Mikaý 7:1—20

  • Ysraýylyň azgynçylygy (1—6)

    • Adamyň duşmany öý⁠-⁠içerisindäkiler bolar (6)

  • «Sabyrly garaşaryn» (7)

  • Hudaýyň halky aklanar (8—13)

  • Mikaý doga edýär, alkyş aýdýar (14—20)

    • Ýehowanyň jogaby (15—17)

    • Ýehowa ýaly Hudaý barmy? (18)

7  Waý meniň halyma!Men tomus miweleri we üzüm hasyly ýygylansoň,Iýere ýekeje salkym üzüm tapmaýan adama,Irki bişen injiri küýseýän adama meňzeýärin.   Ýer ýüzünde wepaly adam,Ynsanlaryň arasynda dogruçyl adam galmady+. Olaryň ählisi gan dökmek üçin bukuda ýatýar+, Dogan dogana duzak gurýar.   Olar erbetlik etmäge ökde+.Han⁠-⁠begler halat⁠-⁠serpaý isleýärler,Kazylar para soraýarlar+,Baýlar isleg⁠-⁠arzuwyny aýdýarlar+.Olar biri⁠-⁠birini goldap, erbet niýetlerini amala aşyrýarlar.   Olaryň iň ynsaplysy tikenege meňzeýär,Iň dogruçyly tikenli haýat ýalydyr. Garawullaryň aýdyşy ýaly, hasabat bermeli günüňiz geler+. Şonda siziň baryňyz howsala düşersiňiz+.   Ýoldaşyňa ynanma, syrdaşyňa bil baglama+. Gujagyňda ýatan aýalyňa syryňy açma.   Sebäbi ogly atasyny ýigrener,Gyzy ejesine+, gelni gaýynenesine garşy çykar+.Adamyň duşmany öý⁠-⁠içerisindäkiler bolar+.   Emma men gözlerimi Ýehowa dikerin+, Halasgär Hudaýyma sabyrly garaşaryn+. Alla meniň dogamy eşider+.   Eý duşmanym, agyr halymy görüp heşelle kakma! Men ýykylsam⁠-⁠da, ýerimden turaryn.Tümlükde ýaşasam⁠-⁠da, Ýehowa nurum bolar.   Men Hudaýa garşy günä etsem⁠-⁠de+,Indi adalaty dikeldip, hakymy alyp berýänçä,Ýehowanyň gahar⁠-⁠gazabyna çydaryn. Alla meni ýagtylyga çykarar,Şonda onuň adalatyny görerin. 10  Duşmanlarym hem muny görerler. Maňa: «Ýehowa Hudaýyň hany?»+ diýenlerMasgara bolarlar. Duşmanymyň agyr halyny gözüm bilen görerin, Olar köçedäki palçyk kimin aýak astynda depelener. 11  Şol gün daşdan diwarlary dikeldersiň,Ol gün serhediňi giňeldersiň. 12  Şol gün Assiriýada, Müsüriň şäherlerinde,Müsür bilen derýanyň* arasynda,Deňizleriň, daglaryň arasynda ýaşaýanÄhli halklar saňa geler+. 13  Ýurt boşap galar,Sebäbi halk günä etdi. 14  Eý Hudaý, tokaýda, bagy⁠-⁠bossanlykda,Başga milletlerden aýra ýaşaýan halkyňy,Mirasyň bolan süriňi çopan taýagyň bilen bak+. Gadymy günlerde bolşy ýaly,Başan bilen Gilead+ onuň örüsi bolsun. 15  «Müsürden çykanyňyzda bolşy ýaly,Size gudratlary görkezerin+. 16  Güýçli halklar muny görüp masgara bolar+. Olar elleri bilen agzyny ýaparlar.Olaryň gulagy ker bolar. 17  Halklar ýylan kimin gara topragy ýalarlar+,Sandyraşyp, süýrenijiler kimin galalaryndan çykarlar. Ýehowa Hudaýyň huzuryna titreşip bararlar,Olar senden gorkarlar»+. 18  Aman galan halkynyň+ ýazyklaryny bagyşlaýan,Günälerini geçýän seniň ýaly Hudaý barmy?+ Alla hemişe gaharlanyp ýörmez,Sebäbi ol ýagşylyk etmegi* gowy görýär+. 19  Sen ýene bize rehim edersiň+,Günälerimizi aýak astynda basgylarsyň. Sen ähli etmişlerimizi deňziň düýbüne atarsyň+. 20  Gadymy günlerde ata⁠-⁠babalarymyza wada berişiň ýaly+,Ýakuba wepaly bolarsyň.Ybraýyma ýagşylyk edersiň*.

Çykgytlar

Ýagny Ýewfrat derýasy.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgini bildirmegi.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildirersiň.