Işaýa 14:1—32

  • Ysraýyl watanyna dolanar (1, 2)

  • Wawilon patyşasy hakda goşgy (3—23)

    • Parlak ýyldyz ýere düşdi (12)

  • Ýehowa goly bilen Assiriýany ýok eder (24—27)

  • Pilişte çykarylan höküm (28—32)

14  Ýehowa Ýakuba rehim edip+, Ysraýyly ýene⁠-⁠de saýlar+ we halkyny watanyna getirer*+. Ýat milletler hem olar bilen gider, Ýakubyň maşgalasyna goşular+.  Ýat milletler ysraýyllary dogduk mekanyna elter. Ysraýyl halky ýat milletleri Ýehowanyň topragynda gul⁠-⁠gyrnak eder+ we özlerini ýesir edenleri ýesir alarlar, hojaýynlaryna agalyk ederler.  Ýehowa seni agyry⁠-⁠ynjydan, gaýgy⁠-⁠aladadan, gulçulykdan azat eder+. Sen şol gün  Wawilon patyşasy hakda şeýle goşgy aýdarsyň: «Sütem eden hojaýynyň soňy geldi! Zulum⁠-⁠sütemi gutardy!+   Ýehowa erbetleriň taýagyny döwdi,Hökümdarlaryň hasasyny çym⁠-⁠pytrak etdi+.   Halklary gahar bilen urýany+,Milletleri rehimsiz yzarlap, boýun egdirýäni ýok etdi+.   Indi zemin asuda we parahatdyr, Halklar begenjinden ýaňa gygyrýar+.   Seniň agyr halyňy gören arça agaçlar,Liwanyň kedr agaçlary begenýär. Olar: „Ýykylan günüňden bäri,Hiç kim bizi çapmaga gelmeýär“ diýýärler.   Hatda ýer astyndaky mazar* hemSaňa gujak açyp garaşýar. Ol ölüm penjesine düşenleri,Ýeriň zalym serdarlaryny* seniň üçin oýarýar. Milletleriň patyşalaryny tagtlaryndan turuzýar. 10  Olaryň ählisi saňa şeýle diýýärler:„Senem biz ýaly ejizlediňmi? Biziň günümize düşdüňmi? 11  Seniň tekepbirligiň,Kirişli saz gurallaryň owazy mazara* indi+. Gurtlar düşegiň,Gurçuklar ýorganyň boldy“. 12  Parlak ýyldyz, säher çagynyň ogly,Sen gökden nädip ýere düşdüň? Milletleri ýesir eden pälwan,Sen nädip ýykyldyň?+ 13  Sen öz⁠-⁠özüňe: „Göge galaryn+, Tagtymy Allanyň ýyldyzlarynyň üstünde dikerin+.Demirgazygyň çet ýerlerinde,Ýygnak dagynyň depesinde oturaryn+. 14  Gat⁠-⁠gat bulutlardan ýokary galaryn,Men Allatagala* ýaly bolaryn“ diýdiň. 15  Diýeniň bolmaz, gaýtam sen mazara* inersiň,Çukuryň düýbüne düşersiň. 16  Seni görenler aňk⁠-⁠taňk bolarlar,Saňa syn edip, şeýle diýerler:„Ýeri sarsdyran,Patyşalyklary titreden şu adam dälmi?+ 17  Ilatly ýurdy çöle öwren,Galalary weýran eden+,Tussaglary azatlyga goýbermedik şu adam dälmi?“+ 18  Milletleriň patyşalary,Olaryň ählisi hormat bilenÖz mazarynda* jaýlandy. 19  Emma sen jaýlanmarsyň,Çüýrän* şaha meňzärsiň.Gylyçdan geçirilen adamlaryň,Daşly çukura zyňlan jesetleriň arasynda ýatarsyň.Aýak astynda galan maslyk kimin bolarsyň. 20  Sen patyşalar kimin jaýlanmarsyň,Sebäbi sen halkyňy gyrdyň,Ýurduňy ýer bilen ýegsan etdiň. Zalym nesliň ady hiç haçan ýatlanmaz. 21  Ogullarynyň başyny almaga taýýarlanyň,Sebäbi ata⁠-⁠babalary günä etdi.Şonda olar aýaga galyp, ýer ýüzüni eýelemez,Tutuş ýurdy galalardan doldurmaz». 22  «Men olara garşy çykaryn»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. «Wawilondan olaryň adyny, aman galanlaryny, neberelerini we nesillerini ýok ederin»+. Muny Ýehowa aýdýar. 23  «Men olaryň ýurduny oklukirpileriň sürenine we batgalyga öwrerin. Sübse bilen süpüren ýaly, olary tutuşlygyna gyraryn»+. Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar. 24  Serkerdebaşy Ýehowa ant içip, şeýle diýdi: «Näme niýet eden bolsam amala aşar,Nähili karara gelen bolsam ýerine ýeter. 25  Assiriýalyny öz ýurdumda öldürerin,Daglarymda depelärin+. Boýuntyrygyny halkymyň boýnundan,Agyr ýüküni halkymyň gerdeninden aýraryn»+. 26  Tutuş ýer ýüzüne çykarylan karar şudur,Milletlere garşy galdyrylan* gol şudur. 27  Serkerdebaşy Ýehowa karar çykardy.Kim kararyny üýtgedip biler?+ Ol goluny galdyrdy.Kim ýatyryp biler?+ 28  Ahaz patyşanyň aradan çykan+ ýyly Hudaýdan habar geldi: 29  «Eý Pilişt ýurdy!Siz taýak döwüldi diýip begenmäň. Sebäbi ýylandan+ zäherli ýylan dörär+,Neslinden aždarha peýda bolar. 30  Pukaranyň nowbahary garnyny doýrar,Garyp adam rahatlykda ýatar.Seniň halkyň açlykdan öler,Aman galan nesliň gyrlar+. 31  Eý derweze, zar⁠-⁠zar agla! Eý şäher, perýat et! Eý Pilişt ýurdy, sen howsala düşersiň,Sebäbi demirgazykdan tüsse kimin goşun gelýändir, Hiç bir esger nyzamyndan çykýan däldir». 32  Ýehowa Sionyň düýbüni tutdy+, Halkynyň ejizleri şäherde pena tapar.Olar muny milletleriň çaparlaryna habar bersinler.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: halkyna dynçlyk berer.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: tekelerini.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: jaýynda.
Sözme⁠-⁠söz: Ýigrenji.
Ýa⁠-⁠da: jeza berjek.