Mikaý 1:1—16

  • Samariýa bilen Ýahuda höküm edilýär (1—16)

    • Günäleri we gozgalaňlary (5)

1  Moreşetli Mikaý*+ Ýahuda patyşalary+ Ýotamyň+, Ahazyň+ we Hizkiýanyň+ döwründe Samariýa hem⁠-⁠de Iýerusalim barada görnüş* gördi. Ýehowa şeýle diýdi:   «Eşidiň, eý halklar! Ýer ýüzi we janly⁠-⁠jemende, diňläň!Goý, Älemiň Hökümdary Ýehowa,Mukaddes mekanynda oturan Ýehowa sizi höküm etsin+.   Serediň, Ýehowa öz mekanyndan çykýar,Ol aşak inip, dag⁠-⁠depeleriň üstünden ýörär.   Aýagynyň astynda daglar erär+,Jülgeler ikä bölüner,Otda ereýän mum* ýaly,Kert gaýadan inýän sil ýaly bolar.   Ýakubyň turzan gozgalaňy,Ysraýyl öýüniň günäleri sebäpli şeýle zatlar bolýar+. Ýakubyň gozgalaň turuzmagyna kim günäkär? Samariýa dälmi?+ Ýahudada seždegähleriň*+ bolmagyna kim günäkär? Iýerusalim dälmi?   Men Samariýany harabaçylyga öwrerin,Üzüm ekilýän ýer kimin tekizlärin.Daşlaryny togalap, jülgä taşlaryn,Galany düýp⁠-⁠teýkary bilen ýalaňaçlaryn.   Ähli oýma butlary bölek⁠-⁠bölek ediler+,Tenini satyp gazanan zatlary otda ýanar+. Onuň butlaryny ýok ederin. Ahlaksyzlykdan düşen gazanjy elinden alnyp,Başga bir ahlaksyza berler».   Munuň üçin aglap, perýat ederin+,Eşigimi çykaryp, aýakýalaňaç gezerin+. Şagallar ýaly uwlaryn,Düýeguşlar kimin aglaryn.   Sebäbi onuň ýaralary bitmedi+,Gaýtam Ýahuda çenli ýaýrady+. Mergi Iýerusalime, halkymyň derwezesine gelip ýetdi+. 10  «Muny Getde yglan etmäň,Siz asla aglamaly dälsiňiz. Eý Beýtafranyň halky, gum üstünde togalanyň. 11  Şepiriň ilaty, ýalaňaçlanyp, utanç içinde ýola düşüň. Sawananyň ilaty şäherden çykmaýar, Beýtezel seniň penaňdy, indi ol ýerden agy sesi eşidiler. 12  Marotyň halky ýagşylyga umyt etse⁠-⁠de,Ýehowa Iýerusalim derwezelerine betbagtçylyk iberdi. 13  Lakyşyň+ ilaty, atlary araba goşuň, Sion gyzy siz sebäpli günä etdi,Ysraýyl sen* sebäpli gozgalaň turuzdy+. 14  Sen Moreşet⁠-⁠gete toý paýyny berersiň, Akzyp+ öýleri Ysraýyl patyşalary üçin duzak boldy. 15  Mareşan+ halky, men sizi basyp aljak serkerdäni ibererin+, Ysraýylyň şan⁠-⁠şöhraty Adullama+ çenli baryp ýeter. 16  Çagalaryňyz eliňizden alnyp, sürgün ediler+. Şonuň üçin saçyňyzy syryň,Ähliňiz kel boluň, dazzarkel ýaly kel boluň».

Çykgytlar

Mikhaý we Mikaýyl atlarynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýehowa taý geljek barmy?
Sözlüge serediň.
Balarylaryň öýjük ýasamak üçin işläp çykarýan maddasy. Ol çalt ereýär.
Sözlüge serediň.
Belki, Sion gyzy.