Işaýa 60:1—22

  • Ýehowanyň şöhraty Sionda ýalkym saçýar (1—22)

    • Höwürtgesindäki kepderi deý (8)

    • Mise derek altyn (17)

    • Az adamdan müň adam (22)

60  «Eý aýal, ýeriňden tur+, şöhle saç!Sebäbi nuruň ýalkym saçdy, Saňa Ýehowanyň şöhraty indi+.   Ýer ýüzüni garaňkylyk,Milletleri tümlük gaplasa⁠-⁠da,Ýehowanyň nury saňa ýalkym saçar,Şöhraty üstüňe iner.   Patyşalar+ şan⁠-⁠şöhratyňy görüp+,Halklar nuruňa geler+.   Başyňy galdyr, daş⁠-⁠töweregiňe seret! Olar jem bolup, ýanyňa üýşerler. Ogullaryň alyslardan gelerler+,Gyzlaryňy gujagynda göterip getirerler+.   Muny görüp begenersiň+,Ýüregiň şatlykdan ýaňa gürsüldäp urar.Deňziň baýlygy,Milletleriň mal⁠-⁠mülki saňa berler+.   Midýan we Eýpah+ düýeleri,Kerwen gurap ýurduňa geler. Şebanyň halky saňa altyn,Ladan* getirer. Olar Ýehowany wasp eder+.   Kedaryň+ ähli goýun⁠-⁠geçileri, Nebaýotyň+ goçlary saňa getiriler*. Olary gurbanlyk bererler,Menem kabul ederin+,Şöhratly öýümi bezärin+.   Bulut kimin süýşüp gelýänler kim?Kepderi deý höwürtgesine* uçup gelýänler kim?   Adalar maňa umyt baglar+.Tarşyşyň gämileri ilkinji geler,Ogullaryňy uzaklardan+,Altyn⁠-⁠kümüş bilen alyp gelerler.Hudaýyňyz Ýehowanyň adyny arşa galdyrarlar,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyny şan⁠-⁠şöhrata beslärler.Men seni şöhratlandyraryn+. 10  Milletler diwarlaryňy gurarlar,Patyşalar huzuryňda hyzmat ederler+.Men gahar bilen jeza berenem bolsam,Saňa haýpym gelip, rehim ederin+. 11  Derwezeleriň hemişe açyk bolar+,Gije⁠-⁠de, gündiz⁠-⁠de ýapylmaz.Halklar baýlygyny saňa getirer,Patyşalar olaryň öňüni çeker+. 12  Saňa hyzmat etmedik halklar gyrlar,Milletler, patyşalyklar ýok ediler+. 13  Liwany dünýä tanadanArça, toraňňy, serwi agaçlaryny saňa getirerler+.Olar ybadathanany bezär.Men aýak basan ýerimi şöhratlandyraryn+. 14  Seni ezenleriň ogullary aýagyňa ýykylar,Seni kemsidenler öňüňde dyza çöker.Olar saňa Ýehowanyň şäheri,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň Siony diýerler+. 15  Men senden ýüz öwürdim,Adamlar seni ýigrendi, gapyňa gelen bolmady+.Indi bolsa saňa guwanarlar,Nesilden⁠-⁠nesle şatlanarlar+. 16  Çagasyny emdirýän ene ýaly+,Milletler⁠-⁠de, patyşalar⁠-⁠da seniň aladaňy eder*+.Şonda sen meniň Ýehowadygymy, Penakäriňdigimi,Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy,Halasgäridigimi* bilersiň+. 17  Mise derek altyn,Demre derek kümüş,Agaja derek mis,Daşa derek demir bererin.Parahatlyk serdaryň,Dogruçyllyk baştutanyň bolar+. 18  Ýurduňda zorluk⁠-⁠sütem bolmaz,Topragyňda weýrançylyk we heläkçilik sesi eşidilmez+. Diwarlaryňa „Gutulyş“+,Derwezeleriňe „Alkyş“ diýip at goýarsyň. 19  Gündizine Gün şöhlesini saçmaz,Gijesine Aý ýagtylyk bermez.Sebäbi Ýehowanyň nury ebedilik şöhle saçar+,Hudaý seniň görküňe görk goşar+. 20  Indi seniň Günüň batmaz,Aýyň ýüzi tutulmaz.Sebäbi Ýehowanyň nury ebedilik şöhle saçar+,Ýas günleriň tamamlanar+. 21  Seniň halkyň dogruçyl bolar,Ýurdunda ebedi ýaşar. Olar eken nahalymdyr, ellerimiň işidir+,Olar meni şöhratlandyrar+. 22  Az adamdan müň adam,Ejizden güýçli halk dörär. Men, Ýehowa muny öz wagtynda tizleşdirerin».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: hyzmat eder.
Sözme⁠-⁠söz: ketegine.
Ýa⁠-⁠da: Sen milletleriň süýdüni içersiň, patyşalary emersiň.
Sözme⁠-⁠söz: Töleg töländigimi.