Işaýa 22:1—25

  • Görnüş jülgesine çykarylan höküm (1—14)

  • Baş wezir Şebnanyň ýerine Alyýakym saýlanýar (15—25)

22  Görnüş jülgesine* çykarylan höküm+: Size näme bolýar? Üçekleriňize näme üçin çykýarsyňyz?   Eý şadyhorram şäher!Sen goh⁠-⁠galmagaldan we dawa⁠-⁠jenjelden doludyň. Seniň halkyň heläk boldy, ýöne gylyçdan ölmändi,Söweş meýdanynda wepat bolmandy+.   Zalym baştutanlaryň gaçyp gitdi+. Olar ok⁠-⁠ýaýsyz ýesir düşdi. Uzaga gaçsalar⁠-⁠da,Ele düşenleriň ählisi ýesir alyndy+.   Şonuň üçin men şeýle diýdim:«Maňa seretmäň,Men ajy hasrat çekeýin+. Maňa göwünlik bermäň,Heläk bolan halkymyň gyzy* üçin aglaýyn+.   Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowanyň günündeGörnüş jülgesinde başagaýlyk,Howsalalyk we heläkçilik bolar+. Gala ýer bilen ýegsan ediler+,Agy sesi daglarda ýaň salar.   Elam+ ok gabyny eline alar,Atlara we söweş arabalaryna münüp geler.Hir+ galkanyny taýýarlar.   Seniň gözel jülgeleriň,Söweş arabalaryndan dolar.Derwezäniň öňünde hatar⁠-⁠hatar atlylar durar.   Ýahudanyň elinden galkany alnar. Şol gün siz Tokaý öýi+ atly ýarag ambaryna seredip durarsyňyz.  Dawut şäheriniň diwarlarynda köp jaýryklary görersiňiz+, aşaky howza+ suw ýygnarsyňyz. 10  Iýerusalimdäki jaýlary sanarsyňyz, şäher diwarlaryny berkitmek üçin jaýlaryňyzy ýykarsyňyz. 11  Köne howzuň suwy üçin iki diwaryň arasynda howdan gazarsyňyz. Emma siz gadymy günlerde betbagtçylyk taýýarlap goýan Beýik Hudaýy* ýatlamarsyňyz, ol hakda oýlanmarsyňyz. 12  Şol gün Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy ÝehowaSize aglamagy, ýas tutmagy+,Saçyňyzy syryp, jul* geýmegi buýrar. 13  Emma siz öküz, goýun soýup,Et iýýärsiňiz, şerap içýärsiňiz+, Şatlanyp, begenip şeýle diýýärsiňiz:„Iýeliň, içeliň, barybir ertir öleris“»+. 14  Şonda Serkerdebaşy Ýehowa maňa şeýle diýdi: «„Eý halk, eden şu günäňizi ölýänçäňiz bagyşlamaryn“+. Muny Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar». 15  Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Baş wezir* Şebnanyň+ ýanyna bar⁠-⁠da, şeýle diý: 16  „Seniň bärde mazar gazmaga näme hakyň bar? Bärde ata⁠-⁠babaň jaýlandymy näme?“ Ol özüne dagda mazar, gaýada gabyr* gazdyrýar. 17  „Eý ynsan, Ýehowa seni bat bilen aşak zyňar. Ol seniň ýakaňdan tutup, 18  top kimin togalar we giň sähra çykaryp taşlar. Sen şol ýerde ölersiň, haýbatly söweş arabalaryň hem şol ýerde galar. Şeýdip, hojaýynyň öýi masgara bolar. 19  Men seni oturan ýeriňden kowaryn, wezipäňden boşadaryn. 20  Şol gün men gulum Hilkiýanyň ogly Alyýakymy+ çagyraryn. 21  Men seniň donuňy oňa geýdirerin, guşagyňy biline guşaryn+, wezipäňi oňa bererin. Ol Iýerusalim ilatynyň we Ýahuda öýüniň atasy bolar. 22  Onuň döşüne Dawut öýüniň açaryny+ dakaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapmaz, ýapanyny hiç kim açmaz. 23  Men ony berk diwara asgyç kimin kakaryn we ol atasynyň öýüne şöhrat* getirer. 24  Atasynyň öýüniň şöhraty* ondan asylar, ähli kiçi gap⁠-⁠gaçlaryň, jamlaryň we uly küýzeleriň asgyçdan asylyşy ýaly, nebereleri hem⁠-⁠de nesilleri oňa bil baglarlar“». 25  «Şol gün diwara kakylan asgyç ýok ediler+ — muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. — Ony çapyp taşlarlar, ondan asylan zatlar hem çym⁠-⁠pytrak bolar. Muny Ýehowa aýdandyr».

Çykgytlar

Iýerusalim göz öňünde tutulýan bolmaly.
Bu şahyrana jümle duýgudaşlygy görkezýän bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: Ýaradyjyny.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: Köşk dolandyryjy.
Sözme⁠-⁠söz: jaý.
Ýa⁠-⁠da: şöhrat tagtyny.
Sözme⁠-⁠söz: ýüki.