Nehemýa 7:1—73

  • Şäheriň derwezeleri we derwezebanlary (1—4)

  • Ýesirlikden gelenler (5—69)

    • Ybadathana gullukçylary (46—56)

    • Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli (57—60)

  • Gurluşyk üçin sadakalar (70—73)

7  Diwar dikeldilen+ badyna, gapylary oturdyp+, derwezebanlara+, aýdymçylara+ we lewilere+ borçlaryny tabşyrdym.  Doganym Hananýary+ we Galanyň+ baştutany Hananýany Iýerusalime gözegçi edip goýdum. Hananýa köplere garanyňda, has ynamdar we Hudaýdan gorkýan+ adamdy.  Olara: «Gün gyzýança, Iýerusalimiň derwezelerini açmaň. Derwezebanlar agşam nobatyny tabşyrmanka, gapylary gulplasynlar. Iýerusalim ilatyndan garawullary belläň. Olaryň hersi öz bellenen ýerinde we öýüniň öňünde dursun» diýip tabşyrdym.  Şäher uly we giňdi, ilaty bolsa azdy+, jaýlaryň köpüsi heniz dikeldilmändi.  Emma Hudaý meni ilat ýazuwyny+ geçirmäge höweslendirdi. Men begleri, baştutanlary we tutuş halky ýygnadym. Şonda ýesirlikden ilkinji bolup gelenleriň ilat ýazuwyny tapdym. Onda şeýle ýazylgydy:  Wawilon patyşasy Nawuhodonosor+ halky Wawilona sürgün edipdi+. Ýesirler* Iýerusalime we Ýahuda dolanyp, öz şäherlerinde ýaşap başladylar+.  Olar Zerubabel+, Ýoşuw+, Nehemýa, Azarýa*, Ramyýa*, Nahyman, Mordekaý, Bilşan, Misperet*, Bigwaý, Nehum* we Baganaý bilen gaýdypdylar. Ysraýyl erkekleriniň sanawy şudur+:  Paroşyň nesli 2 172 adam;  Şepatýanyň nesli 372 adam; 10  Arahyň+ nesli 652 adam; 11  Ýoşuwyň we Ýowabyň+ neslinden Pahatmowabyň+ nesli 2 818 adam; 12  Elamyň+ nesli 1 254 adam; 13  Zatuwyň nesli 845 adam; 14  Zekaýyň nesli 760 adam; 15  Binaýyň* nesli 648 adam; 16  Babaýyň nesli 628 adam; 17  Azgatyň nesli 2 322 adam; 18  Adonykamyň nesli 667 adam; 19  Bigwaýyň nesli 2 067 adam; 20  Adynyň nesli 655 adam; 21  Hizkiýanyň neslinden Ateriň nesli 98 adam; 22  Haşumyň nesli 328 adam; 23  Bezaýyň nesli 324 adam; 24  Harybyň nesli 112 adam; 25  Gibgonyň+ nesli 95 adam; 26  beýtullahamlylar we netopalylar 188 adam; 27  anatotlylar+ 128 adam; 28  beýt⁠-⁠azmawetliler 42 adam; 29  kirýat⁠-⁠ýegarimliler+, kepiralylar we beýerotlylar+ 743 adam; 30  ramalylar we gebalylar+ 621 adam; 31   mikmaslylar+ 122 adam; 32  beýtelliler+ we aýlylar+ 123 adam; 33  beýleki nebolylar 52 adam; 34  beýleki Elamyň nesli 1 254 adam; 35  Harymyň nesli 320 adam; 36  ýerihonlylar 345 adam; 37  lotlylar, haditliler we onlylar+ 721 adam; 38  Senanyň nesli 3 930 adam. 39  Ruhanylar+: Ýoşuwyň neslinden Ýedaýanyň nesli 973 adam; 40  Imeriň nesli 1 052 adam; 41  Paşhuryň+ nesli 1 247 adam; 42  Harymyň+ nesli 1 017 adam. 43  Lewiler+: Hodewanyň* neslinden Ýoşuwyň, Kadmyýalyň+ nesli 74 adam. 44  Aýdymçylar+: Asafyň+ nesli 148 adam. 45  Derwezebanlar+: Şalumyň, Ateriň, Talmonyň, Akubyň+, Hatytyň, Şobaýyň nesli jemi 138 adam. 46  Ybadathana gullukçylary*+: Zyhanyň, Hasupanyň, Tabagotyň, 47  Kerosyň, Siganyň, Padonyň, 48  Lebananyň, Hakabyň, Selmaýyň, 49  Hananyň, Giddeliň, Geharyň, 50  Reýanyň, Resiniň, Nekodanyň, 51  Gazamyň, Uzzanyň, Paseýanyň, 52  Basaýyň, Megunimiň, Nepuşasymyň, 53  Bakbugyň, Hakupanyň, Harhuryň, 54  Baslytyň, Mejidiň, Harşanyň, 55  Barkosyň, Siseranyň, Temahyň, 56  Neziýanyň we Hatabyň nesli. 