Nehemýa 4:1—23

  • Garşylyk bolsa⁠-⁠da, iş dowam edýär (1—14)

  • Ýaragly işleýän gurluşykçylar (15—23)

4  Diwary dikeldýänimizi eşidip, Sanballat+ gahar⁠-⁠gazaba mündi. Içiniň ýangynjyna ýehudylaryň üstünden gülüp başlady.  Ol doganlarynyň we Samariýa goşunynyň ýanynda durup: «Nalajedeýin ýehudylar näme işläp ýör? Gurluşyk olaryň başarjak zadymy diýsene?! Gurban berip, gurluşygy bir günde dynaýarlar öýdýärlermikä? Harabaçylykda gum basyp ýatan daşlardan diwar galdyryp bolarmy?»+ diýdi.  Sanballatyň ýanynda ammonlardan+ Tobyýa+ hem bardy. Ol: «Aý, olaryň salýan diwaryna tilki dyrmaşsa⁠-⁠da ýykylar» diýdi.  Şonda men doga edip: «Eý Hudaý, dadymyza ýetiş, bizi kemsidýärler+. Olaryň üstümizden gülüp aýdýan zatlary öz başyndan insin+. Olary talap, ýesirlige äkitsinler.  Olaryň edýän günälerine göz ýumma, geçirimlilik etme+. Olar diwar gurýan halkyňy kemsidýär» diýdim.  Biz gurluşygy dowam edip, diwaryň ýarysyny galdyrdyk, ýumrulan ýerlerini dikeltdik. Adamlar işe ýürekden ýapyşýardy.  Sanballat, Tobyýa+, araplar+, ammonlar we aşdotlylar+ Iýerusalimiň diwarynyň dikeldilýänini, gurluşygyň gowy gidýänini eşidip, gahar⁠-⁠gazaba mündüler.  Olar gurluşygy saklajak bolup, Iýerusalime çozmak hakda dil düwüşdiler.  Şonda biz Hudaýa doga etdik we olardan goranmak üçin, gije⁠-⁠gündiz garawul goýduk. 10  Emma ýahudalar: «Ýük daşaýanlar ysgyndan gaçdy, edilmeli iş bolsa köp, diwary hiç wagtam dikeldip bilmeris» diýişdiler. 11  Duşmanlar bolsa: «Duýdansyz üstlerine çozup, ählisiniň ýoguna ýanarys, gurluşygy saklarys» diýýän ekenler. 12  Olaryň golaýynda ýaşaýan ýehudylar ýanymyza gelip: «Olar çar tarapdan çozjak bolýarlar» diýip, gaýta⁠-⁠gaýta duýdurdylar. 13  Şonda men diwaryň pes we açyk ýerlerinde garawul goýdum. Olary maşgalasyna görä bölüp, gylyçly, naýzaly we peýkamly duruzdym. 14  Olaryň gorkýanyny görüp, beglere+, baştutanlara we halka: «Olardan gorkmaň!+ Ýehowanyň beýik we haýbatly+ Hudaýdygyny unutmaň. Doganlaryňyzy, ogul⁠-⁠gyzlaryňyzy, aýallaryňyzy we öýleriňizi goraň!» diýdim. 15  Duşmanlar niýetini bilendigimizi eşidip, hak Hudaýyň olaryň maksadyny puja çykarandygyna düşündiler. Biz bolsa gurluşygy dowam etdik. 16  Şol günden başlap, adamlaryň ýarysy işleýärdi+, ýarysy bolsa naýzaly, galkanly, peýkamly we sowutly durýardy. Han⁠-⁠begler+ hem ýahudalary goraýardy*. 17  Şeýlelikde, halk diwary dikeldýärdi. Ýük daşaýanlar bir elinde işläp, bir elinde ýarag göterýärdi. 18  Ähli gurluşykçylaryň bili gylyçlydy, surnaýçy+ bolsa meniň ýanymda durýardy. 19  Men beglere, baştutanlara we adamlara: «Edilmeli iş köp, özümizem biri⁠-⁠birimizden uzakda işleýäris. 20  Surnaý* sesini eşitseňiz, ýanyma ýygnanyň. Hudaýymyz biz üçin söweşer»+ diýdim. 21  Biziň ýarymyz işleýärdik, ýarymyz bolsa daň atandan Gün batýança*, elimiz naýzaly durýardyk. 22  Men halka: «Erkek adamlaryň ählisi hyzmatkärleri bilen gije Iýerusalimde galsyn. Olar gije bizi gorasyn, gündizine⁠-⁠de işlesin» diýdim. 23  Doganlarym, hyzmatkärlerim+, ýanymdaky garawullar bilen eşigimizi⁠-⁠de çalyşman işledik, ählimiziň sag elimizde ýarag bardy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: arkasynda durýardy.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: ýyldyzlar görünýänçä.