Işaýa 30:1—33

  • Müsüriň penasy sizi utanja goýar (1—7)

  • Halk pygamberleri diňlemeýär (8—14)

  • Bil baglasaňyz, güýç⁠-⁠kuwwatyňyz artar (15—17)

  • Ýehowa halkyna rehim edýär (18—26)

    • Ýehowa — Beýik Mugallym (20)

    • «Ine ýol!» (21)

  • Ýehowa Assiriýa jeza berýär (27—33)

30  Ýehowa şeýle diýýär: «Boýnuýogyn halkyň waý halyna!+Olar meniň niýetimi däl⁠-⁠de,Özüniňkini amala aşyrýarlar+,Razy bolmasam⁠-⁠da, başgalar bilen ylalaşyk baglaşýarlar*,Günä üstüne günä edýärler.   Olar meniň bilen maslahatlaşman+ Müsüre gidýärler+,Faraonyň galasyndan gorag,Müsüriň saýasyndan pena gözleýärler.   Emma faraonyň goragy sizi masgara eder,Müsüriň penasy sizi utanja goýar+.   Sebäbi onuň han⁠-⁠begleri Suwanda+.Ilçileri Hanese baryp ýetdi.   Ysraýyllar müsürliler zerarly utanja galar,Sebäbi müsürlilerden hiç hili peýda ýokdur.Olardan ne kömek, ne⁠-⁠de peýda bardyr,Diňe masgara hem biabraý edýändir»+.  Günortanyň çöl haýwanlaryna çykarylan höküm: Halk baýlygyny eşekleriň üstüne,Sowgat⁠-⁠serpaýlaryny örküçli düýelere ýükläp,Arslanyň, arlaýjy ýolbarsyň mekanyndan,Alahöwreniň, aždarhanyň* mesgeninden geçip,Howp⁠-⁠hatarly, agyr ýoly söküp barýarlar.Emma olaryň halka hiç hili peýdasy bolmaz.   Müsüre bil baglamak biderekdir+. Şol sebäpli oňa: «Ýatagan Rahaw*»+ diýip at dakdym.   «Indi git⁠-⁠de, olaryň öňünde muny daşyň* ýüzüne ýaz,Kitaba ýazyp goý+.Goý, ol gelejekdeEbedilik şaýat bolsun+.   Sebäbi olar gozgalaňçy halkdyr+, hilegär nesildir+.Ýehowanyň kanunyna gulak asmaýan ogullardyr+. 10  Olar görgürlere*: „Indi görnüş* görmäň“ diýýärler. Welilere* şeýle diýýärler: „Gören görnüşiňizi aýtmaň+. Görnüşleri toslap tapyň, gulaga hoş ýakýan sözleri aýdyň+. 11  Dogry ýoldan sowluň, ol ýoldan ýöremäň, Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň adynyBiziň ýanymyzda agzamaň“»+. 12  Şol sebäpli Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy şeýle diýýär: «Siz sözümi diňlemediňiz+,Ýalana we hilegärlige bil bagladyňyz,Olara daýandyňyz+. 13  Siz eden günäňiz sebäpli jaýryk diwar kimin,Ýykyljak bolup duran beýik diwar kimin bolarsyňyz. Ol göz açyp⁠-⁠ýumasy salymda, duýdansyz ýykylar. 14  Ol toýun küýze kimin çym⁠-⁠pytrak bolar.Ojakdan köz we oýtakdan* suw alaraÝekeje bölegi hem galmaz». 15  Älemiň Hökümdary,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Maňa dolanyp, rahatlansaňyz, halas bolarsyňyz,Maňa bil baglap, howsala düşmeseňiz güýjüňiz artar»+. Emma siz muny islemediňiz+. 16  Siz: «Ýok, atlara münüp gaçarys» diýdiňiz. Şonuň üçin hem gaçar ýörersiňiz. Siz: «Ýüwrük atlarda çaparys» diýdiňiz+. Şol sebäpli sizi kowalaýanlar hem ýüwrük bolar+. 17  Bir adamyň haýbatyndan müň adam sandyrar+,Bäş adamyň haýbatyny eşidip, ökje göterersiňiz.Aman galanlaryňyz dagyň başyndaky pürs ýaly,Baýryň depesindäki tug ýaly bolar+. 