Mikaý 3:1—12

  • Baştutanlar we pygamberler ýazgarylýar (1—12)

    • Ýehowanyň ruhy Mikaýyň güýjüne güýç goşýar (8)

    • Ruhanylar tölegli sapak berýärler (11)

    • Iýerusalim harabaçylyga döner (12)

3  Men şeýle diýdim: «Ýakubyň baştutanlary,Ysraýyl hökümdarlary, diňlemegiňizi haýyş edýärin!+ Siz adalatly bolmaly dälmi näme?   Siz ýagşylygy ýigrenip+, ýamanlyk etmegi halaýarsyňyz+,Halkymyň hamyny soýup,Etini süňkünden sypyrýarsyňyz+.   Siz halkymyň hamyny soýup,Etini iýýärsiňiz+.Gazana atyljak, gazanda gaýnadyljak et kimin,Halkymyň süňklerini bölek⁠-⁠bölek edýärsiňiz+.   Siz şol gün Ýehowadan kömek sorarsyňyz,Emma ol jogap bermez. Şol gün Hudaý sizden ýüz öwrer+,Sebäbi siz erbet işleri edýärsiňiz+.   Halkymy azdyrýan pygamberler+,Aklyk berilse*+: „Parahatlyk!“ diýýärler+.Hiç zat bermeýänlere bolsa gargaýarlar*.Ýehowa olara şeýle diýýär:   „Siz tümlükde bolarsyňyz+, görnüş* görmersiňiz+,Sizi garaňkylyk gaplar, palçylyk etmersiňiz. Pygamberleriň Güni batar,Gündizi garaňkylyga döner+.   Görgürler* masgara bolar+,Palçylar utanja galar. Alladan jogap bolmansoň,Ählisi utançdan ýaňa ýüzüni* ýapar“».   Ýehowanyň ruhy güýjüme güýç goşdy.Ol maňa adalatly hem batyrgaý bolmaga kömek etdi,Şonda men Ýakubyň turzan gozgalaňyny,Ysraýylyň günäsini paş etdim.   Ýakubyň baştutanlary,Ysraýyl hökümdarlary, diňlemegiňizi haýyş edýärin!+Siz adalaty ýigrenýärsiňiz, hakykaty ýoýýarsyňyz+. 10  Siony gan döküp, Iýerusalimi adalatsyzlyk edip gurduňyz+. 11  Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar+,Ruhanylary tölegli sapak berýärler+,Pygamberleri pul üçin pal atýarlar+. Olar Ýehowa daýanyp: «Ýehowa biziň bilendir!+ Bizden bela⁠-⁠beter sowa geçer»+ diýýärler. 12  Siz sebäpli Sion mellek kimin sürler,Iýerusalim harabaçylyga döner+.Dagyň depesindäki ybadathana jeňňele öwrüler+.

Çykgytlar

Başga manysy: Agzyna çeýnemäge zat berilse.
Ýa⁠-⁠da: uruş yglan edýärler.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: murtuny.