Işaýa 41:1—29

  • Gündogardan aýaga galan serkerde (1—7)

  • Ysraýyl Hudaýyň saýlan guludyr (8—20)

    • «Ybraýym dostum» (8)

  • Başga taňrylar boşdur (21—29)

41  «Eý adalar, diňläň, sözümi bölmäň!Eý milletler, biliňizi berk guşaň! Huzuryma gelip, arzyňyzy aýdyň+, Geliň, dawamyzy bile çözeliň.   Kim gündogardan serkerdäni aýaga galdyrdy?+Kim adalaty dikeltmek üçin ony huzuryna* çagyrdy?Kim halklary onuň eline berdi?Kim patyşalary oňa boýun egdirdi?+ Kim onuň gylyjy bilen olary guma gardy,Ýaýy bilen saman kimin pytratdy?   Ol ýat ýurda arkaýyn girip,Halklary boýun egdirdi.   Muny kim etdi? Kim amala aşyrdy?Nesilleri ilkibaşdan ýygnan kim? Muny men etdim!Men, Ýehowa, Ilkinjidirin+.Soňky nesle çenli hem üýtgemerin»+.   Onuň işlerini görüp, adalar gorkdy, Tutuş ýer ýüzi sandyrady. Olar bir ýere jem boldular.   Her kim ýoldaşyna kömek edýär,Doganyna: «Mert bol!» diýýär.   Ussa zergäre+ göwünlik berýär,Çekiç bilen demri ýençýän,Sandalda* işleýäne goltgy berýär. Edilen işi görüp: «Berekella!» diýýär. But gozganmaz ýaly çüýlenip goýulýar.   «Ysraýyl, sen meniň gulumsyň!+Ýakup, sen meniň saýlanymsyň!+Sen dostum Ybraýymyň neslisiň+.   Men seni ýeriň ähli künjeginden ýygnadym+,Ýeriň aňry çetinden çagyrdym. Saňa diýdim: „Sen meniň gulum+,Meniň saýlanym, senden ýüz öwürmedim+. 10  Gorkma, men seniň bilendirin+, Howsala düşme, men seniň Hudaýyňdyryn+. Men saňa güýç bererin, kömek ederin+,Seni adalatly sag golum bilen goldaryn“. 11  Seniň üstüňe gygyrýanlar masgara bolup, utanja galar+, Seniň bilen söweşýänler gyrlar, dünýä inmedik ýaly bolar+. 12  Sen duşmanyňy gözlärsiň, emma tapyp bilmersiň,Seniň bilen söweşýänler dünýä gelmedik ýaly ýok ediler+. 13  Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn.Sag eliňden berk tutup:„Gorkma, saňa kömek ederin!“+ diýýän Hudaýyňdyryn. 14  Gurçuk ýaly ejiz Ýakup, gorkma!+Ysraýyl halky, men sizi goldaryn».Muny Ýehowa, siziň Halasgäriňiz*+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy diýýär. 15  «Men seni harman döwülýän tagta ýaly ederin+,Ýiti dişli täze döwek ýaly ederin. Sen daglary depeläp, kül⁠-⁠owram edersiň,Baýyrlary samana dönderersiň. 16  Sen olary ýele sowrarsyň.Şemal olary uçuryp äkider,Tüweleý çar tarapa pytradar. Sen bolsa Ýehowanyň işlerini görüp begenersiň+,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň gudratyna guwanarsyň»+. 17  «Mätäç we garyp suwsaýar, ýöne suw tapmaýar, Olaryň damagy suwsuzlykdan guraýar+. Men, Ýehowa, olara kömek ederin+, Men, Ysraýylyň Hudaýy, olardan ýüz öwürmerin+. 18  Men gurap ýatan depelerden derýalar+,Jülgelerden çeşme⁠-⁠çaýlar akdyraryn+. Çölleri gamyşly köle öwrerin,Takrap ýatan ýerlerden çeşmeler akdyraryn+. 19  Men çölde kedr hem akasiýa agaçlaryny,Senuber* hem reýhan* agaçlaryny oturdaryn+. Sährada arça agajyny,Toraňňy we serwi agaçlaryny ekerin+. 20  Muny Ýehowanyň eliniň edendigini,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň ýaradandygyny,Ähli halklar görerler we bilerler,Oýlanarlar hem⁠-⁠de düşünerler»+. 21  Ýehowa: «Arzyňyzy aýdyň» diýýär. Ýakubyň Patyşasy: «Deliller getiriň» diýýär. 22  «Subutnama getirip, gelejegi aýdyp beriň. Gadymy* günler hakda gürrüň beriň,Olar hakda oýlanaly, olaryň soňuny bileli. Ýa⁠-⁠da gelejekde boljak zatlary gürrüň beriň+. 23  Bize gelejegi aýdyp beriň,Şonda siziň taňrydygyňyzy bileris+. Ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bir zatlar ediň,Şonda işleriňizi görüp, haýran galarys+. 24  Emma siz hiç zatsyňyz,Eden işiňiz ýokdur+. Sizi saýlan adam ýigrenjidir+. 25  Men birini aýaga galdyraryn, ol demirgazykdan geler+,Ol gündogarly+, meniň adymy çagyrar. Küýzegäriň palçygy depeleýşi ýaly+,Ol hem baştutanlary depelär. 26  Biz habarly bolar ýaly, kim muny ilkibaşda gürrüň berdi?Biz: „Ol dogry aýdýar!“ diýer ýaly,Kim gadymy günlerde aýdyp berdi?+ Hiç kim gürrüň bermedi! Hiç kim aýdyp bermedi! Hiç kim sizden bir agyz söz eşitmedi»+. 27  Men ilkinji bolup, Siona gelejegi gürrüň berdim+. Men Iýerusalime hoş habary aýdýany ibererin+. 28  Men seretdim, emma hiç kimi görmedim,Olaryň hiç biri maslahat bermedi. Men olaryň jogabyna köp garaşdym. 29  Ine, olaryň bary puçdur!* Eden işleri ýokdur. Guýma butlary şemal ýaly boşdur+.

Çykgytlar

Ýagny gulluk etmäge.
Demir ýassyk. Ussalar onuň üstünde metallary ýençýärler.
Sözme⁠-⁠söz: töleg tölän.
Ýa⁠-⁠da: Sosna.
Ýa⁠-⁠da: nazboýgül.
Sözme⁠-⁠söz: Ilkinji.
Ýa⁠-⁠da: salgymdyr!