Işaýa 57:1—21

  • Hudaýhon we wepaly adam dünýäden ötýär (1, 2)

  • Zynahor ysraýyl halky paş edilýär (3—13)

  • Ejizleri berkidiň (14—21)

    • Erbetler möwç urýan deňiz ýaly (20)

    • Erbetler asuda durmuş görmez (21)

57  Hudaýhon adam dünýäden ötýär,Ýöne muňa hiç kim üns bermeýär. Wepaly adamyň jany alynýar+,Hudaýhon adam betbagtçylyk sebäpli* ýok bolýar,Ýöne hiç kim ol hakda pikirlenmeýär.   Ol rahatlyk tapýar. Halal ýaşan adam mazarda* ýatýar.   «Jadygöý* aýalyň ogullary!Zynahoryň, ahlaksyz aýalyň ogullary,Golaýyma geliň!   Siz kimiň üstünden gülýärsiňiz? Diliňizi çykaryp, kimi kemsidýärsiňiz? Günäkärleriň, ýalançylaryň çagalary siz dälmi?+   Gür ýaprakly+ we uly agaçlaryň aşagynda+,Azgyn höwesleri güýjän adamlaryň çagalary siz dälmi?Jülgelerde, gaýalaryň arasynda,Çagalarynyň damagyny çalanlaryň nesli siz dälmi?+   Jülgedäki ýylmanak daşlary alýarsyňyz+, Olara maýyl bolýarsyňyz. Siz olara şerap sadakalaryny, sowgatlary berýärsiňiz+. Men muňa razy bolarynmy?   Beýik we belent daglarda ýorgan⁠-⁠düşek saldyňyz+,Daglara çykyp, gurbanlyk berdiňiz+.   Siz öýüňizde* ýadygärlik dikdiňiz. Meni taşlap gitdiňiz, eşigiňizi çykaryp ýalaňaçlandyňyz,Daga çykyp, düşegiňizi giňden ýazdyňyz. Oýnaşlaryňyz bilen äht baglaşdyňyz, Bir düşekde ýatmagy haladyňyz+,Gözüňizi jyns agzasyndan aýyrmadyňyz*.   Siz melhem ýaglary, hoşboý ysly atyrlary alyp,Mäligiň* ýanyna gitdiňiz. Çaparlary uzak ülkelere ýolladyňyz,Abraýdan düşüp, mazara indiňiz. 10  Köp ýollary geçdiňiz, halys tapdan düşdüňiz,Ýöne: „Bary biderek boldy!“ diýmediňiz. Täzeden güýç topladyňyz, Ýadamagyň nämedigini bilmediňiz. 11  Kimden gorkduňyz?Kimden heder edip, ýalan sözläp başladyňyz?+ Meni ýatlamadyňyz+, Hiç zat barada oýlanmadyňyz+. Men ümsüm oturdym, hiç zat etmedim+, Şonuň üçin menden gorkmadyňyz. 12  Men „dogruçyllygyňyzy“+, eden işleriňizi paş ederin+,Olaryň size peýdasy bolmaz+. 13  Siz kömek sorap ýalbararsyňyz,Emma butlaryňyzyň biri⁠-⁠de sizi halas etmez+. Olar ýele tozap gider,Bir üfläniňde ýok bolar.Emma menden pena gözlän ýeri miras alar,Mukaddes dagymda ýaşar+. 14  Şonda: „Ýol çekiň! Eý adamlar, ýol çekiň! Ýol taýýarlaň!+ Halkymyň öňündäki böwetleri aýryň“ diýerler». 15  Ady mukaddes+, ebedi ýaşaýan Hudaý+,Allatagala*, Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Men beýik we mukaddes ýerde ýaşaýaryn+.Ejizleri berkitmek üçin,Ezilenlere güýç bermek üçin,Ejizleriň we ezilenleriň ýanynda bolaryn+. 16  Olara hemişe temmi berip durmaryn,Mydama gaharlanyp ýörmerin+.Sebäbi ynsanlar muňa çydamaz+,Ýaradan janly⁠-⁠jandarlarym güýçden gaçar. 17  Olar haram gazanjyň yşkyna düşüp günä etdiler+.Şonda men gahar⁠-⁠gazaba mündüm,Olary urdum, olardan ýüz öwürdim. Emma olar dönüklik etdiler+,Ýüregini diňläp, pälinden gaýtmadylar. 18  Men olaryň ýollaryny görýärin,Olary sagaldaryn+, elinden tutup ýörederin+.Men halkyma⁠-⁠da, ýas tutýanlaryna⁠-⁠da+ göwünlik bererin»+. 19  «Men ynsana alkyş aýtmagy öwrederin. Uzakda we ýakynda ýaşaýanlara bol parahatlyk bererin+.Men olary sagaldaryn». Muny Ýehowa aýdýar. 20  «Erbetler möwç urýan deňiz ýaly köşeşmäni bilmeýär,Olar suwotyny, hapany kenara taşlaýar». 21  Hudaýym: «Erbetler asuda durmuş görmezler»+ diýýär.

Çykgytlar

Başga manysy: betbagtçylykdan gutulmak üçin.
Sözme⁠-⁠söz: düşekde.
Ýa⁠-⁠da: Gözbagçy.
Sözme⁠-⁠söz: Gapyňyzyň we söýeleriňiziň yzynda.
Butparazlyk göz öňünde tutulýan bolmaly.
Başga manysy: Patyşanyň.
Sözlüge serediň.