Işaýa 44:1—28

  • Hudaý saýlan halkyna bereket berýär (1—5)

  • Ýehowadan başga Hudaý ýokdur (6—8)

  • Ynsanyň ýasan butlary dereksizdir (9—20)

  • Ýehowa Ysraýyl üçin töleg töleýär (21—23)

  • Kir arkaly şäher dikeldilýär (24—28)

44  Gulum Ýakup, diňle!Saýlan gulum Ysraýyl+, gulak as!   Seni ýaradan, saňa şekil beren+,Dünýä ineniň bäri seni goldaýan Ýehowa şeýle diýýär: „Gulum Ýakup, gorkma!+Saýlan gulum Ýeşurun*+, heder etme!   Men suwsanlary* gandyraryn+,Gurak ýerden çeşme⁠-⁠çaýlary akdyraryn. Seniň nesliňe ruhumy indererin+,Nebereleriňe bereket eçilerin.   Olar gök ot kimin pajarlap öser+,Çeşmäniň boýundaky derek kimin bolar.   Biri: „Men Ýehowanyňky“ diýer+. Beýlekisi Ýakubyň adyny göterer.Ýene biri eline: „Men Ýehowanyňky“ diýip ýazar. Ol Ysraýylyň adyny alar“.   Ysraýylyň Patyşasy Ýehowa+,Halasgäri*+ Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Men ilkinji we soňkudyryn+. Menden başga Hudaý ýokdur+.   Maňa taý geljek barmy?+ Goý, jogap bersin, maňa aýtsyn, subut etsin!+ Gadymy halky döredenimden bäri, gelejegi aýdyp gelýärin.Goý, olar hem ýakynda boljaklary,Gelejekde boljaklary öňünden aýdyp bersinler.   Sandyramaň, gorkudan ýaňa ejizlemäň+.Men size öňünden aýtmadymmy? Yglan etmedimmi? Siz meniň şaýatlarym+. Menden başga Hudaý barmy? Ýok! Menden başga Arkadag ýok+, Men birini hem bilmeýärin“».   Oýma butlary ýasaýanlar biderek adamlardyr.Arzyly butlary dereksizdir+. Olaryň özleri⁠-⁠de,Şaýatlary⁠-⁠da hiç zat bilmeýär we görmeýär+.Olary ýasanlar masgara bolar+. 10  Haýsy akmak oýma we guýma butlary ýasaýar?Olardan hiç hili peýda ýokdur+. 11  Ine, ähli ýoldaşlary masgara bolar+. Ussalar ýöne bir ynsandyr. Goý, olar jem bolsun, ýerlerinde otursyn! Olar howsala düşer, utanja galar. 12  Ussa guralyny alyp, demri közde gyzdyrýar, Çekiç bilen urup, oňa şekil berýär.Güýçli goly bilen işleýär+. Ol ajygýar, ysgyny gaçýar,Suw içmeýär, güýçden gaçýar. 13  Ussa agajy ölçeg ýüpi bilen ölçeýär,Gyzyl hek bilen çyzýar. Ýonguç bilen ýonup, guraly* bilen bellik edýär. Buta ynsan şekilini berýär+,Ynsan keşbinde owadan edip ýasaýar, Soňra öýe* getirip goýýar+. 14  Kedr agaçlaryny çapýan adam, Agaçlaryň birini, dub agajyny saýlaýar,Tokaýda ösüp berkeýänçä ideýär+. Lawr agajyny ekýär, ýagyş bolsa suwarýar. 15  Soňra agajy odun edip ulanýar, Bir bölegini ýakyp ýylynýar.Ot ýakyp, çörek ýapýar. Galanyndan but ýasap, sežde edýär. Ýasan oýma butuna tagzym edýär+. 16  Ýarysyny otda ýakýar.Et gowrup, garnyny doýurýar. Oduň başynda oturyp: «Ýylyndym, hezil etdim!» diýýär. 17  Galanyndan taňry ýasaýar, oýma but ýasaýar. Iki bükülip, oňa sežde edýär. Buta çokunyp: «Eý taňrym, meni gora!» diýýär+. 18  Olar hiç zat bilmeýär, hiç zada düşünmeýär+,Sebäbi gözleri bagly, hiç zady görmeýär.Olaryň aň⁠-⁠düşünjesi ýok. 19  Olaryň ne bilimi, ne⁠-⁠de düşünjesi bar.Hiç biri oýlanmaýar, öz⁠-⁠özüne: «Men agajyň ýarysyny odun etdim,Közünde çörek bişirdim, et gowurdym. Indi bolsa galanyndan ýigrenji but ýasaýynmy?+ Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýmeýär. 20  Ol kül bilen naharlanýar. Azgyn ýüregi azdyrýar. Ol janyny halas edip bilmeýär. Şeýle⁠-⁠de: «Sag elimdäki dereksiz zat dälmi?» diýmeýär. 21  «Ýakup, Ysraýyl, şuny unutma!Sen meniň gulum, Seni men ýaratdym, sen meniň gulum+. Ysraýyl, seni unutmaryn+. 22  Günäleriň üstüni bulut bilen+,Ýazyklaryňy gara bulut bilen örterin. Maňa dolan, seniň üçin töleg tölejek+. 23  Eý gökler, begenip gygyryň!Sebäbi Ýehowa aýaga galdy. Ýeriň düýpleri, şatlykdan ýaňa gygyryň! Daglar, tokaýlar, ähli agaçlar şatlanyp gygyryň!+ Sebäbi Ýehowa Ýakup üçin töleg töledi,Ysraýylyň hatyrasyna şan⁠-⁠şöhratyny görkezdi»+. 24  Seniň üçin töleg tölän+,Ejeň ýatgysynda saňa şekil beren Ýehowa şeýle diýýär: «Ähli zady ýaradan men, Ýehowa.Asmany özüm üçin ýaýdym+,Ýer ýüzüni ýazdym+. Maňa kömek eden boldumy? 25  Ýalan pygamberleriň sözlerini* puja çykarýaryn,Palçylary däliredýärin+.Paýhasly adamlary akylyndan azaşdyrýaryn,Olaryň bilimini akmaklyga öwürýärin+. 26  Men öz gulumyň sözlerini amala aşyrýaryn,Habarçylarymyň aýdanlaryny ýerine ýetirýärin+.Iýerusalim hakda: „Ilatly bolar“+ diýýärin.Ýahudanyň galalary hakda: „Olar dikeldiler+.Diwarlaryny özüm galdyraryn“+ diýýärin. 27  Men düýpsüz ummana: „Bugaryp gurarsyň,Derýalaryň baryny guradaryn“+ diýýärin. 28  Men Kir+ hakda: „Ol meniň çopanym,Ähli niýetimi doly amala aşyrar“+ diýýärin.Iýerusalim hakda: „Ol dikeldiler“, Ybadathana: „Seniň düýbüň tutular“+ diýýärin».

Çykgytlar

Manysy: Halal; dogry. Ysraýylyň hormatly ady.
Ýa⁠-⁠da: gurak topragy.
Sözme⁠-⁠söz: Töleg tölän.
Ýa⁠-⁠da: sirkul.
Ýa⁠-⁠da: buthana.
Sözme⁠-⁠söz: alamatlaryny.