Işaýa 10:1—34

  • Hudaý Ysraýyla jeza bermek üçin goluny galdyrýar (1—4)

  • Assiriýa — Hudaýyň gazaply hasasy (5—11)

  • Assiriýa jeza berilýär (12—19)

  • Ýakubyň aman galanlary yzyna dolanar (20—27)

  • Hudaý Assiriýany höküm eder (28—34)

10  Zalym düzgünleri ýola goýýanlaryň+,Birgiden agyr kanunlary çykarýanlaryň waý halyna!   Garybyň arzyny diňlemeýänleriň,Garamaýak halkyň hakyny iýýänleriň waý halyna!+Dul hatynlary talaýanlaryň,Ýetimleri olja alýanlaryň waý halyna!+   Siz hasabat bermeli günüňiz+,Uzakdan betbagtçylyk gelende näme edersiňiz?+ Kömek sorap kimiň ýanyna ylgarsyňyz?+Mal⁠-⁠mülküňizi* nirede gizlärsiňiz?   Tussaglaryň arasynda dyz epmekden,Jesetleriň arasynda ýatmakdan başga alajyňyz bolmaz. Emma Onuň gahary köşeşmedi,Jeza bermek üçin galdyran goluny ýatyrmady+.   «Serediň, assiriýaly+ gelýär!Ol meniň gazaply hasamdyr+,Temmi taýagym elindedir!   Men assiriýalyny imandan dänen milletiň+,Gaharymy getiren halkyň üstüne ibererin.Men oňa halky talamagy, köp olja almagy,Olary köçedäki palçyk kimin depelemegi buýraryn+.   Ol beýle etmek islemese⁠-⁠de,Ýüreginde başga niýeti bolsa⁠-⁠da, emrimi berjaý eder.Ol az halk bilen kanagatlanman,Köp halklary gyrmagyň küýüne düşer.   Ol şeýle diýýär:„Han⁠-⁠beglerimiň ählisi patyşa dälmi näme?+   Kalnon+ Karkemiş+ ýaly dälmi? Hamatyň+ Arpatdan+ näme tapawudy bar? Damask+ Samariýadan+ kemmi? 10  Men dereksiz butlara sežde edýän patyşalyklary basyp almadymmy?Olaryň oýma butlary Iýerusalim we Samariýanyňkydan has köpdi+. 11  Samariýa we dereksiz butlaryna näme eden bolsam,Iýerusalime⁠-⁠de, dereksiz butlaryna⁠-⁠da şeýle etmerinmi?“+ 12  Ýehowa Sion we Iýerusalim babatda niýetini amala aşyryp, soňra Assiriýa patyşasyna jeza berer. Sebäbi ol ulumsy, tekepbir we hondanbärsi boldy+. 13  Ol şeýle diýýär:„Men muny güýçli golum we paýhasym bilen ederin.Sebäbi men akyl⁠-⁠paýhasly. Halklaryň arasyndaky serhetleri aýraryn+,Hazynalaryny talaryn+.Men pälwan kimin halklary boýun egdirerin+. 14  Guşuň höwürtgesine elini sokan adam kimin,Men hem halklaryň baýlygyny talaryn.Taşlanan ýumurtgalar nähili ýygnalýan bolsa,Men hem bütin dünýäni şeýdip ele salaryn! Hiç kim ganat kakyp üstüme topulmaz,Agzyny açmaz, jürküldemez“». 15  Palta odun çapýan adama göwnüýetmezçilik edermi? Byçgy özüni agaç ussasyndan ýokary hasaplarmy? Taýak+ hem özüni tutýany ýokary galdyryp bilermi? Hasa özüni göterýäni göterip bilermi? 16  Hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,Onuň* pälwanlaryny güýçden gaçyrar+,Onuň şan⁠-⁠şöhratyny oda ýakar+. 17  Ysraýylyň Nury+ ot+,Mukaddes Hudaýy alaw bolar.Ot tutaşyp, haşal otlary, ýandaklary,Bir günüň içinde ýakyp kül eder. 18  Onuň gür tokaýy, gözel bag⁠-⁠bakjasy bir demde ýok ediler.Edil syrkaw adam kimin saralyp solar+. 19  Onuň gür tokaýynda sanlyja agaç galar,Hatda çaga⁠-⁠da olary barmak büküp sanar. 20  Şol gün Ysraýylyň aman galanlary,Ýakup öýüniň diri galanlary,Hüjüm eden halkdan pena gözlemez+.Olar Ýehowa daýanar,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýyna bil baglar. 21  Ýakubyň aman galanlary,Olaryň sanlyjasy Gudratly Hudaýa dolanarlar+. 22  Ysraýyl halky!Siz deňiz çägesi kimin köp bolsaňyz⁠-⁠da,Diňe sanlyja adam dolanar+. Halky ýok etmeli diýen perman çykdy+.Olary adalatly höküm sil kimin gark eder+. 23  Hawa, şu permany Älemiň Hökümdary,Serkerdebaşy Ýehowa çykardy,Çykarylan höküm tutuş ýurtda berjaý ediler+. 24  Şonuň üçin Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: «Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler ýaly seni taýaklan+, gamçylan assiriýalydan gorkma+. 25  Sebäbi biraz wagtdan çykarylan höküm doly tamamlanar. Şonda men gahar⁠-⁠gazap bilen assiriýalynyň başyna betbagtçylyk indererin+. 26  Serkerdebaşy Ýehowa Orep gaýasynda midýanlary ýeňşi ýaly+, oňa garşy gamçysyny galdyrar+. Ol deňze hasasyny uzadar, Müsürde edişi ýaly, hasasyny ýokary galdyrar+. 27  Şol gün assiriýalynyň agyr ýüki egniňizden,Boýuntyrygy boýnuňyzdan aýrylar+.Ýagdan* ýaňa boýuntyryk döwler»+. 28  Ol Aýýata+ hüjüm etdi,Migronyň üstünden geçdi,Mikmaşda+ ýüküni goýdy. 29  Olar derýanyň ýalpak ýerinden geçdiler,Gijesini Gebada+ geçirdiler.Rama sandyrady, Şawul şäheri Gibeýanyň+ ilaty gaçdy+. 30  Gallim gyzy, perýat edip agla! Laýşa, habardar bol! Görgüli Anatot!+ 31  Madmena ilaty gaçdy, Gebim halky pena gözledi. 32  Şol gün ol Nobda+ düşlär. Sion gyzynyň dagyna,Iýerusalim depesine ýumruk çenär. 33  Ine, hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,Uly goh bilen agaçlaryň şahalaryny+,Beýik agaçlary çapýar,Haýbatly agaçlary ýykýar. 34  Ol tokaýyň gyrymsy agaçlaryny palta bilen çapýar.Pälwanyň goly bilen Liwan agaçlaryny ýykýar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Şöhratyňyzy.
Ýagny assiriýalynyň.
Ysraýyl patyşalaryny bellemek üçin ulanylýan ýag ýa⁠-⁠da alaw ýakmak üçin ulanylýan ýag göz öňünde tutulýan bolmaly.