Işaýa 15:1—9

  • Mowaba çykarylan höküm (1—9)

15  Mowaba çykarylan höküm+: Mowabyň Ar şäherinden+ ses⁠-⁠üýn çykanok,Ol bir gijäniň içinde weýran boldy. Mowabyň Hir şäherinden+ ses⁠-⁠üýn çykanok,Ol bir gijäniň içinde weýran boldy.   Halk aglap, buthana we Dibona+ tarap ýokary çykýar,Seždegählerde* perýat edýär. Mowap Nebo+ we Medeba+ üçin aglaýar, Her kes saçyny syrýar+, sakgalyny gyrkýar+.   Olar jul* geýip, köçelerde oturýarlar, Jaýyň üçeginde, şäher meýdançasynda* perýat edýärler,Olar aglaý⁠-⁠aglaý aşak düşýärler+.   Heşbon we Elgala+ nalyş edýär,Sesleri Ýahaza+ çenli baryp ýetýär. Mowap esgerleri gygyryşýarlar, Halk gorkudan ýaňa titreýär.   Mowap üçin ýüregim gan aglaýar. Onuň gaçgaklary Sogara+ we Eglat⁠-⁠şelişýa+ gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhite tarap ýokary galýarlar.Betbagtçylykdan ýaňaHoronaýym ýolunda perýat edýärler+.   Nemrim suwlary gurady,Ýaşyl meýdan saraldy,Al⁠-⁠ýaşyl otlar soldy, olardan nam⁠-⁠nyşan galmady.   Olar galanja baýlygyny alyp,Derek jülgesinden geçýärler.   Halkyň perýadyndan ýaňa Mowap lerzana gelýär+. Olaryň ahy⁠-⁠nalasy Eglaýyma,Ahy⁠-⁠nalasy Beýer⁠-⁠elime eşidilýär.   Dimon suwlary gana boýaldy,Dimonyň başyna mundanam agyr betbagtçylyk indererin: Mowapdan gaçanlaryň,Ýurtda aman galanlaryň üstüne arslan ibererin+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.