Meni gören şäher garawullary, Tutdular, urdular, ýara saldylar. Şäher diwarynyň sakçylary,Başymdaky bürenjegi aldylar.   Eý Iýerusalim gyzlary, söz beriň: Görseňiz aýdyň söwer ýaryma,Yşk derdi düşdi başyma».   «Eý gözelleriň soltany,Söýgüliň başga ýigitlerden şeýle gowumy? Biz söz berip, ant içer ýaly,Söýgüliň olardan şeýle artykmy?» 10  «Söwer ýarym nurdur, ýaňagy al⁠-⁠nardyr,On müň ýigidiň içinden saýlanyp durandyr. 11  Altyndan, sap altyndandyr başy, Palma ýapragy* deý buýradyr saçy,Gara garga kimin şar garadyr saçy. 12  Gözleri gögerçine meňzeýär,Çeşmäniň boýunda süýde ýuwunýar,Howzuň kenarynda oturýar. 13  Ýaňaklary atyr ysly gülzarlyk+,Hoşboý ysly, melhem otly baýyrlyk. Lebleri çigildem, damýar mür*+ ýagy. 14  Dyrnaklary zeberjet*, barmaklary altyndan, Garny pil süňkünden, gaş goýlupdyr ýakutdan. 15  Mermer sütüni deý aýagy, sap altyndan diregi, Liwan kimin syratly, kedr deý uzyn boýly+. 16  Lebleri şirin⁠-⁠şeker,Boý⁠-⁠syraty özüne çeker+. Eý Iýerusalim gyzlary,Söwer ýarym şeýledir».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gapymyň deşiginden.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: sözlände.
Başga manysy: salkymy.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hrizolit. Sary ýa⁠-⁠da ýaşyl reňkli gymmatbaha daş.