Işaýa 12:1—6

  • Minnetdarlyk aýdymy (1—6)

    • «Ýah Ýehowa güýjüm» (2)

12  Şol gün şeýle diýersiňiz: «Ýehowa, saňa minnetdar!Men gaharyňy getiren hem bolsam,Gazabyň köşeşdi, maňa göwünlik berdiň+.   Hudaý halasgärim!+ Oňa bil baglaryn, hiç zatdan gorkmaryn+.Ýah* Ýehowa güýjüm hem kuwwatym,Meniň halasgärim!»+   Siz gutulyş çeşmelerinden,Şatlyk bilen suw çekersiňiz+.   Şol gün şeýle diýersiňiz: «Ýehowa alkyş aýdyň, adyny çagyryň!Gudratly işlerini milletlere jar ediň+, Adynyň beýikdigini yglan ediň!+   Ýehowanyň şanyna aýdym aýdyň!+ Ol ajaýyp işleri etdi+. Goý, muny bütin ýer ýüzi bilsin!   Sion gyzy, şatlykdan ýaňa gygyr,Sebäbi Ysraýylyň Mukaddesi seniň beýik Allaňdyr!»

Çykgytlar

«Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.