Süleýmanyň aýdymy 3:1—11

  • Gyz (1—5)

    • «Gije ýatyrkam, aşygymy ýatladym» (1)

3  Gije ýatyrkam, aşygymy ýatladym+, Näçe gözlesem⁠-⁠de, ýarymy tapmadym+.   Turaýyn, şähere aýlanaýyn,Köçelerde, meýdançalarda*,Köňül aşygymy gözläýin. Näçe gözlesem⁠-⁠de, ýarymy tapmadym.   Şäher garawullary gördüler meni+. Olardan soradym köňül aşygymy.   Olaryň deňinden geçen badyma,Duşdum men söýgüli ýaryma. Tutdum goluny, basdym bagryma.Gitdik biz ejemiň öýüne+,Meni dünýä indereniň öýüne.   Eý Iýerusalim gyzlary, ant içiň,Jerenlerden, sähra keýiklerinden. Kalbymda söýgi oýanýança,Mende duýgy döretmäň, birahat etmäň»+.   «Tozan turzup çölden gelýän nämedir?Bark urýandyr mürüň*, ladanyň* ysy,Täjirleriň satýan atyrynyň ysy»+.   «Ol Süleýmanyň paýtuny, Daşynda altmyş batyr esgeri,Ysraýylyň gaýduwsyz ýigitleri+.   Ählisi gylyçly,Ökde söweşe.Gylyjy gynynda,Goraýar gijäň ýarynda».   «Süleýmanyň şa paýtuny,Liwan agajyndan ýasaldy+. 10  Sütünleri kümüşden,Diregleri altyndan, Kürsüsi badam reňkli ýüňden.Iýerusalimiň gyzlaryBezedi içini söýgi bilen». 11  «Eý Sion gyzlary, geliň, serediň,Süleýman patyşa syn ediň.Patyşanyň bagt toýunda,Kalbynyň joşan gününde,Ejesiniň+ geýdiren täji bardyr başynda».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.