Işaýa 38:1—22

  • Hizkiýanyň keselinden gutulyşy (1—22)

38  Şol günler Hizkiýa agyr keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy+. Amozyň ogly Işaýa pygamber+ onuň ýanyna gelip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Maşgalaňa wesýet et, sebäbi sen gutulmarsyň, dünýäden ötersiň“»+ diýdi.  Şonda Hizkiýa ýüzüni diwara öwrüp, Ýehowa doga etdi.  Ol: «Ýehowa, ýalbarýaryn! Saňa bütin ýüregim bilen wepaly bolanymy+, ýagşy işleri edenimi ýadyňa sal»+ diýip, möňňürip aglady.  Ýehowa Işaýa şeýle diýdi:  «Yzyňa dolan⁠-⁠da, Hizkiýanyň ýanyna bar+ we ataň Dawudyň Hudaýy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Dilegiňi eşitdim+, gözýaşlaryňy gördüm+. Sen ýene⁠-⁠de 15 ýyl ýaşarsyň+.  Men seni we şäheri Assiriýa patyşasynyň elinden halas ederin. Şäheri özüm goraryn“+.  Ýehowa beren sözünde durar. Ýehowa seni ynandyrmak üçin bir alamat görkezer+:  „Ahazyň basgançagyna* düşýän kölege on ädim yza çekiler“»+. Şonda basgançaga düşen kölege on ädim yza süýşdi.  Hizkiýa patyşanyň keselden gutulyp ýazan goşgusy. 10  Diýdim: «Orta ýaşda,Mazaryň* gapysyna gelmeli boldum. Galan ömrümden el üzmeli boldum». 11  Diýdim: «Indi Ýahy* görmerin,Ýagty jahanda Ýaha gözüm düşmez+. Merhumlaryň ýanyna* inerin,Indi ynsan ogluna gözüm düşmez. 12  Ömrüm çopanyň çadyry deý söküldi,Elimden alyndy, zym⁠-⁠zyýat boldy+. Men ömrümi dokmaçy deý düýrledim,Alla meniň demimi eriş kimin kesdi. Daň atandan Gün batýança, otdan alyp suwa saldyň+. 13  Daň atýança, janyma rahatlyk gözledim, Ol meniň süňkümi arslan kimin döwdi.Daň atandan Gün batýança, maňa ejir çekdirdiň+. 14  Atgarlawaç we jokjoky* deý eňreýärin+,Gumry kimin gurruldap, zaryn⁠-⁠zaryn aglaýaryn+. Güýçden gaçýaryn, göge bakýaryn+: „Ýehowa, jebir⁠-⁠jepa çekýärin.Hudaýym, golda meni!“+ diýýärin. 15  Başga näme diýeýin? Ol wada berdi, sözünde durdy. Galan ömrüme pesgöwünli bolaryn,Sebäbi agyr derdiň nämedigini bilýärin. 16  Ýehowa, ynsan sözüň bilen ýaşaýar,Gudratly işleriňi görüp, ýüregim urýar, Agyr dertden gutararsyň, ömrüme ömür goşarsyň+. 17  Kalbym ynjalmady, agyr dert çekdim,Emma meni söýeniň üçin,Ölüm çukuryndan halas etdiň+, Ähli günälerimi arkaňa atdyň+. 18  Mazar seni wasp etmez+,Ölüm saňa aýdym aýtmaz+. Çukura inenler wepaňy görmez+. 19  Bu gün saňa alkyş aýdyşym ýaly,Diriler, diňe diriler saňa öwgi aýdarlar. Atalar ogullaryna wepadarlygyň hakda gürrüň berer+. 20  Eý Ýehowa, meni halas et!Ömürboýy Ýehowanyň öýünde+Kirişli saz gurallarynda aýdymlarymy aýdarys»+. 21  Soňra Işaýa şeýle diýdi: «Kakadylan injir getirip, ýarasyna ýapyň. Şonda ol sagalar»+. 22  Hizkiýa şeýle diýdi: «Ýehowanyň öýüne barjagymy görkezýän nähili alamat berler?»+

Çykgytlar

Basgançaklar kölegäniň ugruna görä wagty kesgitlemek üçin ulanylýardy. Gün sagady ýaly bolmaly.
Sözlüge serediň.
«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: Ähli zadyň tamamlanýan ýerine.
Başga manysy: durna.