Işaýa 66:1—24

  • Hakyky we ýalan sežde (1—6)

  • Sion ene we ogullary (7—17)

  • Halklar Iýerusalime gelip sežde eder (18—24)

66  Ýehowa şeýle diýýär: «Gökler meniň tagtym, ýer basgançagym+. Siz maňa nireden jaý salyp bilersiňiz?+Öýüm nirede bolar?»+   Ýehowa şeýle diýýär: «Ähli zady elim bilen ýaratdym,Olary men döretdim+. Pesgöwünli, ruhdan düşen,Sözümden gorkýan adama nazar salaryn+.   Öküz soýýanlar adam öldürýän ýalydyr+, Goýny gurbanlyk berýänlerItiň boýnuny omurýan ýalydyr+. Sadaka berýänler doňzuň ganyny hödürleýän ýalydyr+. Ladan*+ getirýänlerJadyly söz bilen alkyş* aýdýan ýalydyr+. Olar ýörejek ýollaryny saýladylar,Ýigrenji işleri edip, keýp aldylar.   Menem olara berjek temmimi saýlaryn+,Gorkýan zadyny başlaryna indererin. Sebäbi men çagyranymda, hiç kim jogap bermedi,Men geplänimde, hiç kim diňlemedi+. Olar meniň ýigrenýän işlerimi etdiler,Halamaýan zatlaryma göwün berdiler»+.   Ýehowanyň sözünden gorkýanlar! Hudaýyň sözüni eşidiň: «Meniň adym üçin doganlaryňyz sizi ýigrenip, kowdular,Soňra bolsa: „Ýehowa şöhrat!“+ diýdiler. Emma Hudaý size kömege ýetişer, sizi şatlandyrar,Olary bolsa masgara eder»+.   Şäherden gykylyk, ybadathanadan goh⁠-⁠galmagal eşidilýär, Sebäbi Ýehowa duşmanlarynyň almytyny berýär.   Aýalyň burgusy tutmanka, çagasy boldy+, Sanjysy tutmanka, ogly dünýä indi.   Şeýle zady eşiden barmy? Şeýle zady gören barmy? Bir günde ýurt dörärmi? Bir demde millet dogularmy? Sionyň burgusy tutan badyna, ogullary dünýä indi.   «Men aý⁠-⁠gününi doldurybam, dogurtman goýarynmy?»Muny Ýehowa aýdýar. «Sanjysyny tutdurybam, ýatgysyny baglarynmy?»Muny Hudaý aýdýar. 10  Iýerusalimi söýýänler+, onuň bilen şatlanyň, begeniň+. Iýerusalimiň ýasyny tutanlar, onuň bilen şatlanyň. 11  Çaganyň ejesini emip, rahatlanyşy ýaly,Sizem Iýerusalimi görüp, göwünlik taparsyňyz,Ondan ganyp, şan⁠-⁠şöhratyna begenersiňiz. 12  Ýehowa şeýle diýýär: «Onuň parahatlygy derýa kimin+,Milletleriň şan⁠-⁠şöhraty sil kimin akar+. Ol sizi emdirer, elinde göterer,Aýagynda yralar. 13  Ejesiniň ogluny köşeşdirişi ýaly,Menem size göwünlik bererin+.Iýerusalimi görüp, kalbyňyz rahatlyk tapar+. 14  Şonda şatlanarsyňyz,Süňkleriňiz güýç⁠-⁠kuwwatdan dolar*.Ýehowa gullaryna gudratly goluny görkezer, Duşmanlaryny bolsa höküm eder»+. 15  «Ýehowa alaw kimin geler+,Arabalary tüweleý kimin geler+.Gazaba münüp ar alar,Gahar ody bilen jeza berer*+. 16  Ýehowa ot bilen höküm eder,Adamlara garşy gylyjyny galdyrar,Köpler Ýehowanyň elinden öler. 17  Olar tämizlenip we taýýarlyk görüp, ýalan taňra sežde etmek üçin* keramatly baga+ barýarlar. Doňzy+, syçany+ we haram zatlary iýýärler. Olaryň hemmesi ýok bolar». Muny Ýehowa aýdýar. 18  «Sebäbi men olaryň edýän işlerini, oý⁠-⁠pikirlerini bilýärin. Men milletleri we dilleri bir ýere jemlärin. Olar hem meniň şöhratymy görerler». 19  «Men olaryň arasynda bir bellik dikerin. Aman galanlaryň käbirini ýaýçylaryň ýurduna: Tarşyşa+, Puwala, Luda+ ibererin. Olary Tubala, Ýawana+ we uzak adalara ýollaryn. Ol milletler men hakda eşitmändiler, şöhratymy görmändiler. Aman galanlar olara şöhratym hakda gürrüň bererler+. 20  Ysraýyl halkynyň Ýehowanyň öýüne arassa gap⁠-⁠gaçlarda sadaka getirişi ýaly, olar hem doganlaryňyzy atlarda, arabalarda, paýtunlarda, gatyrlarda we ýüwrük düýelerde başga milletleriň arasyndan alyp gelerler+. Olary mukaddes dagyma, Iýerusalime getirip, Ýehowa sadaka bererler». Muny Ýehowa aýdýar. 21  «Olaryň käbirini ruhany we lewi edip bellärin». Muny Ýehowa aýdýar. 22  Ýehowa şeýle diýýär: «Meniň ýaradan täze göklerim we täze ýerim+ huzurymda ebedi durar. Şonuň ýaly siziň nesliňiz⁠-⁠de, adyňyz⁠-⁠da baky galar+. 23  Her Täze aý baýramynda, her Sabat gününde,Adamlar huzuryma gelip tagzym ederler»+.Muny Ýehowa aýdýar. 24  «Olar çykyp, maňa garşy gozgalaň turzan adamlaryň jesetlerini görerler.Jesetleriň gurçuklary ölmez,Olary ýakýan ot sönmez+.Ähli halklar olary ýigrener».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: Buta alkyş.
Sözme⁠-⁠söz: ter ot kimin öser.
Sözme⁠-⁠söz: käýär.
Sözme⁠-⁠söz: ortada duranyň arkasyndaky.