Nehemýa 10:1—39

  • Halk Kanuna eýermek isleýär (1—39)   

    • «Indi Hudaýymyzyň öýüni ünsden düşürmeris» (39)

10  Ähte möhür basanlar+: Hakalýanyň ogly Nehemýa häkim*,Sadykýar,  Seraýa, Azarýa, Ýermeýa,  Paşhur, Emirýar, Mälikýar,  Hatuş, Şebanýa, Malluk,  Harym+, Meremot, Abdyýar,  Danyýar+, Gynaton, Baruk,  Meşullam, Abyýar, Miýamin,  Mazyýa, Bilgaý, Şemaýa; ählisi ruhanydy.  Lewilerden: Azanýanyň ogly Ýoşuw, Kadmyýalyň+ neslinden Henadatyň nesli Binaý, 10  Şebanýa, Hudaýar, Kelte, Pelaýa, Hanan, 11  Mika, Rehop, Hasapýar, 12  Zakur, Şerebýa+, Şebanýa, 13  Hudaýar, Bany we Benun. 14  Halkyň baştutanlaryndan: Paroş, Pahatmowap+, Elam, Zatuw, Bany, 15  Buna, Azgat, Babaý, 16  Adonyýar, Bigwaý, Adyn, 17  Ater, Hizkiýa, Azur, 18  Hudaýar, Haşum, Bezaý, 19  Haryp, Anatot, Nebaý, 20  Magpyýaş, Meşullam, Hezir, 21  Meşzabel, Sadyk, Ýeduw, 22  Pelatýa, Hanan, Anaýa, 23  Hoseýa, Hananýa, Haşup, 24  Haloheş, Pilha, Şobek, 25  Rehum, Haşabna, Maseýa, 26  Ahyýar, Hanan, Anan, 27  Malluk, Harym we Baganaý. 28  Halkyň galany: ruhanylar, lewiler, derwezebanlar, aýdymçylar, ybadathana gullukçylary*, goňşy halklar bilen gatnaşygyny kesip, hak Hudaýyň kanunyna eýerýänler+ we olaryň aýallary, ogul⁠-⁠gyzlary, bilimli we düşünjeli adamlar* 29  hem at⁠-⁠abraýly adamlar bilen ant içdiler. Olar hak Hudaýyň Musa pygamber arkaly beren kanunyna eýerip, Ýehowa Hudaýyň tabşyryklaryny, hökümlerini we düzgünlerini birkemsiz ýerine ýetirmegi söz berdiler. Ähti bozsalar, gargyşa galjakdygyna düşündiler. 30  Olar ant içip: «Başga halklar bilen garyndaşlyk açmarys+. 31  Olar bize Sabat güni+ haryt ýa⁠-⁠da galla satjak bolsalar, şol gün we beýleki mukaddes günler+ hiç zat almarys. Her ýedinji ýyl+ topraga dynç bereris, ekin ekmeris, algylarymyzy hem geçeris+. 32  Hudaýyň öýüniň hyzmaty üçin her ýyl adam başyna şekeliň* üçden bir bölegini getireris+. 33  Puly Sabat günlerinde+, Täze aý+ baýramynda hödürlenýän çöreklere+, galla sadakalara+, ýakma gurbanlyklara we baýramçylyklara+, mukaddes sadakalara, ysraýyl halky üçin berilýän günä gurbanlyklara+, Hudaýyň öýünde edilýän başga⁠-⁠da işlere ulanarlar. 34  Her ýyl Hudaýyň öýüne gezekli⁠-⁠gezegine odun getirer ýaly, ruhanylara, lewilere we beýleki adamlara tiresi boýunça bije atarys. Şol odunlary Kanuna görä, Ýehowa Hudaýymyzyň gurbanlyk ojagynda* ýakarlar+. 35  Her ýyl ekiniň ilkinji hasylyny we agaçlaryň ilkinji miwesini Ýehowanyň öýüne getireris+. 36  Nowbahar ogullarymyzy we ilkinji doglan mallarymyzy+ hem Kanunda tabşyrylyşy ýaly, Hudaýyň öýüne getireris. Ilkinji doglan göleleri, owlak⁠-⁠guzulary getirip, Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylara bereris+. 37  Hasylyň ilkinji ununy+, sadakalarymyzy, ir⁠-⁠iýmişleri+, täze şeraby we ýagy+ ruhanylara berip, Hudaýyň öýündäki ammarlarda+ goýarys. Hasylyň ondan bir bölegini bolsa ekin ekilýän şäherlerden sadakalary ýygnaýan lewilere bereris+. 38  Lewiler ähli zadyň ondan bir bölegini ýygnanda, Harunyň neslinden bir ruhany olaryň ýanynda dursun. Lewiler ondan bir bölegiň hem ondan birini alyp, Hudaýymyzyň öýündäki ammarda goýsun+. 39  Ysraýyllar we lewiler galladan, täze şerapdan, ýagdan+ berýän sadakalaryny+ mukaddes gap⁠-⁠gaçlar goýlan ammara getirsin. Şol ammarlarda ruhanylar, derwezebanlar we aýdymçylar hyzmat edýär. Indi Hudaýymyzyň öýüni ünsden düşürmeris»+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: tirşata. Pars imperiýasynda welaýat häkimine şeýle diýilýärdi.
Sözme⁠-⁠söz: bagyş edilenler.
Başga manysy: aga⁠-⁠gara düşünýänler.
Sözlüge serediň.