Işaýa 4:1—6

  • Ýedi aýal bir erkege ýapyşar (1)

  • Ýehowanyň oturdan nahaly beýik agaç bolar (2—6)

4  Şol gün ýedi aýal bir erkege ýapyşyp+: «Biz iýmäge çöregi,Geýmäge eşigi özümiz taparys;Bize öýlen, adyňy götermäge rugsat ber,Bizi masgaraçylykdan* halas et» diýer+.  Şol gün Ýehowanyň oturdan nahaly owadan we beýik* agaç bolar. Ysraýylyň aman galanlary ýurduň hasylyna guwanar, buýsanar+.  Sionyň we Iýerusalimiň aman galanlaryna — Iýerusalimde ýaşamak üçin ýazga alnan ilata — mukaddes diýler+.  Ýehowa Sion gyzlaryny hapadan* arassalar+. Hudaý gahar⁠-⁠gazap bilen Iýerusalimi höküm edip, gan tegmillerinden tämizlär+.  Ýehowa tutuş Sion dagyny we onuň ýygnak ýerini gündizine bulut hem tüsse bilen, gijesine bolsa alaw bilen gorar+. Şöhratly şäher gorag astynda bolar.  Ol ýerde yssyda saýa salýan+ we gaý⁠-⁠tupandan goraýan gaçybatalga bolar+.

Çykgytlar

Gyz durmuşa çykmasa we gelniň çagasy bolmasa masgaraçylyk hasaplanýardy.
Ýa⁠-⁠da: şöhratly.
Sözme⁠-⁠söz: nejasatdan.