Işaýa 39:1—8

  • Wawilondan gelen myhmanlar (1—8)

39  Şol günler Wawilon patyşasy Balahanyň ogly Merodakbalahan Hizkiýanyň+ keselländigini we derdinden gutulandygyny eşidip, hat ýazyp, sowgat⁠-⁠serpaý iberdi+.  Hizkiýa gelen myhmanlary gujak açyp garşy aldy. Olara hazynasyndaky+ altyn⁠-⁠kümşüni, melhem ýagyny, başga⁠-⁠da gymmatbaha ýaglaryny, ok⁠-⁠ýaraglaryny we genji⁠-⁠hazynasyny görkezdi. Köşgünde we patyşalygynda Hizkiýanyň olara görkezmedik zady galmady.  Şonda Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip: «Olar nireli, näme diýdiler?» diýip sorady. Hizkiýa: «Olar uzak ýurtdan, Wawilondan gelipdirler»+ diýdi.  Işaýa: «Köşkde nämeleri görkezdiň?» diýip sorady. Hizkiýa: «Hemme zady, hazynamda görkezmedik zadym galmady» diýdi.  Işaýa pygamber Hizkiýa diýdi: «Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:  „Şeýle günler geler, köşgüňdäki ähli zatlar, ata⁠-⁠babalaryň şu güne çenli ýygnan bar zatlary Wawilona äkidiler. Ýekeje zadam galmaz“+. Muny Ýehowa aýdýar+.  „Ogullaryň käbirini hem ýesirlige äkiderler, olar Wawilon patyşasynyň köşk emeldarlary bolarlar“»+.  Şonda Hizkiýa patyşa Işaýa: «Ýehowanyň aýdan sözleri hakdyr — diýdi. Soňra sözüni dowam edip — Meniň döwrümde parahatlygyň we asudalygyň boljagyna şükür»+ diýdi.

Çykgytlar