Nehemýa 8:1—18

  • Kanun okalýar we düşündirilýär (1—12)

  • Çatma baýramy (13—18)

8  Soňra tutuş halk Suw derwezesiniň+ öňündäki meýdança* ýygnandy. Olar Hydyr+ mürzä* Ýehowanyň tabşyryklary+ ýazylan Musanyň kanunyny+ getirmegi haýyş etdiler.  Ýedinji aýyň biridi. Hydyr ruhany halkyň öňünde Kanuny getirdi. Olaryň arasynda aýallar, aga⁠-⁠gara düşünýän çagalar hem bardy+.  Hydyr ruhany Kanuny Suw derwezesiniň öňündäki meýdançada irdenden günortana çenli okap berdi+. Erkekler, aýallar, aga⁠-⁠gara düşünýän çagalar Kanuny ünsli diňleýärdi+.  Hydyr mürze agaçdan ýasalan sekiniň üstünde durdy. Sag tarapynda Matytýa, Şema, Anaýa, Uryýa, Hilkiýa we Maseýa, çep tarapynda bolsa Pedaýa, Mişaýyl, Mälikýar+, Haşum, Haşbadan, Zekerýa we Meşullam bardy.  Sekiniň üstünde duran Hydyr halkyň öňünde kitaby açdy. Kitaby açan badyna, adamlar ýerinden turdy.  Soňra Hydyr beýik hak Hudaý Ýehowany şöhratlandyrdy. Bütin halk: «Omyn! Omyn!»+ diýip, elini göge galdyrdy. Olar dyza çöküp, ýüzüni ýere berip, Ýehowa tagzym etdiler.  Lewilerden Ýoşuw, Bany, Şerebýa+, Ýamin, Akup, Şebitaý, Hudaýar, Maseýa, Kelte, Azarýa, Ýozabat+, Hanan we Pelaýa halka Kanuny düşündirdiler+, adamlar aýak üstünde durdy.  Lewiler hak Hudaýyň Kanunyny okap, manysyny gowy düşündirýärdi. Olar halka okalan zatlara düşünmäge kömek etdiler+.  Tutuş halk Kanuny diňläp, aglap otyrdy. Şonda häkim* Nehemýa, ruhany we mürze Hydyr+, Kanuny öwredýän lewiler: «Ýehowa Hudaýyň mukaddes gününde+ hasrat çekmäň, aglamaň» diýdiler. 10  Soňra Nehemýa: «Baryň, näz⁠-⁠nygmatlar* iýip, süýji şerbetler içiň, mätäçlere⁠-⁠de paýlaň+. Hudaýyň mukaddes gününde gam çekmäň. Ýehowanyň berýän şatlygy güýjüňize güýç goşar*» diýdi. 11  Lewiler hem: «Aglamaň, mukaddes günde gam çekmäň» diýip, halky köşeşdirýärdi. 12  Şonda tutuş halk iýip⁠-⁠içip, zadyny başgalar bilen paýlaşyp, şatlyk⁠-⁠şagalaň+ etdi, sebäbi olar Kanunyň manysyna gowy düşünipdi+. 13  Ertesi gün tirebaşylar, ruhanylar we lewiler Kanuna has gowy düşünmek üçin Hydyr mürzäniň ýanyna bardylar. 14  Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyny okap, ýedinji aýda bellenýän baýramçylykda ysraýyllaryň çatmada ýaşamalydygyny bildiler+. 15  Şonuň üçin olar ähli şäherlerde we Iýerusalimde: «Daga gidiň⁠-⁠de, zeýtun, senuber*, reýhan we palma ýaly agaçlaryň gür ýaprakly şahalaryny getiriň. Kanunda ýazylyşy ýaly çatma dikeliň» diýip jar çekdirdiler+. 16  Adamlar gidip, agaçlaryň şahalaryny getirdiler. Her kim üçeginde we howlusynda çatma dikdi. Hak Hudaýyň öýüniň howlularynda+, Suw derwezesiniň+ we Efraýym derwezesiniň+ meýdançalarynda hem çatma dikdiler. 17  Ýesirlikden gelen halk baýramçylyk belläp, çatmada ýaşady. Nun ogly Ýuşanyň+ döwründen bäri baýramçylygy şeýdip bellemändiler. Olar uly şatlyk⁠-⁠şagalaň etdiler+. 18  Baýramçylyk günleri hak Hudaýyň kanuny okaldy+. Ýedi gün baýramçylyk belläp, sekizinji gün Kanunda ýazylyşy ýaly, uly baýram etdiler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny Hudaýyň kanunyny göçürip alýan adam.
Ýa⁠-⁠da: tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: ýagly zatlar.
Ýa⁠-⁠da: siziň galaňyzdyr.
Ýa⁠-⁠da: sosna.