57  Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli+: Sotaýyň, Soperetiň, Peritiň, 58  Ýagalanyň, Darkonyň, Giddeliň, 59  Şepatýanyň, Hatylyň, Poherethazbaýymyň we Amonyň* nesli. 60  Ybadathana gullukçylarynyň+ we Süleýmanyň hyzmatkärleriniň nesli jemi 392 adamdy. 61  Telmeladan, Telharşadan, Kerupdan, Adondan we Imerden gaýdyp gelen, ýöne tiresiniň hem⁠-⁠de aslynyň ysraýyllardandygyny subut edip bilmedikler şulardy+: 62  Delaýanyň, Tobyýanyň we Nekodanyň nesli 642 adam. 63  Ruhanylaryň nesli: Habaýyň, Hakosyň+ nesli we gileadly Barzyllanyň gyzyna öýlenip, olaryň adyny alan Barzyllanyň+ nesli. 64  Olar aslynyň kimlerdendigini bilmek üçin nesil daragtyndan tireleriniň adyny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Şonuň üçin olary ruhanylyk borjundan aýyrdylar*+. 65  Häkim*+ olara urymy we tummymy*+ ulanýan ruhany tapylýança, mukaddes sadakalardan+ iýmeli däldigini aýtdy. 66  Tutuş jemagat jemi 42 360 adamdy+. 67  Olaryň 7 337 gul⁠-⁠gyrnagy+, 245 aýal⁠-⁠erkek aýdymçylary+ bardy. 68  Şeýle⁠-⁠de 736 aty, 245 gatyry 69  we 435 düýesi bilen 6 720 eşegi bardy. 70  Käbir tirebaşylar gurluşyk üçin sadaka berdiler+. Häkim gurluşygyň hazynasyna 1 000 altyn teňňe*, 50 şakäse, ruhanylar üçin 530 sany eşik+ berdi. 71  Käbir tirebaşylar gurluşygyň hazynasyna 20 000 altyn teňňe we 2 200 kümüş teňňe* berdiler. 72  Galan adamlar bolsa 20 000 altyn teňňe, 2 000 kümüş teňňe we ruhanylar üçin 67 sany eşik berdiler. 73  Ruhanylar, lewiler, derwezebanlar, aýdymçylar+, ybadathana gullukçylary we galan adamlar şäherlerinde ýaşap başladylar. Şeýdip, tutuş ysraýyl halky şäherlerine dolanyp geldi+. Ýedinji aýda+ ysraýyllaryň hersi öz şäherinde ýerleşdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Welaýatyň ýaşaýjylary. Wawilonyň ýa⁠-⁠da Ýahudanyň welaýatynda ýaşan ýehudylar göz öňünde tutulýan bolmaly.
Hyd 2:2⁠-⁠de Seraýa.
Hyd 2:2⁠-⁠de Relaý.
Hyd 2:2⁠-⁠de Mispar.
Hyd 2:2⁠-⁠de Rehum.
Hyd 2:10⁠-⁠da Bany.
Hyd 2:40⁠-⁠da Hodawýa.
Sözme⁠-⁠söz: Bagyş edilenler.
Hyd 2:57⁠-⁠de Omyý.
Ýa⁠-⁠da: hapa hasaplap, ruhanylyk borjundan aýyrdylar.
Ýa⁠-⁠da: Tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Sözme⁠-⁠söz: drahma. Bir drahma 8,4 gramlyk Pars altyn darigine deň. Injildäki drahmadan tapawutlanýar. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözme⁠-⁠söz: gadak. Töwratdaky gadak 570 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.