Işaýa 59:1—21

  • Ysraýyl günä edip, Hudaýdan daşlaşýar (1—8)

  • Toba edýärler (9—15a)

  • Ýehowa toba edýänleri halas edýär (15b—21)

59  Halas etmez ýaly Ýehowanyň eli ejiz däldir+,Eşitmez ýaly gulagy agyr däldir+.   Günä edip, özüňiz Hudaýdan daşlaşdyňyz+. Ol sizden ýazyklaryňyz sebäpli ýüz öwürdi,Sizi eşitmek islemedi+.   Elleriňiz gana boýaldy+,Barmaklaryňyz günä bulaşdy. Agzyňyzdan mekirlik pürkülýär,Diliňizden ýalançylyk dökülýär+.   Adalatyň tarapyny tutýan ýok+,Kazynyň öňünde hakykaty aýdýan ýok. Olar boş zatlara bil baglaýar+, biderek gepleýär. Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,Adamlara hemişe ýamanlyk edýär+.   Zäherli ýylanyň ýumurtgasyny basyrýar,Möýüň kerebini dokaýar+. Olaryň ýumurtgasyny iýen adam öler,Basyran ýumurtgasyndan alahöwren çykar.   Dokan kerebinden eşik tikip bolmaz,Eden işleriniň peýdasy bolmaz+. Olaryň elleri zalymlyk, gollary zorluk edýär+.   Aýaklary erbetlik etmäge ylgaýar,Bigünä gany dökmäge howlugýar+. Oý⁠-⁠pikirleri pislikdir,Ýollary weýrançylykdan, heläkçilikden doludyr+.   Olar parahatlyk ýollaryny bilmeýärler,Ýodalarynda adalatlylyk ýokdur+. Özlerine egri ýollary çekdiler,Olardan ýöreýänler parahatlyk görmez+.   Şol sebäpli adalatlylyk bizden uzakda,Dogruçyllyk bizden daşda. Ýagtylyga garaşdyk, emma daş⁠-⁠töweregimiz garaňkylyk,Nura garaşdyk, ýöne tümlükde ýöredik+. 10  Körler kimin diwardan ýapyşyp ýöredik,Gözsüz kimin sermeleşip gezdik+. Günortan çagy garaňky gijede gezýän ýaly büdreýäris.Pälwanlaryň ýanynda jesede meňzeýäris. 11  Ählimiz aýy kimin gygyrýarys,Gumry kimin gurruldap, zaryn⁠-⁠zaryn aglaýarys. Adalata garaşdyk, ýöne görmedik,Gutulyşa garaşdyk, emma gelmedi. 12  Saňa garşy köp gozgalaň turuzdyk+.Günälerimiz muňa şaýatlyk edýär+. Gozgalaň turuzdyk, günä etdik,Olaryň hijisini unutmadyk+. 13  Günäli işlere baş goşup, Ýehowadan ýüz öwürdik,Hudaýymyza ýeňsämizi öwürdik. Zulum⁠-⁠sütem, gozgalaň hakda gürrüň açdyk+.Ýüregimiz mekirlikden doldy, dilimiz ýalan ýagdyrdy+. 14  Adalat yza çekildi+,Dogruçyllyk gaçdy+.Hakykat şäher meýdançasynda* büdredi,Dogruçyllyk baryp bilmedi. 15  Hakykat zym⁠-⁠zyýat boldy+,Ýamanlykdan el çeken talandy. Ýehowa muny görüp gynandy,Sebäbi adalat ýokdy+. 16  Ol kömege ýetişýän adamyň ýokdugyny gördi.Töwellaçynyň ýokdugyna haýran galdy.Şonda goly bilen halas etdi,Adalaty* biline berk guşady. 17  Ol dogruçyllygy sowut kimin,Gutulyşy* tuwulga kimin geýdi+. Ar alyş donuny egnine atdy+,Yhlas lybasyny geýdi. 18  Olara eden işine görä, şeýle paý berer+: Duşmanlarynyň başyndan gazabyny inderer, Ýagylaryny jezalandyrar, adalara hakyny berer+. 19  Günbatardakylar Ýehowanyň adyndan,Gündogardakylar şöhratyndan gorkarlar.Sebäbi Ýehowa joşup akýan derýa kimin,Ruhy bilen şarlap akýan derýa kimin geler. 20  «Siona, Ýakubyň toba eden nesline+Halasgär*+ geler»+. Muny Ýehowa aýdýar. 21   Ýehowa şeýle diýýär: «Olar bilen baglaşan ähtim şudur+. Siziň üstüňize inderen ruhum, agzyňyza salan sözlerim häzirem, gelejekde⁠-⁠de siziň diliňizden, ogullaryňyzyň we agtyklaryňyzyň dilinden düşmez». Muny Ýehowa aýdýar.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Dogruçyllygy.
Ýa⁠-⁠da: Ýeňşi.
Sözme⁠-⁠söz: Töleg tölän.