Işaýa 23:1—18

  • Tire çykarylan höküm (1—18)

23  Tire çykarylan höküm+: Tarşyş gämileri+, aglaň! Gämi duralgaňyz weýran edildi, indi hiç kim baryp bilmez. Şu habary olar Kittim ýurdunda+ eşiderler.   Kenarda ýaşaýan halk, dymyň! Seni deňiz üsti bilen gelýän Sidon+ täjirleri baý etdi.   Şihor*+ gallasy, Nil hasyly seniň gazanjyňdy,Olar deňiz üsti bilen getirilerdi.Başga halklar hem olardan peýda görerdi+.   Deňiz galasy Sidon, utan!Sebäbi deňiz şeýle diýdi: «Burgym tutmady, çaga dogurmadym,Ogul⁠-⁠gyzlary kemala getirmedim»+.   Müsür hakdaky habar+ kimin Tir hakdaky habar hemHalklaryň kalbyny dilim⁠-⁠dilim eder+.   Kenarda ýaşaýan halk, dady⁠-⁠perýat ediň! Tarşyşa gaçyň!   Gadymy günlerden,Ýaşlygyndan bäri özüne buýsanýan şäheriňiz şumy? Ol uzak ülkelerde ýaşamak üçin menzil⁠-⁠menzil ýol sökerdi.   Tir şalaryny tagtda oturdýardy.Täjirleri han⁠-⁠beglerdi,Söwdagärleri atly⁠-⁠abraýly adamlardy.Kim oňa höküm çykardy?+   Hökümi Serkerdebaşy Ýehowa çykardy.Hudaý gözelligine buýsanýan ýurdy abraýdan düşürdi,At⁠-⁠abraýly adamlaryny masgara etdi+. 10  Eý Tarşyş gyzy, Nil derýasy kimin ýurduňa aýlanyp çyk. Indi ol ýerde gämi ussahanalary* bolmaz+. 11  Alla deňze tarap goluny galdyrdy,Patyşalyklary silterledi. Ýehowa Finikiýa galalaryny ýumurmagy buýurdy+. 12  Ol şeýle diýdi: «Ezilen gyz, Sidonyň boý gyzy,Indi ýüzüň gülmez+. Tur, Kittime+ gaç, Ýöne ol ýerde⁠-⁠de kalbyň rahatlyk tapmaz». 13  Ine, haldeýleriň+ ýurdy! Ony* assiriýalylar+ däl⁠-⁠de, haldeýlerÇöl haýwanlarynyň mesgenine öwrerler. Olar gabaw diňlerini gurarlar,Şäheriň berk diňlerini ýer bilen ýegsan ederler+,Harabaçylyga öwrerler. 14  Tarşyş gämileri, dady⁠-⁠perýat ediň!Sebäbi siziň galaňyz weýran edildi+. 15  Şol günden başlap Tir 70 ýyllap+ — bir patyşanyň ömrüne deň bolan döwür — ýatdan çykarylar. 70 ýyl geçensoň, ahlaksyz aýal hakdaky aýdymyň sözleri Tirde berjaý bolar: 16  «Unudylan ahlaksyz aýal, arfaňy al⁠-⁠da, şähere aýlan. Ökdelik bilen saz çalyp,Ençeme aýdym aýt.Goý, olar seni ýatlasynlar». 17  Ýehowa 70 ýyl geçensoň, Tire nazar salar. Tir öňki işine başlar. Ýer ýüzüniň ähli patyşalary bilen ahlaksyzlyk eder. 18  Emma onuň gazanjy we girdejisi Ýehowa üçin mukaddes bolar. Olar sandyga salynmaz we ýygşyrylyp goýulmaz. Sebäbi onuň gazanjy Ýehowanyň huzurynda gezýänlere berler. Olar hem doýa⁠-⁠gana iýerler we owadan lybas geýerler+.

Çykgytlar

Ýagny Nil derýasynyň şahasy.
Başga manysy: duralgalary.
Belki, Tir.