Süleýmanyň aýdymy 4:1—16

4  «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym! Sen neneňsi gözel! Gözleriň bürenjek astyndan bakýar,Gögerçiniň gözlerini ýatladýar. Gilead daglaryndan+ inip gelýänGeçi sürüsine meňzeýär saçyň.   Ýaňy gyrkylyp ýuwlan,Goýun sürüsine meňzär dişleriň.Her biriniň taýy bardyr,Ekiz taýy ýiten däldir.   Gyrmyzy sapak deý dodagyň,Bal deý süýji sözleriň. Bürenjegiň astynda,Nara meňzär ýaňaklaryň.   Boýnuň+ daşdan örülenDawudyň diňi+ kimin.Diwarynda müňlerçe galkan asylgy,Batyr ýigitleriň+ tegelek galkany.   Göwsüň jübüt keýige+ meňzär,Çigildemli meýdanda otlaýanEkiz owlagy ýatladar».   «Öwüsýärkä salkyn şemal, ýitmänkä kölege,Mür* dagyna çykaýyn,Ladan* baýryna baraýyn»+.   «Boý⁠-⁠syratyň owadan, näzli ýarym+.Birkemsiz gözel sen, dildarym.   Eý gelinligim, Liwandan gideli,Ýör, Liwandan+ bile gaçaly! Emin* depesinden, Senir depesinden,Hermon depesinden+ aşak ineli.Olar arslanlaryň, alajabarslaryň mesgeni.   Mähribanym, gelinligim,Bir bakyşda göwnüm awladyň+,Ýesiri men boýnuňdaky monjugyň. 10  Mähribanym, gelinligim,Maýyl seniň näziňe+, Şerapdan süýji söýgiňe+,Seniň atyr ysyňa+,Müşk⁠-⁠anbaryň şasyna. 11  Dodagyň baldan süýjüdir+, Diliň asty bal⁠-⁠süýtdür+.Owadan lybasyňdan,Liwan ysy bark urýandyr. 12  Mähribanym, gelinligim daşy diwarly bagdyr,Gulply bag⁠-⁠bakjadyr, agzy ýapyk guýudyr*. 13  Şahalaryň* nar biten jennet bagydyr,Süýji miwä, hynagülüne, sünbüle* baýdyr. 14  Sünbül+, zagpyran*, ýeken*+, dalçyn+,Ladanyň her görnüşi, mür*, aloe güli+ bardyr,Gül⁠-⁠gunçanyň hoşboý ysy+ bark urýandyr. 15  Sen bagyň çeşmesi, sowuk suwly guýusyň,Sen Liwandan akýan çeşme⁠-⁠çaýsyň+. 16  Demirgazyk ýeli tursun,Günorta şemaly oýansyn. Bagymda pessaýja öwüssin, Hoşboý ysy ýaýrasyn». «Ezizim bagyna girsin,Süýji miwelerden iýsin».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Anti⁠-⁠Liwan.
Ýa⁠-⁠da: çeşmedir.
Başga manysy: Teniň.
Ýa⁠-⁠da: narda.
Ýa⁠-⁠da: şafran.
Ýakymly ysly gamşyň bir görnüşi.
Sözlüge serediň.