Işaýa 28:1—29

  • Efraýymyň serhoşlarynyň waý halyna! (1—6)

  • Ýahudanyň pygamberleri yraň atýar (7—13)

  • Ölüm bilen äht edişdik (14—22)

    • Sionyň gymmatbaha düýp daşy (16)

    • Ýehowanyň geň amallary (21)

  • Ýehowanyň berýän tälimi (23—29)

28  Efraýym+ serhoşlarynyň owadan* täjiniň* waý halyna!Onuň gözelligi gül kimin solar.Mes toprakly depedäki şäheriň waý halyna!Onuň ilaty şeraba göwün beripdir.   Ine, Ýehowa güýçli pälwany iberer. Ol buz we harasat kimin,Gara bulut we apy⁠-⁠tupan kimin gelip,Täji alar we gazap bilen ýere pylçap urar.   Efraýym serhoşlarynyň owadan* täjiAýak astynda basgylanar+.   Mes toprakly depedäki şäheriniň gözelligiGül kimin solar.Ol tomus gelmänkä, bişen injir kimin bolar, Ony gören adamlar miwesini iýer.  Şol gün Serkerdebaşy Ýehowa aman galan halky+ üçin owadan täje we gülden edilen täje meňzär.  Ol kazylary adalatly höküm çykarmaga höweslendirer, şäher derwezesinde duşmany garşy alýan ýigitlere batyr ýürek berer+.   Ruhanylar we pygamberler şerap içip ýoldan çykýar.Olar lül bolup yraň atýar. Içgiden doýup azaşýar.Şerap olaryň akylyny alýar.Içgiden yraň atýar.Görýän görnüşleri* olary aldaýar.Adalatly karar çykaryp bilmeýär+.   Saçaklary gusukdan dolýar,Arassa ýer galmaýar.   Olar şeýle diýýärler:«Ol kime akyl satýar? Kime habar berýär? Ýaňy süýtden aýrylan çagalaramy?Süýtden kesilen balalaramy? 10  Sen: „Tabşyryk üstüne tabşyryk,Tabşyryk üstüne tabşyryk,Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde“ diýýärsiň». 11  Şonuň üçin ol halky bilen düşnüksiz* ýat dilde gepleýänler arkaly gepleşer+. 12  Hudaý olara şeýle diýipdi: «Bärde dynç alynýar. Ýadap gelenler dynç alsynlar. Bärsi dynç alynýan ýer». Emma olar diňlemek islemediler+. 13  Ýehowa olara ýene⁠-⁠de şeýle diýer: «Tabşyryk üstüne tabşyryk, tabşyryk üstüne tabşyryk,Ölçeg üstüne ölçeg, ölçeg üstüne ölçeg*+.Biraz şu ýerde, biraz ol ýerde». Emma olar ýöräp barýarka büdräp,Arkanlygyna ýykylar,Ýaralanar, duzaga düşer we ýesir alnar+. 14  Öwünjeňler, Ýehowanyň sözüni diňläň,Iýerusalim halkynyň baştutanlary! 15  Siz şeýle diýýärsiňiz: «Ölüm bilen äht edişdik+,Mazar* bilen ylalaşyk baglaşdyk*. Suwlar sil kimin dolup daşsa⁠-⁠da,Bizi gark edip bilmez.Sebäbi ýalany pena edindik,Aldawyň arkasynda gizlendik»+. 16  Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: «Siony berk daşyň üstünde guraryn+.Düýbüni+ gymmatbaha daşdan*+ tutaryn. Ol daşa iman eden howsala düşmez+. 17  Men adalaty ölçeg ýüpi+,Dogruçyllygy ölçeg daşy* ederin+. Ýalanyň galasyna buz ýagdyryp, ýer bilen ýegsan ederin,Gaçybatalgasyny sile basdyraryn. 18  Ölüm bilen eden ähtiňiz güýjüni ýitirer,Mazar* bilen baglaşan ylalaşygyňyz ýatyrylar+. Suwlar dolup⁠-⁠daşyp, sizi gark eder. 19  Her sapar sil gelende, sizi äkider+.Ol her säher geler,Gündiz⁠-⁠de, gije⁠-⁠de geler. Olar gorkmasa, aýdylana düşünmez»*. 20  Düşek uzalyp ýatardan gysga bolar,Ýorgan bürenip ýatardan insiz bolar. 21  Ýehowa Perazim dagynda beýgelşi ýaly beýgeler.Gibgon jülgesindäki ýaly, ýerinden galar+.Şeýdip, ol işini — täsin işini,Amallaryny — geň amallaryny berjaý eder+. 22  Ýaňsylap gülmäň+,Ýogsam size salnan gandallar has⁠-⁠da gysylar.Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy ÝehowanyňÝurdy ýok etjekdigini eşitdim+. 23  Gulak salyň, meni diňläň,Üns beriň, aýdýanlarymy eşidiň! 24  Daýhan tohum sepmän, uzakly gün ýer sürüp gezermi? Mellegini dyngysyz tekizläp ýörermi? Ýok!+ 25  Ol ýeri tekizlänsoň,Gara ziräni we adaty ziräni sepmezmi?Mellegine bugdaý, dary, arpa ekmezmi?Ekin meýdanynyň gyralaryna çowdary*+ sepmezmi? 26  Alla ynsana tälim berer,Dogry ýoly öwreder+. 27  Gara zire harmanda döwülmeýär+,Ziräniň üstünde döwek arabasy ýöredilmeýär. Gara zire taýak bilen,Zire tokmak bilen döwülýär. 28  Harmanda galla un bolýança döwülýärmi? Ýok, beýle edilmeýär+.Ata goşulan döwek arabasy harmanda sürülse⁠-⁠de,Galla un bolýança döwülmeýär+. 29  Şu sözleri aýdan Serkerdebaşy Ýehowadyr.Maslahatlary* täsindir,Edýän işleri beýikdir+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ulumsy; tekepbir.
Paýtagt şäher Samariýa göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: ulumsy; tekepbir.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi, ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi.
Sözme⁠-⁠söz: sakawlap.
Ýa⁠-⁠da: Ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi, ölçeg ýüpüniň üstüne ölçeg ýüpi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: görnüş gördük.
Sözlüge serediň: Düýp daşy.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Olar düşünse gorkar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Niýetleri.