18  Emma Ýehowa kömek etmek üçin sabyrly garaşýar+,Size rehim etmek üçin ýerinden turar+. Ýehowa adalatly Alladyr+, Hudaýa umyt edýänleriň* ählisi bagtlydyr+. 19  Siona dolanan we Iýerusalime gelen halk+ indi hiç haçan aglamaz+. Siz kömek sorap ýalbaranyňyzda, Ol rehim eder. Sesiňizi eşiden badyna jogap berer+. 20  Ýehowa size azap çöregini iýdirse⁠-⁠de, ejir suwuny içirse⁠-⁠de+, Beýik Mugallym indi sizden gizlenmez. Siz Beýik Mugallymy+ gözüňiz bilen görersiňiz. 21  Eger siz saga ýa⁠-⁠da çepe sowulsaňyz+, yzyňyzdan: «Ine ýol!+ Şu ýoldan ýöräň!» diýen sesi eşidersiňiz. 22  Kümşe gaplanan oýma butlaryňyzy, altyn çaýylan guýma butlaryňyzy haram hasaplarsyňyz+. Siz olara «Güm boluň!» diýip*, aýbaşy gelen aýalyň esgisi ýaly zyňyp taşlarsyňyz+. 23  Hudaý ýere sepen tohumlaryňyz üçin ýagyş ýagdyrar+. Topragyň hasyly bol we bereketli bolar+. Şol gün mal⁠-⁠garaňyz giň öri meýdanlarda otlarlar+. 24  Ýer sürýän öküzlere we eşeklere kürek pil hem⁠-⁠de çarşak bilen sowrulan turşuja ot garylan iým berler. 25  Uly gyrgynçylyk güni diňler ýykylar. Şonda her bir beýik dagda, her bir beýik baýyrda çeşme⁠-⁠çaýlar joşup akar+. 26  Ýehowa halkynyň döwlen süňküni saran güni+, salan agyr ýarasyny bejeren güni+, doly Aý güneş kimin ýagty saçar. Günüň nury ýedi günüň nury kimin ýedi esse şöhle saçar+. 27  Ine, Ýehowa uzakdan gelýär,Gahar⁠-⁠gazap bilen, gara bulutlar bilen gelýär. Agzyndan gazaply sözler çykýandyr,Dili ot kimin ýalmap ýuwudýandyr+. 28  Demi* bokurdaga ýetýän sil kimindir,Milletleri heläkçilik* eleginden geçirýändir.Halklary azaşdyrmak üçin, agzyna agyzzyryk salýandyr+. 29  Siziň aýdymyňyz gije aýdylýan aýdyma,Baýramçylyga taýýarlananda aýdylýan aýdyma meňzär+.Ysraýylyň Arkadagy+ Ýehowanyň dagynaTüýdük çalyp çykýan ýaly ýürekden şatlanarsyňyz. 30  Ýehowanyň haýbatly sesi ýaňlanar+.Alla gazap bilen+ goluny galdyranda+,Ýalmap⁠-⁠ýuwudýan ot bilen+,Çabga+, gök gürrüldisi, buz bilen gudratyny görkezer+. 31  Ýehowanyň sesi Assiriýany gorkuzar+.Alla ony taýak bilen urar+. 32  Ýehowa Assiriýany jezalandyrmak üçin,Her sapar taýak bilen uranda,Söweşmek üçin el galdyranda+,Deprekler kakylar we arfalar çalnar+. 33  Sebäbi ony ýok etmek üçin ýer* taýýarlandy,Ol patyşa üçin hem taýýarlandy+. Çuň we giň çukur gazyldy.Oduny köp, alawlap ýanýar. Ýehowanyň demi kükürt kiminTopeti+ ýakyp ýandyrar.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: şerap sadakasyny getirýärler. Ylalaşyk baglaşmagy aňladýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: çalasyn we zäherli ýylanyň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: tagtanyň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: howuzdan.
Ýa⁠-⁠da: sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň.
Başga manysy: olary haram hasaplap.
Sözme⁠-⁠söz: Ruhy.
Sözme⁠-⁠söz: dereksizleriň.
Sözme⁠-⁠söz: Topet.