Işaýa 34:1—17

  • Ýehowa halklardan ar alýar (1—4)

  • Edom haraba öwrüler (5—17)

34  Eý milletler, golaýyma gelip diňläň!Eý halklar, üns beriň! Eý zemin we ondaky bar zatlar,Toprak we onuň miweleri, diňläň!   Ýehowanyň halklara gahary gelýär+.Olaryň goşunyna garşy gazaba münýär+. Alla olary ýok eder,Jelladyň eline berer+.   Olaryň jesetleri çaşyp ýatar,Maslyklary aňkap durar+.Ganlary daglardan sil deý akar*+.   Gökleriň goşuny ýok bolar,Asman golýazma kimin düýrlener. Gökleriň goşuny tapdan düşer,Saralyp ýere dökülen üzüm ýapragy kimin,Gurap ýere gaçan injir kimin bolar.   «Gylyjym göklerde gana boýalar+. Gylyjym Edomy gyrmaga geler+,Höküm eden halkymyň başyndan iner.   Ýehowanyň gylyjy gana boýalar. Onuň gylyjy ýaga batar+.Goçlaryň we geçileriň ganyna boýalar,Goçlaryň böwrek ýagyna batar. Sebäbi Ýehowa Bosra galasynda gurbanlyk berer,Edom ýurdunda gan döker+.   Ýabany öküzler, ýaş we güýçli öküzlerOlar bilen bile gyrlar. Olaryň ýurdy gana boýalar,Topragyny ýag basar».   Sebäbi Ýehowa ar aljak gününi+,Siony ezenlerden öç aljak ýylyny belledi+.   Onuň* ýaplary gara sakgyja*,Topragy kükürde öwrüler.Tutuş ýurt ýanyp duran gara sakgyja döner. 10  Ol gije⁠-⁠gündiz ýanyp durar,Tüssesi hemişe asmana galar, Ebedilik haraba döner.Indi ol ýerden hiç kim geçmez+. 11  Ol ýerde gotanlar we oklukirpiler ýaşar,Baýguşlar we gargalar mesgen tutar. Alla ony heläkçilik ölçeg ýüpi bilen,Harabaçylyk ölçeg daşy* bilen ölçär. 12  Begleri patyşa bolmaz,Hanlarynyň ählisi ýok bolar. 13  Onuň diňlerinde ýandak biter.Galalaryny tikenekler we haşal otlar basar. Ol şagallaryň sürenine+,Düýeguşlaryň mesgenine öwrüler. 14  Çöl haýwanlary bilen uwlaýan haýwanlar üýşer.Ýabany geçi* jübütini çagyrar. Gije uçýan guşlar höwürtge ýasar. 15  Okýylanlar mesgen tutar we ýumurtgalar.Ýumurtgalaryny basyryp, olary gorar. Çaýkeller jübüt⁠-⁠jübüt bolup üýşerler. 16  Ýehowanyň kitabyny açyp öwreniň, sesli okaň: Olaryň hiç biri ýitmez,Hiç biriniň jübüti kemlik etmez.Ýehowanyň özi buýruk çykardy.Onuň emri* bilen olar bir ýere jem boldy. 17  Alla olar üçin bije atdy,Eli bilen olara ýer paýyny ölçäp berdi. Ol ýer hemişe mesgeni bolar,Çagalary⁠-⁠da hemişe ol ýerde ýaşar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: daglara siňer.
Edomyň paýtagty Bosra göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: şepbige.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Başga manysy: Geçä meňzeş jyn.
Sözme⁠-⁠söz: ruhy.