Işaýa 18:1—7

  • Efiopiýa çykarylan höküm (1—7)

18  Efiopiýa+ derýalarynyň boýundaky ýurduň,Wyzzyldap uçýan mör⁠-⁠möjekli ýurduň waý halyna!   Ol habarçylaryny gamyş gämilerde,Deňziň üsti bilen ýollap, şeýle diýýär: «Ýola düşüň, eý ýyndam çaparlar!Daş⁠-⁠töweregini gorka salýan halkyň+,Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,Güýçli hem basybalyjy milletiň,Joşup akýan derýalary bolan halkyň ýanyna gidiň».   Eý zeminiň ilaty, ýer ýüzüniň halky!Siziň görjek zadyňyz daglaryň başynda dikilen tug* deý,Eşitjek owazyňyz surnaý sesi deý bolar.   Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Gün şöhlesiniň ýere ýylylyk berişi deý,Hasyl döwri ýagyş damjalary deý,Men arkaýyn durup, öz mekanyma* serederin.   Hasyl ýygymyndan öň,Üzüm güllerini döküp, miwesi bişip başlanda,Bag gaýçysy bilen şahalary gyrkylar,Üzümiň murtjagazlary kesilip taşlanar.   Olaryň ählisi dagyň ýyrtyjy guşlaryna,Ýabany haýwanlara şam bolar. Olar tomsuna ýyrtyjy guşlara,Hasyl ýygnalýan döwri ýabany haýwanlara iýmit bolar.   Şol döwür Serkerdebaşy Ýehowa sowgat getiriler,Daş⁠-⁠töweregini gorka salýan halk,Uzyn boýly, ýylmanak bedenli,Güýçli hem basybalyjy millet,Joşup akýan derýalary bolan halk,Serkerdebaşy Ýehowanyň adyny göterýän Sion dagyna+ sowgat getirer».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: bellik; ýol belgisi.
Başga manysy: mekanymdan.