Işaýa 36:1—22

  • Sanherip Ýahuda hüjüm edýär (1—3)

  • Baş şerapçy Ýehowanyň üstünden gülýär (4—22)

36  Hizkiýanyň hökümdarlygynyň 14⁠-⁠nji ýylynda, Assiriýa+ patyşasy Sanherip Ýahudanyň ähli galalaryny basyp aldy+.  Assiriýa patyşasy baş şerapçysyny*+ uly goşuny bilen Lakyşdan+ Iýerusalime, Hizkiýa patyşanyň ýanyna iberdi. Olar kir ýuwulýan meýdança gidýän uly ýoluň ugrundaky ýokarky howdanyň arygyna* bardylar+.  Şonda Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym+, Şebna kätip+ we Asafyň ogly Ýowa mürze* onuň ýanyna geldiler.  Baş şerapçy olara şeýle diýdi: «Assiriýanyň beýik patyşasynyň habaryny Hizkiýa ýetiriň: „Sen nämä daýanýarsyň?+  Sen: „Men söweşe ökde we güýç⁠-⁠kuwwatym bar“ diýýärsiň, ýöne aýdýanyň boş söz. Kime bil baglap, maňa garşy çykdyň?+  Sen Müsüre, epilen gamşa bil baglaýansyň. Gamşa söýenseň, gamyş eliňe çümüp, aýaňy keser. Müsür faraonyna bil baglan adamyň hem görjegi şudur+.  Belki: „Biz Ýehowa Hudaýymyza bil baglaýarys“ diýýänsiňiz. Hizkiýa Ýahuda we Iýerusalim ilatyna: „Siz şu gurbanlyk ojagynyň* öňünde sežde ediň“ diýipdi+. Onda näme üçin ol Hudaýyňyzyň seždegählerini* we gurbanlyk ojaklaryny aýyrdy?“+  Sen meniň hökümdarym Assiriýa patyşasy+ bilen jedel etjekmi? Saňa 2 000 at bersem, ata çykar ýaly nöker tapyp bilermiň?  Müsüriň söweş arabalaryna we atlylaryna bil baglasaň⁠-⁠da, hökümdarymyň iň pes häkimine gaýtawul berip bilermiň? 10  Onsoňam, bärik Ýehowadan birugsat gelendirin öýdýärmiň? Ýehowanyň özi maňa: „Bar, şol ýurda çoz⁠-⁠da, ýer bilen ýegsan et“ diýdi“». 11  Şonda Alyýakym, Şebna+ we Ýowa baş şerapça+: «Gaýrat et⁠-⁠de, biz bilen arameý* dilinde+ gepleş, şol dile düşünýäris. Diwardaky adamlara eşitdirip, ýehudy dilinde gepleme»+ diýdiler. 12  Emma baş şerapçy: «Hökümdarymyň habaryny diňe siz bilen patyşaňyz eşitmelimi? Habary diwaryň üstünde duran adamlar hem eşitmeli dälmi? Olaram siz ýaly öz nejasadyny iýip, öz peşewini içerler» diýdi. 13  Soňra baş şerapçy duran ýerinden batly ses bilen gygyryp, ýehudy dilinde+ şeýle diýdi: «Beýik hökümdar Assiriýa patyşasynyň sözlerini diňläň!+ 14  Patyşa şeýle diýýär: „Hizkiýa özüňizi aldatmaň! Ol sizi halas edip bilmez+. 15  Hizkiýa: „Ýehowa bizi hökman halas eder, şäheri Assiriýa patyşasynyň eline bermez“ diýip, Ýehowa bil baglatjak bolýar, ýöne oňa ynanmaň+. 16  Hizkiýany diňlemäň! Assiriýa patyşasy şeýle diýýär: „Maňa tabyn boluň, boýun egiň. Şonda her kim öz üzümini, injirini iýer, öz guýusyndan suw içer. 17  Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyz ýaly mes toprakly ýurda äkiderin+. Sizi gallanyň, täze şerabyň, çöregiň we üzümiň bol ýerine alyp giderin. 18  Hizkiýanyň: „Ýehowa bizi halas eder“ diýen sözlerine ynanmaň. Haýsy halkyň taňrysy öz ýurduny Assiriýa patyşasynyň elinden halas edip bildi?+ 19  Hamatyň, Arpatyň+ taňrylary nirede? Separwaýymyň+ taňrylary nirede? Olar Samariýany elimden halas edip bildilermi?+ 20  Şol taňrylaryň haýsy biri öz ýurduny elimden halas etdi?! Onda Ýehowa Iýerusalimi nädip elimden halas etsin?!“»+ 21  Emma olar sesini çykarmadylar, bir agyz jogap bermediler, sebäbi patyşa: «Hiç zat jogap beräýmäň»+ diýip tabşyrypdy. 22  Hilkiýanyň ogly baş wezir* Alyýakym, Şebna kätip+ we Asafyň ogly Ýowa mürze ýakalaryny ýyrtyp, Hizkiýanyň ýanyna geldiler. Olar baş şerapçynyň sözlerini gürrüň berdiler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: rabşagy. Baş şerapça şeýle diýilýärdi.
Ýa⁠-⁠da: ýabyna.
Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjy.
Ýa⁠-⁠da: patyşanyň ýazgylaryny ýöredýän emeldar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: siriýa.
Ýa⁠-⁠da: köşk dolandyryjy.