Işaýa 29:1—24

  • Arygeliň waý halyna! (1—16)

    • Dilinde hormat goýýanlar ýazgarylýar (13)

  • Kerler eşider, körler görer (17—24)

29  «Arygeliň*,Dawudyň düşlän şäheri+ Arygeliň waý halyna! Goý, baýramlaryňyz+ baýramlara ulaşyp,Ýylyň ýylyna dowam edibersin.   Men barybir Arygeliň başyna betbagtçylyk indererin+,Ol ýerde agy sesi we dady⁠-⁠perýat eşidiler+.Ol meniň üçin gurbanlyk ojagy* ýaly bolar+.   Seniň daşyňda düşelge guraryn,Gabaw depesini galdyraryn.Seni gabawa salaryn+.   Seni peselderin,Ýatan ýeriňden geplärsiň.Guma bulaşyp ýatansoň, sesiň zordan eşidiler. Ýatan ýeriňden geplärsiň+,Jadygöýler ýaly düşnüksiz sözlärsiň,Guma bulaşansoň, sesiň zordan eşidiler.   Bir ýere üýşen duşmanlaryň tozana döner+,Jem bolan zalymlar tozap ýatan saman kimin bolar+. Aýdanlarym derrew, duýdansyz ýerine ýeter+.   Serkerdebaşy Ýehowa saňa nazar salar,Şonda gök gürlär, ýer titrär, goh⁠-⁠galmagal turar,Apy⁠-⁠tupan, harasat gopar, ot lowlap ýanar»+.   Arygele garşy söweşmek üçin ýygnanan milletler+,Onuň bilen söweşýänler,Gabaw diňlerini dikýänler,Oňa zulum⁠-⁠sütem edýänler,Düýş kimin, görnüş* kimin gaýyp bolar.   Aç adam düýşünde nahar iýse⁠-⁠de,Oýananda ajygyp turýandyr.Teşne adam düýşünde suw içse⁠-⁠de,Oýananda suwsap, ysgynsyz turýandyr. Sion dagyna garşy söweşýän ähli milletleriň ýagdaýy⁠-⁠da,Edil şonuň ýaly bolar+.   Geň galyp serediň, aňk⁠-⁠taňk boluň+.Gözleriňiz kör bolsun, hiç zat görmesin+. Olar şerap içmese⁠-⁠de, serhoş bolýarlar,Çakyr içmese⁠-⁠de, yraň atýarlar. 10  Ýehowa sizi agyr uka gidirdi+,Pygamberleriň gözlerini baglady+,Görgürleriň* başyny örtdi+. 11  Her bir görnüş siziň üçin möhürli golýazma+ ýaly bolar, ony okap bilýän adama berip: «Sesli okap beräý!» diýerler. Emma ol: «Nädip okaýyn? Ol möhürli ahyryn!» diýip jogap berer. 12  Soňra okap bilmeýän adama golýazmany berip: «Okap beräý!» diýerler. Ol hem: «Men okap bilmeýän ahyryn» diýer. 13  Ýehowa şeýle diýýär: «Halk agzy bilen maňa alkyş aýdýar,Diňe dilinde maňa hormat goýýar+,Emma ýüregi menden uzakdadyr.Olar Hudaýdan gorkýarys diýseler⁠-⁠de,Ynsan tabşyryklaryny berjaý edýärler+. 14  Şonuň üçin halkyň öňünde ýene⁠-⁠de täsin işleri ederin+,Gaýta⁠-⁠gaýta geň⁠-⁠enaýy işleri ederin.Danalaryň akyldarlygy,Paýhasly adamyň düşünjesi puç bolar»+. 15  Niýetini Ýehowadan gizlemäge jan edýänleriň waý halyna!+ Olar garaňkylykda erbetlik edip:«Kim bizi görer? Kim bizi tanar?» diýýärler+. 16  Siz şeýle bir azgyn halk! Heý⁠-⁠de, toýun küýzegär bilen deň bolup bilermi?+ Ýasalan zat özüni ýasan hakda: «Ol meni ýasamady» diýermi?+ Şekil berlen zat özüne şekil beren hakda: «Onuň düşünjesi ýok!» diýermi?+ 17  Biraz wagtdan Liwan bagy⁠-⁠bossanlyga öwrüler+.Bagy⁠-⁠bossanlyk bolsa gür tokaý kimin görler+. 18  Şol gün kerler kitabyň sözlerini eşider,Tüm⁠-⁠garaňkylykdaky körleriň gözleri açylar+. 19  Ýumşak adamlar Ýehowanyň işlerine begener,Garyplar Ysraýylyň Mukaddes Hudaýynyň işine şatlanar+. 20  Zalymlar ýok bolar,Öwünjeňler heläk bolar.Erbetligiň ugrunda gezýänler ýok ediler+. 21  Başgalara gara ýöňkeýänler,Şäher derwezesinde hakyny goraýana* duzak gurýanlar+,Töhmet atyp*, dogruçylyň hakyny iýýänler ýok ediler+. 22  Şol sebäpli Ybraýymy halas eden Ýehowa+ Ýakup öýüne şeýle diýýär: «Indi Ýakup masgara bolmaz,Ýüzi gyzarmaz*+. 23  Ýakubyň çagalary ellerimiň işidir.Ol çagalarynyň daşyna üýşendigini görer+,Şonda olar bilelikde meniň adymy wasp ederler.Ýakubyň Mukaddes Hudaýyny şöhratlandyrarlar,Ysraýylyň Hudaýyna hormat goýarlar+. 24  Ýoldan azaşanlar düşünje gazanarlar,Nägile bolanlar öwüt⁠-⁠ündewe eýererler».

Çykgytlar

Belki, Hudaýyň gurbanlyk ojagy. Iýerusalim göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: käýinç berýäne.
Ýa⁠-⁠da: Boş delilleri getirip.
Ýagny utançdan we lapykeçlikden.