Işaýa 52:1—15

  • Oýan, Sion! (1—12)

    • Hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan! (7)

    • Sionyň garawullary gygyrýar (8)

    • Ýehowanyň öýüniň esbaplaryny göterýänler päk bolmaly (11)

  • Ýehowanyň guly beýgeler (13—15)

    • Gelşiksiz adam (14)

52  Oýan, Sion+, oýan! Güýjüňe güýç goşulsyn!+ Mukaddes şäher Iýerusalim, owadan lybasyňy geý!+ Sünnetsiz, haram adam derwezeleriňden girmez+.   Tur, Iýerusalim, tozanyňy kakyp, törde otur! Sionyň ýesir düşen gyzy, zynjyry boýnuňdan aýyr+.   Ýehowa şeýle diýýär: «Siz mugt berildiňiz+, Pul tölenmän yzyňyza alnarsyňyz»+.   Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Başda halkym Müsürde gelmişek bolup ýaşady+,Soňra Assiriýa sebäpsiz ýere halkymy ezdi».   Ýehowa şeýle diýýär: «Indi men näme etmeli? Töleg tölemän halkymy alyp gitdiler. Olara agalyk edýänler öwünýärler»+. Muny Ýehowa aýdýar.«Yzyny üzmän her gün adyma dil ýetirýärler+.   Şonuň üçin halkym adymy biler+,Şol gün gepleýäniň mendigime düşüner. Muny men aýdýaryn».   Daglardan aşyp,Hoş habary aýdýanlaryň aýaklary nähili owadan!+Olar parahatlygy yglan edýärler+,Gowy günler barada habar berýärler,Gutulyş habaryny jar edýärler.Siona: «Hudaýyň Patyşa boldy!»+ diýýärler.   Diňle, garawullaryň batly gygyrýar, Ählisi birlikde şatlykdan ýaňa gygyrýar!Olar Ýehowanyň Siony dikeltjek gününi gözi bilen görerler.   Iýerusalimiň harabaçylyklary, şatlanyň, gygyryň!+Sebäbi Ýehowa halkyna teselli berdi+,Iýerusalim üçin töleg töledi+. 10  Ýehowa halklaryň öňünde mukaddes elini çermedi+.Indi ýer ýüzi Hudaýymyzyň halas edişini* görer+. 11  Çykyň, çykyň, ol ýerden çykyň!+ Haram zada el degirmäň!+ Ýehowanyň öýüniň esbaplaryny göterýänler,Ol ýerden çykyň+, özüňizi päk saklaň!+ 12  Siz ol ýerden howsala düşüp çykmarsyňyz,Gaçyp gaýtmarsyňyz.Sebäbi Ýehowa öňüňizden gider+,Ysraýylyň Hudaýy yzyňyzdan gorar+. 13  Gulum+ düşünjeli bolar. Ol beýgeldiler,Mertebesi artyp, belende galar+. 14  Köpler oňa geň galyp seredipdi.(Onuň ýüz⁠-⁠gözi gelşiksizdi,Başga adamlaryňka meňzemeýärdi.Daş keşbi özgeripdi, adamyňka çalym etmeýärdi). 15  Edil şonuň ýaly, ol hem milletleri geň galdyrar+. Onuň öňünde patyşalar agzyny ýumar+.Sebäbi olar aýdylmadyk zatlary görerler,Eşitmedik zatlaryny diňlärler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýeňşini.