Işaýa 32:1—20

  • Patyşa we serdarlar adalatly höküm sürýär (1—8)

  • Hondanbärsi aýallara duýduryş berilýär (9—14)

  • Hudaý ruhy bilen bereket berýär (15—20)

32  Patyşa+ dogruçyllyk bilen+,Serdarlar adalatly höküm sürer.   Olaryň her biri ýelden gorag* bolar,Çabgada pena bolar.Gurak ýurtda çeşme kimin gandyrar+,Çölde belent gaýa kimin kölege salar.   Şonda görýän gözler ýumulmaz,Eşidýän gulaklar diňlär.   Alňasak adam bilim alyp, çuňňur oýlanar,Sakaw diller düşnükli geplär+.   Indi akmaga jomart,Ynsapsyza beg diýmezler.   Akmak adam manysyz geplär,Ol ýüreginde hile gurar+.Ýehowa hakda ýalan ýaýradyp,Adamlary imandan dändirer.Açlary doýurmaz,Teşneleri gandyrmaz.   Ynsapsyz adamyň niýeti ýamandyr+.Ol ejizi heläk etmek üçin,Azgyn işlere baş goşýar.Garyp adam hakykaty aýtsa⁠-⁠da,Aldaw bilen heläk edýär+.   Jomart adam ýagşylyk etmek isleýär,Ol hemişe jomartlyk bilen berer.   «Eý hondanbärsi gelinler, turuň, sözlerimi diňläň! Eý ýeňilkelle gyzlar+, sözüme gulak asyň! 10  Eý biperwaý adamlar! Bir ýyldan gorkudan titrärsiňiz.Sebäbi üzüm hasyly sowlar, ýygnan zadyňyz bolmaz+. 11  Eý hondanbärsi gelinler, titräň! Eý ýeňilkelle gyzlar, sandyraň! Eşigiňizi çykaryp, jul* geýiň+. 12  Mes topragyňyz we üzüm bagyňyz üçin,Gursagyňyza urup aglaň. 13  Sebäbi halkymyň topragynda ýandak öser.Şatlykdan doly öýlerini,Şagalaňly şäherini tikenek basar+. 14  Berk diň boşap galar,Ilatly şäherde hiç kim galmaz+. Opel+ we garawul diňi müdimilik haraba döner.Ol ýerde gulanlar ýaýnar,Ýabany haýwanlar otlar+. 15  Hudaýyň ruhy üstümize inende+,Çöller bagy⁠-⁠bossanlyga öwrüler,Bagy⁠-⁠bossanlyk gür tokaý kimin bolar+. 16  Çölde adalatlylyk,Bagy⁠-⁠bossanlykda dogruçyllyk höküm sürer+. 17  Dogruçyllyk parahatlyk getirer+,Elmydama asudalyk we rahatlyk berer+. 18  Halkym parahat ýurtda ýaşar,Howpsuz we asuda ýurtda ömür sürer+. 19  Buz ýagyp, tokaýy weýran eder,Şäher ýer bilen ýegsan bolar. 20  Eý derýalaryň kenarynda tohum sepýän adamlar,Öküzini, eşegini boşadyp goýberýänler,Siz bagtlysyňyz!»+

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gaçybatalga; buky.
Sözlüge serediň.