Eýýup 8:1—22

  • Bildat birinji gezek gepleýär (1—22)

    • Eýýubyň ogullary günäli diýýär (4)

    • Päk bolsaň, saňa nazar salnardy (6)

    • Eýýubyň hudaýsyzdygyny aýdýar (13)

8  Şuwaslardan+ Bildat+ söze başlady:  «Haçana çenli şeýdip gepläp oturjak?+ Agzyňdan çykýan sözler tüweleý ýaly.   Hudaý adalatsyzlyk edermi?Gudratygüýçli hakykaty ýoýarmy?   Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsa,Ýazyklaryna görä jeza alandyr.   Eger Gudratygüýçlüni agtarsaň+,Rehim etmegi üçin ýalbarsaň,   Päk, dogruçyl+ bolsaň,Saňa nazar salardy*,Hojalygyňy dikelderdi, abraýyňy artdyrardy.   Ýagdaýyň häzire çenli erbet bolsa⁠-⁠da,Indi görjegiň gowy bolardy+.   Öten nesillerden sorap gör,Ata⁠-⁠babalaryň toplan tejribesinden öwren+.   Biz düýn doguldyk, bilýän zadymyz ýok,Ömrümiz kölege kimin gysga. 10  Olar saňa öwretmezmi?Gören⁠-⁠eşidenlerini gürrüň bermezmi? 11  Batgasyz ýerde gargy bitermi? Suwsuz ýerde gamyş ösermi? 12  Ol entek ösmänkä, köki bilen sogrulmanka,Başga otlardan tiz guraýar. 13  Allany unudanlaryň soňy* şeýle bolar,Hudaýsyzlaryň* umydy üzüler. 14  Bil baglaýan zady boşdur,Möýüň kerebi kimin ejizdir. 15  Kerebe söýenen ýykylar,Ýapyşjak bolsa, ol üzüler. 16  Ol Gün şöhlesine pajarlap ösýän,Şahalary bagyň içine ýaýran agaç kimindir+. 17  Köki daşlara çyrmaşýar,Olaryň arasynda ýaşaýar. 18  Emma ony köki bilen sogursaň,Ýer oňa: „Seni tanamaýaryn“ diýer+. 19  Soňra ol ýitip gider+,Ýer astyndan başgalary gögerer. 20  Hudaý wepaly* adamy terk etmez,Zalymlary goldamaz. 21  Sen ýene⁠-⁠de hezil edip gülersiň,Ýüregiň* şatlykdan dolar. 22  Seni ýigrenýänler utanja galar,Ýamanlaryň çadyry zym⁠-⁠zyýat bolar».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Seniň üçin aýaga galardy.
Sözme⁠-⁠söz: ýollary.
Ýa⁠-⁠da: Imandan dänenleriň.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Sözme⁠-⁠söz: Dodaklaryň.