Eýýup 7:1—21

  • Eýýup sözüni dowam edýär (1—21)

    • Ýaşaýyş günlükçiniň güzerany ýaly (1, 2)

    • «Meni näme üçin nyşana aldyň?» (20)

7  Başy ölümli ynsanyň ömri agyr zähmet bilen geçýär,Onuň günleri günlükçiniň güzerany ýalydyr+.   Ol kölegäni küýseýän gul kimindir,Hakyna garaşýan günlükçi ýalydyr+.   Ençeme aý bäri ömrüm manysyz geçýär,Gijelerim sütem içinde ötýär+.   Düşegime geçenimde: „Haçan daň atar?“ diýýärin+, Gijesi bilen iki ýana urnup, daňymy atyrýaryn.   Tenim gurtlady, gara guma garyldym+,Endamym iriňli, kesmekli ýaralardan doldy+.   Günlerim dokmaçynyň daragyndan* çalt geçýär+,Umytsyz ötüp barýar+.   Ömrüm şemal kimin geçip barýar+,Ýagşylyga gözüm düşmeýär.   Meni görýän gözler indi görmez,Gözleriň meni gözlär, ýöne tapmaz+.   Buludyň dagap, ýitirim bolşy deý,Mazara* inen adam yzyna dolanmaz+. 10  Ol gaýdyp öýüne gelmez,Goňşy⁠-⁠golamy unudar+. 11  Indi men dymjak däl, Janym ýanýar, geplejek,Derdim agyr, içimi dökjek+. 12  Maňa sakçy goýar ýaly,Men deňizmi ýa läheň balykmy? 13  „Düşegime geçsem, teselli taparyn,Ýatsam, derdim ýeňlär“ diýenimde, 14  Meni düýşler bilen gorkuzýarsyň,Görnüşler* arkaly howsala salýarsyň. 15  Şonda asylyp ölesim gelýär,Şeýle ýaşanymdan ölenim gowy+. 16  Janymdan doýdum+, indi ýaşasym gelenok, Maňa degme, sebäbi ömrüm bir dem kimindir+. 17  Başy ölümli ynsan kimmişin, aladasyny eder ýaly,Oňa nazar salaryň ýaly?+ 18  Her säher ony synlaýarsyň,Her pursat ony synaýarsyň+. 19  Menden gözüňi sowjak dälmi?Tüýküligimi ýuwudara maý berjek dälmi?+ 20  Eý ynsan Gözegçisi+, günä etsem, saňa näme zyýany bar? Meni näme üçin nyşana aldyň? Saňa ýük boldummy? 21  Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap,Günämi geçmeýärsiň? Indi topraga öwrülerin+,Meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: mäkisinden.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.