Işaýa 51:1—23

  • Sion Erem bagy kimin bolar (1—8)

  • Beýik Ýaradan Siona teselli berýär (9—16)

  • Ýehowanyň gazap käsesi (17—23)

51  «Adalaty agtarýanlar, diňläň!Ýehowany gözleýänler, gulak goýuň! Gaýa serediň, siz ondan alyndyňyz,Çukura serediň, siz ondan çykdyňyz.   Ataňyz Ybraýyma,Sizi dünýä inderen Bibisara+ serediň. Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi+,Oňa bereket berdim, neslini köpeltdim+.   Ýehowa Siona teselli berer+, Weýran bolan ýerlerini dikelder*+.Çölleri Erem bagy deý bolar+,Düz ýerleri Ýehowanyň bagyna öwrüler+. Şatlyk we begenç sesi ýaňlanar,Alkyş we aýdym owazy ýaň salar+.   Halkym, meni diňläň!Halkym+, maňa gulak asyň! Men kanun çykararyn+,Men adalaty dikelderin, ol halklara nur saçar+.   Adalaty dikeltjek günüm+, Gutulyş günüm ýetip gelýär+.Golum bilen milletleri höküm ederin+, Adalar maňa umyt baglar+,Kuwwatly golumyň galmagyna garaşarlar.   Başyňyzy göge galdyryň,Aşak, ýere serediň. Gökler tüsse kimin dargar,Ýer eşik kimin çüýrär,Adamlar çybyn deý öler. Emma men ebedilik halas ederin+,Adalatym müdimilik bolar+.   Eý adalaty söýýänler,Kanunymy* ýüregine ýazanlar+, diňläň! Başy ölümli ynsan üstüňizden gülse, gorkmaň,Olar kemsitse, heder etmäň.   Sebäbi güýe olary eşik kimin iýer,Güýe* olary ýüň kimin dargadar+. Emma adalatym müdimilik durar,Gutulyşym nesilden⁠-⁠nesle dowam eder»+.   Ýehowanyň goly, oýan!+Oýan, güýjüňe güýç goşulsyn! Gadymy günlerde, ata⁠-⁠babalarymyzyň döwründe oýanyşyň ýaly oýan! Rahawy*+ bölek⁠-⁠bölek eden,Deňiz läheňini parçalan sen dälmi?+ 10  Deňzi, çuň suwlary guradan sen dälmi?+ Töleg töläp alan halkyň geçer ýaly,Deňziň içinden ýol çeken sen dälmi?+ 11  Ýehowanyň halas edenleri geler+. Olar begenip Siona girer+.Tükeniksiz şatlyk başynyň täji bolar+. Olar begener, şatlanar,Gaýgy⁠-⁠gamy unudar+. 12  «Men size göwünlik bererin+. Başy ölümli ynsandan,Ot kimin saralyp⁠-⁠solýan adamdan näme üçin gorkjak?+ 13  Asmany ýaýan+, ýeriň düýbüni tutan,Ýaradanyňyz Ýehowany+ näme üçin unutdyňyz? Gaharjaň hojaýyn öldürer öýdüp,Siz her gün gorkup ýördüňiz. Hany, gaharjaň hojaýynyňyz nirede? 14  Gandala salnan, bili bükülen adam azatlyga çykar+.Ol ölmez, çukura inmez,Çörege zar bolmaz. 15  Emma men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.Men deňzi çaýkaýaryn, tolkun atdyrýaryn+.Adym Serkerdebaşy Ýehowadyr+. 16  Size sözümi yglan etdirerin,Golumyň saýasynda sizi gizlärin+.Şonda gökleri ýaýaryn, ýeriň düýbüni tutaryn+,Siona: „Meniň halkym“+ diýerin. 17  Eý Iýerusalim, oýan! Oýan, aýaga gal!+Sen Ýehowanyň beren gazap käsesinden içdiň. Sen käseden içdiň,Käsäni boşatdyň, serhoş bolduň+. 18  Dünýä inderen ogullaryň hiç biri ýol görkezmez,Kemala getiren ogullaryň hiç biri eliňden tutmaz. 19  Şu dertleriň ikisinem çekersiň. Kim saňa göwünlik berer? Talanarsyň, weýran bolarsyň,Açlyk çekersiň, başyňdan gylyç iner+. Kim saňa teselli berer?+ 20  Ogullaryň huşuny ýitirdi+, Tora düşen dag goçy ýaly,Köçäniň çatryklarynda çaşyp ýatyrlar. Ýehowanyň gazap käsesinden içdiler,Hudaýyň temmisini aldylar». 21  Şerap içmän serhoş bolan aýal,Görgüli aýal, gulak goý! 22  Halkyny goraýan Hudaý,Hökümdaryň Ýehowa şeýle diýýär: «Serhoş edýän käsäni+,Gazap käsämi eliňden alaryn.Ondan gaýdyp içmersiň+. 23  Ony saňa sütem edenleriň eline bererin+,Olar: „Ýere ýüzin düş, seni basgylap geçjek“ diýdiler. Olar ýerden, köçeden ýörän ýaly,Arkaňy depeläp geçdiler».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ýerlerine teselli berer.
Ýa⁠-⁠da: Görkezmämi.
Başga manysy: Gurçuk.
Sözlüge serediň.