Işaýa 8:1—22

  • Assiriýa hüjüm edýär (1—8)

    • Maherşelalhaşbaz (1—4)

  • Hudaý biziň bilendir! Gorkmaň! (9—17)

  • Işaýa we çagalary alamat bolar (18)

  • Jynlara däl⁠-⁠de, kanuna gulak asyň (19—22)

8  Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Bir uly tagta+ al⁠-⁠da, ýüzüne galam* bilen Maherşelalhaşbaz* diýip ýaz.  Wepaly şaýatlarym Uryýa+ ruhany we Ýeberehýanyň ogly Zekerýa ony ýazmaça tassyklasyn».  Soňra men pygamber aýalyma ýanaşdym*. Ol göwreli boldy we aýy⁠-⁠güni dolup, bir ogul dogurdy+. Şonda Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Adyna Maherşelalhaşbaz dak.  Çagaň „kaka, eje“ diýip dil açmanka, Damasgyň hazynasy we Samariýanyň baýlygy Assiriýa patyşasynyň köşgüne äkidiler»+.  Ýehowa sözüni şeýle dowam etdi:   «Halkym Şilowanyň ýuwaş akýan ýabyny ýigrenip+,Resine we Remalyň ogluna+ guwandylar.   Şonuň üçin Ýehowa olaryň üstüne,Güýçli we joşup akýan derýanyň* suwlaryny,Şan⁠-⁠şöhratly Assiriýa patyşasyny iberer+. Onuň ähli çaý⁠-⁠çeşmeleriniň suwy göterilip,Hanasyndan dolup daşar.   Patyşa tutuş Ýahudany gark eder, Sil kimin ähli ýeri basyp, bokurdagyna ýeter+.Eý Emanuwel*+,Onuň gerlen ganaty tutuş ýurduňy örter!»   Eý halklar, eliňizden gelen ýamanlygy ediberiň,Barybir ýok edilersiňiz. Ýeriň aňry ujundan gelen halk, meni diňläň! Söweşe taýýarlanyberiň*, barybir ýok edilersiňiz!+ Söweşe taýýarlanyň, emma barybir ýok edilersiňiz! 10  Dildüwşük gurnaň, emma ol başa barmaz, Maksat⁠-⁠myradyňyzy aýdyň, ýöne ol amala aşmaz!Sebäbi Hudaý biziň bilendir!*+ 11  Ýehowanyň gudratly goly meniň üstümdedi. Ol maňa halkyň yzyna düşme diýip tabşyryk berdi: 12  «Adamlar: „Olar bize garşy dil düwüşdi“ diýse ynanmaň. Olaryň gorkan zadyndan gorkmaň,Asla heder etmäň. 13  Siz diňe Serkerdebaşy Ýehowany mukaddes hasaplaň!+Diňe Alladan gorkuň,Diňe ondan heder ediň!»+ 14  Ol gaçybatalga* bolar.Emma Ysraýylyň iki öýi üçin,Büdredýän daş kimin+,Mynjyradýan gaýa kimin bolar.Iýerusalimiň ýaşaýjylarynaDuzak we tor bolar. 15  Olaryň köpüsi büdrär, ýykylar we el⁠-⁠aýagyny döwdürer,Olar duzaga düşer, tutular. 16  Golýazmany* düýrle,Şägirtlerimiň öňünde kanuny möhürle! 17  Ýehowa Ýakup öýünden ýüz öwürse⁠-⁠de+, men garaşaryn+, umyt baglaryn. 18  Men Ýehowanyň beren ogullary+ bilen Sion dagynda mesgen tutan Serkerdebaşy Ýehowanyň Ysraýylda goýan alamaty+ hem⁠-⁠de gudraty bolaryn. 19  Eger olar saňa: «Pyşyrdaýan* we samyrdaýan jadygöýlere hem⁠-⁠de bilgiçlere* ýüz tut» diýseler, olara gulak asarmyň? Halk öz Hudaýyna ýüz tutmaly dälmi näme? Diriler hakda ölülerden soralarmy?+ 20  Olar kanuna we golýazma* gulak asmaly dälmi näme? Olar Allanyň aýdan sözlerini diňlemeseler, daň şapagyna ýüzi düşmez+. 21  Ýurduň ilaty ejir çekip, aç⁠-⁠ýalaňaç, sergezdan bolar+. Olar açlykdan ýaňa gaharlanyp, patyşasyny näletlär we göge seredip Hudaýyna gargar. 22  Olar daş⁠-⁠töweregine seredenlerinde jebir⁠-⁠jepa, tümlük, alaçsyzlyk, görgi, garaňkylyk we tüm⁠-⁠garaňkylyk görerler.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: başy ölümli ynsanyň galamy.
Olja almaga howlugyň; talamaga okdurylyň diýmegi aňladýan bolmaly.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Işa 7:14⁠-⁠e serediň.
Ýa⁠-⁠da: Biliňizi guşaberiň.
Ýewreýçe «Emanuwel». Işa 7:14; 8:8⁠-⁠e serediň.
Ýa⁠-⁠da: mukaddes mekan.
Ýa⁠-⁠da: Resminamany.
Ýa⁠-⁠da: Jürküldeşýän.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: resminama.