Işaýa 25:1—12

  • Hudaýyň halky bol bereket alýar (1—12)

    • Ýehowanyň toý saçagynda süýji şerap bolar (6)

    • Ölüm ýok ediler (8)

25  Ýehowa, meniň Hudaýym! Seni arşa galdyraýyn, adyňy wasp edeýin.Sebäbi sen täsin işleri etdiň+.Olary gadymy günlerde niýetlediň+,Wepaly bolup+, sözüňde durduň.   Şäheri daş üýşmegine,Galany harabaçylyga öwürdiň. Gelmişekleriň şäheri weýran edildi,Indi asla dikeldilmez.   Muny gören güýçli halk seni şöhratlandyrar,Zalym milletleriň şäheri senden gorkar+.   Sen ejize gala bolduň,Garyby zulum⁠-⁠sütemden goradyň+.Apy⁠-⁠tupanda gaçybatalga bolduň,Yssy howada saýa saldyň+. Çabganyň diwara urşy ýaly,Zalymlaryň gahary depesine uranda,   Çölüň yssysy ýaly, olaryň gazaby tutaşanda,Sen ýat adamlaryň arryldysyny kesdiň. Buludyň saýasynyň yssyny ýatyryşy deý,Zalymlaryň galmagalyny ýatyrdyň.   Serkerdebaşy Ýehowa şu dagda+ ähli halklar üçin toý tutar.Onuň saçagynda näz⁠-⁠nygmatlar+,Süýji* şeraplar,Etli* naharlar,Süýji, arassa şerap bolar.   Şol dagda Hudaý halklara oralan kepeni,Ähli milletlere örtülen matany ýyrtyp taşlar.   Ol ölümi hemişelik ýok eder*+,Älemiň Hökümdary Ýehowa ähli gözýaşlary süpürer+. Bütin ýer ýüzünde kemsidilen halkynyň abraýyny dikelder.Muny Ýehowa aýdýar.   Şol gün olar diýer: «Ine biziň Hudaýymyz!+ Biz oňa umyt baglaýarys+,Ol bizi halas eder+. Ine biziň Ýehowa Hudaýymyz! Biz oňa umyt baglaýarys. Begeneliň, şatlanalyň,Sebäbi ol bizi halas eder»+. 10  Ýehowa şu dagy öz eli bilen gorar+.Saman goşulyp dersiň depelenişi deý,Mowap hem öz ýurdunda basgylanar+. 11  Ýüzüjiniň ellerini galgadyşy deý,Ol hem Mowaba el galdyrar.Ol ussatlyk bilenMowabyň tekepbirligini ýok eder+. 12  Ol onuň galalaryny,Beýik diwarlaryny ýumrup taşlar,Ony ýer bilen ýegsan eder.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Köp wagt duran.
Ýa⁠-⁠da: Ýilikli.
Sözme⁠-⁠söz: ýuwudar.