Işaýa 49:1—26

  • Ýehowanyň saýlan guly (1—12)

    • Milletlere nur saçylýar (6)

  • Ysraýyla teselli berilýär (13—26)

49  Diňläň, eý adalar!Üns beriň, eý uzakdaky milletler!+ Ýehowa meni dünýä inmänkäm saýlady+. Ejemiň garnyndakam adymy tutup çagyrdy.   Ol dilimi* kesgir gylyç ýaly etdi,Meni golunyň saýasynda gizledi+. Meni ýiti peýkam ýaly edip,Ok gabyna saldy.   Ol maňa: «Ysraýyl, sen meniň gulum!+Sen arkaly şan⁠-⁠şöhratymy görkezerin»+ diýdi.   Emma men: «Biderek zähmet çekdim. Güýjümi boş zada, biderek ýere sarp etdim. Maňa Ýehowa höküm çykarar,Sylagymy Alla berer»+ diýdim.   Ýehowa maňa ejemiň garnynda şekil berdi,Meni öz guly edip saýlady,Ýakuby getirmegi tabşyrdy,Ysraýyly jemlemegi buýurdy+. Ýehowanyň öňünde şöhrata eýe bolaryn,Hudaýym güýç⁠-⁠kuwwat berer.   Ol: «Eý gulum, sen Ýakubyň taýpalaryny dikeldersiň,Ysraýylyň aman galanlaryny jemlärsiň. Şeýle⁠-⁠de sen milletlere nur saçarsyň+,Bütin ýer ýüzüne halas edişimi yglan edersiň»+ diýdi.  Ysraýyl üçin töleg tölän Mukaddes Hudaý Ýehowa+ halkyň ýigrenen+, masgara eden adamyna, patyşalaryň hyzmatkärine şeýle diýýär: «Patyşalar görende ýerinden turar,Han⁠-⁠begler tagzym eder.Sebäbi seni wepaly Hudaý Ýehowa+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy saýlady»+.   Ýehowa şeýle diýýär: «Rehim eden döwrüm saňa jogap berdim+,Gutulyş güni saňa kömek etdim+.Men seni goradym, sebäbi sen halklara äht bolmaly+,Ýurdy dikeltmeli,Haraba bolan mirasy halkyma gaýtaryp bermeli+.   Tussaglara: „Azat boluň!“+ Garaňkylykda oturanlara+: „Ýagtylyga çykyň!“ diýmeli. Olar goýun sürüsi kimin ýollaryň gyrasynda otlarlar,Basgylanan ýodalaryň* töweregi olaryň öri meýdany bolar. 10  Olar ajykmaz, suwsamaz+,Olary jöwza ýakmaz, gün urmaz+. Sebäbi rehimdar Hudaý olara ýol görkezer+,Akar suwlaryň boýuna elter+. 11  Men daglarymy tekiz ýol ederin,Şaýollarymy beýgelderin+. 12  Ine, olar uzaklardan gelýär+.Käbiri demirgazykdan, käbiri günbatardan,Käbiri bolsa Sinim ýurdundan gelýär»+. 13  Eý asman hem ýer, şatlykdan ýaňa gygyryň!+ Goý, daglar begenip gygyrsyn!+ Sebäbi Ýehowa halkyna teselli berýär+,Ezilenlere rehim edýär+. 14  Emma Sion: «Ýehowa meni terk etdi+. Ýehowa meni unutdy»+ diýýär. 15  Ene emdirýän balasyny unudarmy?Bagryndan önen çagasyna rehimi inmezmi? Ene balasyny unutsa⁠-⁠da, men seni hiç haçan unutmaryn+. 16  Seret, adyňy elimiň aýasyna ýazdym. Diwarlaryň hiç haçan göz öňümden gitmeýär. 17  Ogullaryň ylgap geler. Seni ýer bilen ýegsan edenler uzaklara giderler. 18  Başyňy galdyr, daş⁠-⁠töweregiňe seret, Ählisi jem bolup ýanyňa gelýär+. Ýehowa şeýle diýýär: «Men diri şaýatdyryn. Olary şaý⁠-⁠sep kimin dakynarsyň,Gelin kimin boýnuňa monjuk edip dakarsyň. 19  Seniň ýurduň haraba bolsa⁠-⁠da,Çöle dönse⁠-⁠de, boşap galsa⁠-⁠da+,Indi adamlardan dolar, ýer ýetmän galar+.Seni ýalmap⁠-⁠ýuwudanlar+, indi golaýyňa gelmezler+. 20  Perzentleriňden mahrum bolan döwrüňDoglan çagalar: „Bärsi bize darlyk edýär. Ýaşara ýer ber“+ diýerler. 21  Sen içiňden diýersiň:„Olar kimiň çagalary?Men çagalaryndan mahrum bolan,Önelgesiz aýal ahyryn!Meni sürgün etdiler, zyndana saldylar. Kim olary kemala getirdi?+ Men ýeke galdym!+Olar nireden geldi?“»+ 22  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Milletlere el galdyraryn,Halklar üçin bellik dikerin+. Olar ogullaryňy gujagynda,Gyzlaryňy boýnunda göterip getirerler+. 23  Patyşalar saňa gulluk eder+,Şa aýallar çagalaryň enekesi bolar. Olar ýere ýüzin düşüp, saňa tagzym ederler+,Aýagyň tozanyny ýalarlar+.Şonda meniň Ýehowadygymy bilersiň,Maňa umyt baglanlar utanja galmaz»+. 24  Güýçli adamyň elinden ýesirleri azat edip bolarmy?Zalymyň sürgün edenlerini halas edip bolarmy? 25  Ýehowa şeýle diýýär: «Güýçli adamyň elinden ýesirler azat ediler+.Zalymyň sürgün edenleri halas ediler+. Saňa garşy çykanlar bilen özüm söweşerin+.Ogullaryňy özüm halas ederin. 26  Sizi ezen adamlara öz etini iýdirerin,Süýji şerabyň ýerine ganyny içirerin. Şonda ähli halklar meniň Ýehowadygymy+,Seniň üçin töleg tölän+ Halasgärdigimi+,Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: agzymy.
Başga manysy: Takrap ýatan depeleriň.