Eýýup 6:1—30

  • Eýýup söze başlaýar (1—30)

    • Ol perýat etmegini dogry hasaplaýar (2—6)

    • Oňa haýynlyk eden dostlary (15—18)

    • «Dogry söz agyr degýän däldir!» (25)

6  Soňra Eýýup söze başlady:  «Meniň ähli derdim+ ölçensedi,Başyma inen betbagtçylyk terezide çekilsedi!   Derdim deňiz çägesinden agyr. Şonuň üçin men oýlanman gepleýärin+.   Gudratygüýçlüniň oklary içimden geçdi,Olaryň zäheri bedenime ýaýrady+.Hudaýyň urgusyndan ýaňa meni gorky gaplady.   Gök otuň içinde gulan+ aňňyrarmy?Iými öňünde duran öküz molarmy?   Ýuwan nahar duzsuz iýilermi?Mamamçörek gülüniň tagamy barmy?   Şeýle zatlara elimi degiresim gelmeýär, Olaryň bary ýüregimi bulaýar.   Wah, Alla dilegimi eşidip,Arzuwymy hasyl etsedi!   Wah, Hudaý janymy alsady,Elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!+ 10  Şonda kalbym aram tapardy.Ajy ölümi gujak açyp garşy alardym.Sebäbi Mukaddes Hudaýyň+ sözünden çykmadym. 11  Garaşara güýjüm ýok+, Ýaşara gelejegim ýok. 12  Men daş kimin berkmi? Ýa bedenim demirdenmi?* 13  Mal⁠-⁠mülkümden mahrum boldum,Indi nädip aýaga galaryn? 14  Dost⁠-⁠ýarlaryny söýmeýän* adam+Gudratygüýçlüden gorkmaz. 15  Doganlarym dönüklik etdi+, guran çeşme⁠-⁠çaý kimin,Tomusda gurap gidýän çeşmeler kimin boldular. 16  Buzlar eräp, olary bulançak edýär,Garlar olaryň içinde eräp gidýär. 17  Olar tomsuň jöwzasynda guraýar,Yssyda bugaryp gaýyp bolýar. 18  Olar ýollaryndan sowulýar,Çöle akyp, ýitip gidýär. 19  Olary teýmaly+ kerwenler gözleýär,Olara sabaly+ ýolagçylar garaşýar. 20  Olara umyt edenler utanja galýar,Çeşmä gelenleriň eden tamasy puja çykýar. 21  Siz meniň üçin guran çeşme bolup, tamamy ödemediňiz+.Derdimi görüp gorkduňyz+. 22  Men sizden zat soradymmy? Baýlygyňyzdan diledimmi? 23  Meni duşmanyň elinden halas ediň diýdimmi?Ýa sütem edýänlerden gutaryň diýdimmi? 24  Diňläýin+, eden işimi aýdyň.Ýalňyşyma düşünmäge kömek ediň. 25  Dogry söz agyr degýän däldir+, Ýöne siziň käýinjiňizden ne peýda?+ 26  Men bir biçäre+, aýdýan sözlerimi,Boş geplerimi ýazgarjak bolýarsyňyzmy? 27  Siz ýetim+ üçin bije atýarsyňyz,Dostuňyzy satýarsyňyz!+ 28  Indi maňa serediň,Ýüzüňize ýalan sözlärinmi? 29  Oýlanyp göräýiň, meni ýazgarmaň,Men entegem dogry ýoldan ýöreýärin. 30  Aýdýanlarym ýalňyşmy? Başyma düşen zady bilmeýärinmi?

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: misdenmi?
Ýa⁠-⁠da: Dost⁠-⁠ýaryna wepaly söýgüsini bildirmeýän.