Işaýa 27:1—13

  • Ýehowa aždarhany öldürer (1)

  • Aýdym. Ysraýyl üzüm bagydyr (2—13)

27  Şol gün Ýehowa haýbatly,Uly we kesgir gylyjyny+ aždarhanyň*,Uly süýreniji ýylanyň kellesinden inderer.Deňiz läheňini,Towlanýan ýylany, aždarhany öldürer.   Şol gün oňa* şeýle aýdym aýdyň: «Eý üzüm bagy, köpürjikli şerap berýän bag!+   Ony goraýan men, Ýehowa+, Her pursatda suwarýaryn+. Hiç kim zyýan ýetirmez ýaly,Gije⁠-⁠gündiz garawulçylyk edýärin+.   Indi men köşeşdim+. Kim ýandak we tikenek bilen garşyma çykyp biler? Men olary depelärin we ýakyp kül ederin.   Goý, olar galama pena gözläp gelsinler, Meniň bilen ýaraşsynlar,Ýaraşsynlar meniň bilen!»   Geljekki günlerde Ýakup kök urar,Ysraýyl pyntyklap, gül açar+,Ikisi⁠-⁠de bol hasyl berer+.   Ol rehimsizlik bilen urulmalymy? Zalymlyk bilen öldürilmelimi?   Elhenç ses bilen gygyryp söweşersiň, ony kowarsyň. Gündogar şemaly öwsende,Zarply demiň bilen tozadarsyň+.   Şeýdip, Ýakubyň günäsi ýuwlar+,Günäsi geçilen güni almytyny alar: Ol gurbanlyk ojagynyň* daşlaryny,Hek kimin owradar.Ne keramatly pürsleri*, ne⁠-⁠de tütetgi ojaklary* galar+. 10  Berk galada hiç kim ýaşamaz,Öri meýdanlar çöle döner we boşap galar+. Ol ýerde göle otlar hem ýatar,Onuň şahalaryny iýer+. 11  Onuň şahalary gurap galar,Aýallar gelip, olary döwer,Oda ýakyp kül eder. Olar akylsyz halk+, Şonuň üçin Ýaradanyň olara haýpy gelmez,Olary Döreden rehim etmez+. 12  Ysraýyl halky! Şol gün Ýehowa joşup akýan derýadan* tä Müsür jülgesine*+ çenli ýerlerden sizi ýekän⁠-⁠ýekän ýygnar. Edil bagbanyň agajy kakyp, ýekeje miwesini galdyrman ýygnaýşy ýaly, siziň hem ähliňizi ýygnar+. 13  Şol gün surnaý sesi ýaň salar+, Assiriýada ölüm penjesine düşenler+, Müsür topragyna darganlar+ gelip, Iýerusalimiň mukaddes dagynda Ýehowa sežde ederler+.

Çykgytlar

Ýewreýçe «liwýatan». Sözlüge serediň.
Ysraýyl göz öňünde tutulýan bolmaly; ol üzüm bagyna deňelýär.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýagny Ýewfrat derýasy.
Sözlüge serediň.