Işaýa 6:1—13

  • Ýehowa ybadathanasynda (1—4)

    • «Ýehowa mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!» (3)

  • Işaýanyň dodagyna köz degirýärler (5—7)

  • Işaýa ýumuş tabşyrylýar (8—10)

    • «Men giderin! Meni iber!» (8)

  • «Eý Ýehowa, haçana çenli?» (11—13)

6  Uzyýa patyşanyň aradan çykan ýyly+ men görnüş* gördüm. Şonda Ýehowa beýik we belent tagtda otyrdy+, donunyň etegi ybadathanany doldurýardy.  Onuň huzurynda seraplar durdy. Olaryň hersiniň alty ganaty bardy. Olar iki ganaty bilen ýüzüni, iki ganaty bilen aýaklaryny ýapýardy, iki ganaty bilen uçýardy.   Seraplar biri⁠-⁠birine batly ses bilen: «Serkerdebaşy ÝehowaMukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!+ Bütin ýer ýüzi onuň şöhratyndan doludyr!» diýýärdiler.  Olaryň sesinden ýaňa gapylaryň söýeleri titredi we ybadathana tüsseden doldy+.   Şonda men şeýle diýdim: «Waý meniň halyma! Indi men ölerin*,Sebäbi men agzy haram adam,Agzy haram halkyň arasynda ýaşaýaryn+.Men Patyşany, Serkerdebaşy Ýehowany gördüm!»  Şonda seraplaryň biri ýanyma uçup geldi. Elinde gurbanlyk ojagyndan*+ ätişgir* bilen alan dym gyzyl közi+ bardy.  Ol közi dodagyma degrip: «Ine, köz dodagyňa degdi. Indi sen ýazykly dälsiň,Günäň geçildi» diýdi.  Soňra men Ýehowanyň: «Kimi ibereýin? Biziň üçin kim gider?»+ diýen sesini eşitdim. Şonda men: «Men giderin! Meni iber!»+ diýdim.   Ol maňa diýdi: «Halkyň ýanyna baryp, şeýle diý: „Siz gaýta⁠-⁠gaýta eşidersiňiz,Emma düşünmersiňiz.Siz gaýta⁠-⁠gaýta görersiňiz,Ýöne hiç akyl ýetirip bilmersiňiz“+. 10  Halkyň ýüregini gatat+,Gulaklaryny ker et+,Gözlerini kör et.Goý, gözleri bilen görmesinler,Gulaklary bilen eşitmesinler,Ýürekleri bilen düşünmesinler,Sagalmak üçin yzyna dolanmasynlar»+. 11  Men: «Ýehowa, haçana çenli?» diýip soradym. Ol şeýle diýdi: «Şäherler weýran bolýança,Öýler boşap galýança,Ýurt haraba bolup, çöle öwrülýänçä+, 12  Ýehowa adamlary uzak ýurda sürgün edýänçä+,Tutuş ýurt harabaçylyga öwrülýänçä şeýle bolar. 13  Ýurtda halkyň ondan biri galar, ýöne ony ýene⁠-⁠de oda ýakarlar. Beýik agaç, dub agajy çapylanda töňňesiniň galyşy ýaly, onuň hem töňňesi galar. Şol töňňeden mukaddes nesil* dörär».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: meni dymdyrarlar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gysgyç.
Sözme⁠-⁠söz: tohum; şaha.