Süleýmanyň aýdymy 1:1—17

  • Iň gowy aýdym (1)

  • Gyz (2—7)

  • Iýerusalim gyzlary (8)

  • Patyşa (9—11)

    • «Altyndan täç ýasarys başyňa» (11)

  • Gyz (12—14)

    • Ezizim mür haltasy kimin (13)

  • Çopan (15)

    • «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym»

  • Gyz (16, 17)

    • «Eý aşygym, sen görmegeý» (16)

1  Süleýmanyň düzen iň gowy aýdymy+:   «Öpsün meni lebleriň,Şerapdan süýjüdir söýgiň+.   Bark urýar müşk⁠-⁠anbaryň+, Atyr deý ýakymlydyr adyň+, Arzuwy sen her bir gyzyň.   Meni çadyryna getirdi patyşa. Gel ýanyma, bile gaçaly, Şatlanyp, göwün açaly! Şerapdan süýji söýgiňi wasp edeli. Sen gyz kalbynyň soltany.   Eý Iýerusalim gyzlary, Kedar çadyry+ deý gara bolsam⁠-⁠da,Süleýmanyň çadyry deý owadandyryn+.   Gara diýip beýle seretmäň maňa,Gün şöhlesi saldy meni bu hala. Süýtdeş doganlarym gaharyna,Garawul goýdular üzüm bagyna,Seredip ýetişmedim öz bagyma.   Eý söwer ýarym, aýtsana!Nirede bakýarsyň goýun süriňi+,Nirede düşleýärsiň günortan çagy? Ýas tutýan zenan ýaly bürenjekli gezmäýin,Dostlaryň sürüsiniň arasynda ýörmäýin».   «Biler bolsaň, gözelleriň soltany,Yzlap git sen sürüleriň yzyny,Çopan çadyryna golaý bak owlaklaryňy».   «Eý näzenin, boý⁠-⁠syratyň gözeldir,Faraonyň arabasyna goşulan baýtal ýalydyr+. 10  Ýaňagyňa gulakhalka* gelişýär,Boýnuňa monjuk ýaraşýar. 11  Altyndan täç ýasarys başyňa,Kümüşden nagyş çekeris daşyna». 12  «Patyşa bilen otyryn saçak başynda,Atyrymyň+ ysy ýaýraýar töwerek⁠-⁠daşa. 13  Gijesine döşümde mür*+ haltasy,Jana şeýle hoş ýakar ýarymyň ysy. 14  En⁠-⁠gedi+ üzüm bagy gözeldir,Ezizim içinde bir desse güldür*»+. 15  «Sen neneňsi owadan, näzli ýarym, Sen neneňsi gözel, gögerçin gözlim»+. 16  «Eý aşygym, sen görmegeý, owadan+, Düşegimiz bolsun al⁠-⁠ýaşyl meýdan. 17  Kedr agajy öýümiziň diregi,Arçadandyr öýümiziň üçegi.

Çykgytlar

Başga manysy: örüm⁠-⁠örüm saçlaryň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: hynagüldür.